23:12 Garyşyk pikirlerim | |
Terk etmediñ iblis jansyz tenimi! Rowa gördüñ gelenimde bu dünýä. Gursagyma goýagada elimi, Özüñe tagzym etjek bolduñ! Ýa... Belki, meni pikirlerim jypdyryp, Fantaziýa bilen dörän hyýalym. Adatdan daşary göze görünmä Ynandyrşy ýaly "Sygan aýalyñ"!... Ýalyn bolan, tüsse çykan tütärlik, Şamanyñ oduna aýlajakmydyñ! Men şermende tutunaýyn tutaryk, Hiläñ kändir ýene aldajakmysyñ! -Ah, sen Melgun! Wah, al kakmyş ýoldaşym! Erkime erk etdiñ! Elimden alyp! Sowgat etdiñ jähennemiñ ataşyn, Gamçyña çawlandym bu dünýä gelip. ...Bedenimde dürre bilen ýenjilen, Hoşlaşynçan bile çekersin ahym. Böwrüme dürtülip, şirkli ünjiler, Yñdarýar ynamym, Bagyşla Ruhum!... Söweşýän gereksiz pikirlem bilen, Ynha birden ýuwaşja açyldy işik. Jyklap, gülüp geldi körpeje oglum, Meñ göwnüme ýylgyrdyda üýtgeşik, "Beter betow, kaka seniñ depderiñ, Äbersene! Men oýnyny oýnajak" Elimden aldyla ýiti ökdelik, Tilpuny... Ýeserje şeýtan owlajyk... Ýeri indi sögjekmidiñ, söýjekmi? Bu- Şeýtanyñ oýnymy , ýa alymy? Gursagyma heý bir ynsap damjakmy? Telbe etdi Alla diýen añymy... ...(Ah, biçäre onuñ näme günäsi) Ejemem günäläp, dogulanyma. -dogulman geçeniñ ynha men ene! Ak süýt berip, mähir beren ogluña... Eý, Allam men näme diýärin şimdi? Nebsimi pul bilen örkleden aklym. Meni samsam edip goýan şeýtandy, Doglamda günäsiz çagadym, akdym... © REMEZAN MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |