Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:55
Asman yrandy...
Asman yrandy,
Asman yñrandy,
Ses etdi,
möññürip göz ýaşyn dökdi.
Derýalar çyrpyndy, hanadan çykdy,
Deñizler gaýnady, daşgyna ýetdi.

Diñläp,
baglar gamgyn başyn yrady,
Darka- darka jaýryk açdy daglaram,
Şemal howla girip,
iki ýana ýöredi,
Aýna aglap, syrykdyrdy çyglaryn.

Gözýetim,
sesýetim
ýaýrady dünýä,
Ýetdi,
Asman ýeriñ sepleşýän ýerine,
Ýetdi,
Dumanlan daglañ başyna,
Musanyñ Alla bilen gepleşýän ýerine.

Gozgandy biraz gobsundy zemin,
zeminiñ astyndan eşdildi bir ses
"Ene,
ene,
ene...
Göziñi ýaşlama ene indi bes,"
Bu sesi, enäñ ýüregi duýdy,
Şonda-da yralap boş hiññildigi,
Ene umyt bilen aýdýardy hüwdi...

Remezan Mämetgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 2.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 Мango • 22:57, 03.02.2023
Deñizler gaýnady, daşgyna ýetdi.
daşgyn - joşmak dälmi?
deňiziň daşgyny köpelip, azalyp biler, ýöne "daşgyna ýetmek" nähili bolýa?
hemem "gaýnamak". deňizem bir gaýnarmy - diýesim gelip dur.
===
Şemal howla girip,
iki ýana ýöredi,

şemal ýöremez.
ýörejek bolsa ondanam bir şemal bormy?
===
Aýna aglap, syrykdyrdy çyglaryn.
aýnanyň aglamagy gowy... ýöne, çygyny (çygLARYNY - näme üçin ...LARY?) syrykdyrmagy birhili...
çygjarma aglamaň öň ýany bolup biler, ýöne aglap başlansoň çygjarmadan nam-nyşan galmaýmasa...
===
Şonda-da yralap boş hiññildigi,
hiňňillik bilen sallançagyň näme tapawudy bar?
tapawudy barmy?
hany bir pikir edip gör...
avatar
0
2 Bagabat • 09:56, 04.02.2023
Remezan, gözlegleň gowy, yhlas edýäniň ondanam gowy.
Ýöne, şu ýazmak meselesinde bir zady aýdaýyn:
Bu zat ýaman bir ynjyk zat, şoň üçinem bir zady çynyň bilen ýazjak bolsaň ilki şony çynyň bilen özüňden, süňňüňden geçirmeseň bolanok.
Hasratmy?
Alla görkezmesin, ýüregiňe gan öýdürip görmeli, iň bolmanda öz-özüň içiňde. Ruslar: "сопережевание" diýýär-ä. Elbetde bu sözi, ahwalaty: "duýgudaşlyk" diýip terjime etseň bolýar, ýöne, bilemok, nämüçindigini maňa-ha bu terjime şol ahwalatyň mazmunyny, tagamyny dogry açmaýan ýaly.
Diýjek bolýanym, okaýany özüň bilen soperežewat etdirmekçi bolsaň, hut şo сопережевания-ny özüňde onlarça esse güýçlendirmek gerek bolýamyka diýýän.
Bu duýgam edil muskul ýaly. Onam üznüksiz türgenleşik bilen prokaçat edip bolýar.
Mugallymyma ilkinji hekaýalarymy görkezenimde (ýogsa şomat öz ýanymdan monça bolup: "ýazýan-ow" diýip ýörenime 3 ýyl dagy boluberipdi :-)), mollym okap ýylgyrdy-da, şeý diýdi: "Hindi kinolaryny kän görýäň öýdýän? Iň soňunda "hemmeleň ölýän" hekaýalaryny ýazmaga ýykgyn edýäň welin,".
Daşymdan syr bermesemem, içimden utanjyma ýer ýarylmady, men girmedim.
Onsoň öýe baryp, bar ýazanymy otladym-da birki hepde içimi hümledip gezdim. Soňam "hemmeleň ölmeýän" hekaýasyny ýazmagyň alajyny agtaryp ugradym.
Umuman, bujagaz "çalaşža" tejribe alyş-çalşygyna dogry düşünersiň diýip umyt edýän. Sebäbi öňde biri aýdypdyr-a:
-Iň peýdasyz alym kimdir?
-Bilýänini öwretmeýän.
Pst: Ýöne "mugallymsyramak" diýip hasap etmäweri. Umuman ýazmak babatda bilýänjämi aýdaýaýyn diýdim. Ýogsa "alahekegem bolsaň hekemiňi tana" diýlişi ýaly, menem başardygymdan öz "hekemimi" tanajak bolup, elmydama diýýän öz-özüme: "Men nire, goşgy nire" :-).
Olam başardýarmy, başartmaýarmy?
Allah billäh.
avatar
1
3 Kyyas • 12:35, 04.02.2023
Maslahatyñyza minnetdar!
avatar
1
4 Мango • 17:37, 04.02.2023
(Kyýas) Remezan. ýene-de öz ýüregiňi özüň diňlemelisiň, we kararam özüň bermelisiň.
@bagabat gürrüňinde bir wakadan soň "hemme ýazanlaryny" ýakanyny adýar... şony okap ýadyma düşdi: okuwçykam 4-5 klasmyka, garaz dereksizje goşgujyk ýazypdym. onam doganoglan deň-duş gyzjagaz okap gördü-de "kakama görkezeli" diýdi. görkezdik "öwmezmikä" diýen tamakinçilik bilen. olam öwmedi. gysgaça "goşgy setirleri kapiýalamak" däl diýen ýalyrak zat diýdi.... menem edil @bagabadyňky ýaly boldum, ýakmaga zadyma ýok, ýöne şondan soň goşgy ýazamok :-)
bu zatlar dogrumy-ýalňyş bilemok? ýöne her kesiň döredijilik bilen iş salyşmaga haky bar, hemem döredijilikli bolmalam....
näme diýjek bolanymam bilemok...
avatar
1
5 Bagabat • 17:49, 04.02.2023
Şu günler maňa terjimeçilik wirusy degip ýatyr.
Şoň üçinem bi "keselimden" "lezzet" alyp, @mangoň aýdanyny başaryşyma görä terjime edip bereýin. Türkmen dilinden türkmen diline :-).
(Elbetde Guglmyrat dossumyzyňky ýaly kämil bolar-a diýip aýdyp biljek däl.).

