Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:42
Ukusyzlyk

Gijäñ ýary,
Ukym uklap ýatyr,
Oýarmaga dözemok.
Meniñ bolsa gözüme çiş kakylan,
Biraz gezim etdim.
Arassa howany bir çilimlik zäherledim,
özümem,
Hyýala çümdümde,
Öz bolşuma durmuşumy düzetdim.

Okuw okamakdan şu wagta çenli,
Bezäp biljek durmuşymyñ bagtyny,
Söýen gyzlarymy ýadyma salyp,
Geçirdim ukusyz gijäñ wagtyny.

Belki-de düýpgöter üýtgäýermidi?
Durmuş guran bolsam ilkinjim bilen.
Ýa ikinjim bilen,
Ýa meni söýmedik, özün söýdüren,
Üçinjim bilen!?

Häzirki bolşumdan bormudym bagtly?
(Şu wagtky bolşuma müñ birde şükür).
Myssaryp duran gelnime derek,
Haýbatly,
Boýnuma atlaýyn münjek gaharjañ gelin,
(Toba kellämde her hili pikir)...

...ukydan oýandy, säher guşlary,
Meniñ bolsa ukym mürgüläp ýatyr.
Kelle doñdy, gyrawlanan gyş ýaly,
Gelinimden başga müñ dürli setir...

© Remezan Mämetgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Medicall • 20:58, 23.05.2023
Baýbuuu, muny geliniñiz okaýsa..gaýdyp gije oýanmaz ýaly eder sizi D))

Özem "birinji, ikinji, üçinji.." sanap "sõýüp" ýörşüñiz rekord goýaýsam diýýän ýaly:) Nazym Hikmet bol-a diýdirdiñiz))
avatar
0
2 Kyyas • 21:03, 23.05.2023
He-he-he men gelnimden gizlämok, özem bilýärä.
Teswir üçin minnetdar!
avatar
1
3 Medicall • 21:07, 23.05.2023
onda siziñ gelniñiz rekord goýupdyr, ýogsa biz zenanlar barymyz dagy hiç zat bilmäkäk "ba bolamasyn öñ," diýibem yrsarabam bilýändiris)
avatar
0
4 Kyyas • 21:42, 23.05.2023
Men boýun, yrsaranyna garaşdyrman aýtdym. (Depäme täç etjek seni diýip, boýun etdi öýtýän)
avatar
0
5 Мango • 12:50, 25.05.2023
Gijäñ ýary,
Ukym uklap ýatyr,
Oýarmaga dözemok…

Absurdlyja-ha başlapsyň…
Başy gyzykly bolupdyr…
avatar
0
6 Pero • 13:40, 25.05.2023
Adam nämä ýetip bilmese,nämäni gazanyp bilmese,ṣol zadam oñ ün "bal" bolaýýa-da gynansak-da.
avatar
0
7 Melike • 18:01, 11.02.2024
Hezil edip gúldim
avatar

Старая форма входа
Total users: 202