Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:23
Ataş men, ýanmadyk...

MEN ATAŞ ÝANYP BILMEDIK

Ataş men, ýanmadyk.
Derýa men, akmadyk.
Ýel men, ösmedik.
Bark urmadyk gül men,
Dymmaga mejbur,
Pelteklän dil men.
Öz işine nonnak bolan ussa men.
Gussa men.
Kölegäniñ kölegesi bolmadyk.
Daglara-da görüpligi tutmadyk.
Ýetim men ýetim bolup görmedik.
San men,
onuñ biri aýyrlan,
Öz-özüme mynasyp däl,
Ynsan men.

© Remezan MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 2.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 22:35, 04.08.2023
Pessimizme batyrylypdyr goşgy.

Ataş men, ýanmadyk. (geň. ýanmadyk ataş nähili halda bolýaka?)
Derýa men, akmadyk. (akmasa köl bolar)
Ýel men, ösmedik.
Bark urmadyk gül men, (gibrid güller bar. özi bägül, ýöne ysy ýok… öýde-de bar şolardan. bet gülleýär… ýöne yssyz)
Dymmaga mejbur,
Pelteklän dil men.
(gowy kakdyrmaşak. haladym)
Öz işine nonnak bolan ussa men. (nonnok näme?)
avatar
0
2 Kyyas • 22:42, 04.08.2023
Nonnak- elinden iş gelmeýän, icş çykmaýan
avatar

Старая форма входа
Total users: 203