Aýdasyň gelýämi?
Aýtmaga göwnüňde zat barmy?
Aýt gizleme, soňa goýma, ruhdan düşme, özgeleri diňle, ýöne netijäni özüň çykar. Hiç kim näçe tejribeli, bilimli, akylly, zehinli, ýaşuly we ş.m. bolsa-da, ol seniň ömrüňem ýaşap bilmez, seň deregiňe seniň aýtjagyňam aýtmaz. Her kim saňa nähili golaý bolanda-da diňe öz ömrüni ýaşaýar. Şoň üçinem bellik ýa-da tankyt ruhdan düşüp, aýdasyň gelýän zady aýtmakdan ýüz döndermek üçin esas däl-de, kämilleşmek üçin badalga!
Ine öz aýdýanlaňňa aýdylýan islendik gowy-erbet-ortalyk zatlaram şu nukdaýnazaryň "eleginden" geçirseň, ýalňyşmarsyň.

Nätdi?
Dogry terjime etdimmi?

Özüm-ä şu terjimäni ikelläp goldaýan.
avatar
2
6 Мango • 18:31, 04.02.2023
gowy terjime :-)

has gysgaldyp gördüm:

Aýdasyň gelýämi?
Göwnüňde zat barmy aýtmaga?
Aýt gizleme, soňa goýma, ruhdan düşme,
özgeleri diňle, ýöne netijäni özüň çykar.
Hiç kim...
bilimlisi, akyllysy,
zehinlisi, ýaşulysy...
hiç kim
ýaşamaz seň ömrüňi,
seň deregiňe aýtmaz aýtjagyňy.
Her kim saňa nähili golaý bolanda-da
diňe öz ömrüni ýaşar.
Bellik, tankyt –aýdasyň gelýän zady aýtmakdan
ýüz döndermäge esas däl.
Eýsem ol – kämilleşmäge badalga!
Ine, aýdýanlaňňa aýdylýan islendik zady
şu nukdaýnazaryň "eleginden" geçir.
Ýalňyşmarsyň.
avatar
1
7 Kyyas • 20:26, 04.02.2023
Meni ruhlandyryjymy? Ýa düýbinden ýazma diýildikmi?
Umuman netijäni özüm bermelidä
avatar
1
8 Мango • 21:11, 04.02.2023
Hawa, netijäni özüň bermeli.
ýönekeýje edip aýdanyňda, kim näme diýse diýsin,
ýazasyň gelýän bolsa ÝAZ!
özüňe ynan, başarjagyňa ynan...
esasam, şol işi edesiň gelip-gelmezlikde.
avatar
1
9 Kyyas • 21:15, 04.02.2023
Minnetdar! Umuman siziñ teswirleriñiz, meniñ üçin gowy sapak
avatar
1
10 Medicall • 21:23, 04.02.2023
Kyýas, hiç kime ýazma diýmek bolmaýar, size @Bagabadam beýle manyda aýdan däldir, ýazybermeli, delje pikir tapsaň belläp goýdugyň bolar. Emma wagt geçip soň özüň okan wagtyň ýazan wagtyň beter gowy diýip pikir eden zatlaňy hem halaman bolýan eken. ýazmaly, ýetiresiň gelýänine ynansaň halka ýetirmeli. çigiräk görseň bir aý ýaly goýsaň, soň täzeden seredip görseň köp ýerini üýtgedip, ol ýazanyňdan has gowy çykýar, soň ýene wagt salyp seretseň ondanam gowsy bolar, pikiriň özgerip biler, ýöne ýazma diýmek bolmaýar.. Ýazmak adamyň öz erkine beýle bir bagly zadam däl..käte ýazaýyn diýip janyňy gynabam ýazyp bolanok, käte hiç zat ýazmaryn diýibem has joşup bilýär adam..
avatar
1
11 Kyyas • 21:37, 04.02.2023
käte ýazaýyn diýip janyňy gynabam ýazyp bolanok, käte hiç zat ýazmaryn diýibem has joşgup bilýär adam..

Gowy bellik. Minnetdar
avatar
1
12 Bagabat • 08:12, 06.02.2023
Weh, teswirim goşga öwrüläýipdir!
Bi ewrenligi çewreniňize minnetdar :-)!
Indi ikimiz awtordaş bolýas :-).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203