Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:04
Garañky gije, şadyýan gije...
Tok kesildi,
wi fi ýitdi,
internedem tutanok,
Tüm garañky.
Otlyçöp gözledim, jübim dörjeläp,
Şem ýakyldy.
Begendikde, tegelendik daşyna,
Gysmyljyrap geldi-de meniñ ýanyma.
Körpejäm!...
Çaga bolsañ garañkydan gorkulýar,
Men bilýýärin,
Şol sebäpden ýanymda, gujagyma dolup,
Gorkusyn gizläp,
Gülýär,
Jykyrdap gülýär.
Dagy näme?
(Ata hemmeden güýçli,
supermen hasaplaýan çagada)
Ünslerin sowsun diýip,
Gülkinçli,
Gorkunçly,
Erteki aýdyp berdim...
Gyzykly waka barada...
Ýene-de kän zat hakda,
Hat-da
Gyzyklanyp başlandy,
Nädip duşanmyz (aýyp bolsa-da)
Ejesine goşgy düzenim hakda...
Geçirdik gijämiz,
Unudyp gamy,
Güldürdim ýürekden, güldüm ýürekden.
Uklaýança, (atyrjaklar dañymy...)
Aýdyp berdim, toslama, hekaýa bilýän ertekim...
...Wah, körpeje,
Körpe hemişe-de körpe-dä,
Ukyda-da, samyrdaýar çagajyk.
"Tok öçsedi...
Tok öçäýsin erte-de!"...

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 10:33, 09.05.2023
reklama edeýinle :-)

Daşarda gyş.
Tok öçdi.
Adam ata spiçkasyny ýakyp bir ýerlerden kädi çigidini tapdy...

dowamy şu salgyda: https://edebiyat.clan.su/news/biderek_erteki/2022-11-23-34
avatar
0
2 Мango • 10:40, 09.05.2023
Tok kesildi,
wi fi ýitdi,
internedem tutanok...

toksuz internediň tutmajagy belli ahyryn.
internetiň tutmaýanlygyny aýtmak gerekmi.
bolmanda:

Tok kesildi,
wi fi ýok,
internet ýok...

-ýalyrak diýmelidir?

***

Uky wagtam, samyrdaýar çagajyk.

"uky wagty" diýilýämi?
belki: "ukuda-da..."
avatar
0
3 Kyyas • 11:25, 09.05.2023
Tok öçse, wi fi ýitjegi anyk, emma telefonyñ interneti tutanok( mümkin meniñki nä dogrydyr).

Ukyda-da erbet ikir däl :))
avatar
0
4 Kyyas • 14:22, 25.01.2024
.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202