Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:31
Men gaýgy...

MEN GAÝGY


Men gaýgy,
Meni gören gynanýar,
Edeni bolmaýanlardan.
Men telbe,
Edenin bilmeýänlerden.
Adam ýaly,
Emma adam däl.
Ruhum eýýäm taşlap gidipdir.
Ýitipdir.
Unudupdyr tenimi.
Belki azaşan bolmagam ahmal.
Ýaşap ýörendir ol başga birinde,
Ýa menden öýkelän borly.
Aý, ýöne menden...
Ruhum telbe,
Ruhum gaýgy,
Bedensiz.
...A siz?

Remezan Mämetgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 3.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
2
1 Мango • 10:58, 24.02.2023
"gaýgy"-ny "gaýçy" diýip okapdyryn...
"g"-nyň guýrugy "ç"-nyň guýrugy bolup görünipdir?
tas, gaýçy bu goşguda nämäň simwoly bolýa - diýip ýazypdym. masgara boljak ekenim. :-)

Remezan kaka käbir bellikler.
goşgyň manysy däl-de sözlemleri barada.
"artykmaçlyklar" barada...

"Edeni ugruna bolmaýanlardan" bilen
"Edenin bilmeýänlerden" diýýän ýeriňde "ugruna"-ny ugratsaň näderdi? ýagny:
Edeni bolmaýanlardan.
Edenin bilmeýänlerden.

---
Adam ýaly,
Emma welin adam däl.
Ruhum bolsa eýýäm taşlap gidipdir.
Ýitipdir.

"welin", "bolsa" - birhili artykmaç sözlemler ýaly.
"Adam ýaly, emma welin adam däl" diýeniňden "Adam ýaly, emma adam däl" diýeniň ykjam eşdilýän ýaly.
"Ruhum bolsa"-da hem şolar ýaly.
"Ruhum bolsa eýýäm taşlap gidipdir" we "Ruhum eýýäm taşlap gidipdir".

bu bir pikir.
ylalaşman bilersiň.
avatar
1
2 Kyyas • 11:43, 24.02.2023
Minnetdar! Goýup barlap görerin
avatar
1
3 Kyyas • 12:12, 24.02.2023
Dogurdanam. Sagbol minnetdar
avatar
0
4 Kyyas • 14:11, 24.02.2023
El. Poçtañy bn habarlaşyp bolmazmyka.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203