Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:00
Özümden azaşyp uzak bir ýerde...
Özümden azaşyp uzak bir ýerde,
Wagtyñ aýak sekmedik, ýyllarynda men.
Dagdan daş tapamok, çöldenem çäge,
Zöhrä çekilmedik ýollarynda men.

Ýyldyz ýere gaçsa sypaýar başym,
Ýeken, gamyş ýaly yranyp ýörşüm,
Kemşeren çagajyk aglanda,
Bolşum,
Ýaşyñ gözbaş alan köllerinde men.

Iki gaşyñ arasyn ýyldyrym çakýar
Ýüzümde galmandyr ýylgyryp bakma,
Ol ýylgyrşy ýitiripdim bir çaklar,
Umytda henizem, gözleginde men.

Aperin, aperin!
ker bilen körüñ,
Düşünişip baryşlaryn bir görüñ!
Meniñ bolsa ruhum bilen heýkelim,
Bir birine mynasyp dällerinden men.

Özüme duş geldim atdym zibile,
Ýene birin doñsyn diýip, Sibire,
Okladym.
men, özümi gutarma nire?
Ädime çolaşýan kän-lerinden men.

Enem ýüzärlikli ikiýan baka,
Tütedip diýýär:
-özüñi okat,
Gelnimiñ garaýşam, soñy köp nokat,
Täzeje bäbejik ýanlarynda men.

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 71 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Мango • 23:01, 17.12.2023
bu ne hal, bu ne ahwal diýämeli goşgy.
"Täzeje bäbejik"-li ýerini aňlamaýandan boldum.
osoňam... täze bäbek diýilse bolýandyram welin... täze bäbek, köne bäbek.... bilhili bolmaýandanam ýaly.

täze bäbek köneldigiçe oglan bäbege öwrülýär...
soň has könelip bäbeklikden çykýar...
avatar
0
2 Kyyas • 07:29, 18.12.2023
Bäbegiñ könesä ýok ýaly, emma çagalaryñ plan genjem täze bäbek getirdi, ýa täze bäbek getirjek diýdi diýen sözlerä bar
avatar
1
3 Mekan2 • 11:00, 18.12.2023
Remezanyň ö-ööňki goşgularyna seretseň, bu has gowy.
gözümiziň alynynda kämilleşip barýa.
törpüläber bakaly özüňi.
avatar
0
4 Kyyas • 11:53, 18.12.2023
Aý, beýle däldir. Öwen ogul öñiñi hapalar. Diýileni bolmasyn.

Minnetdar! (Öwgi gulagada ýakymly eşdilýär).

Kämmilleşýän bolsam, siziñ (umumy ähliñiziñ) kömegiñiz bardygy
avatar

Старая форма входа
Total users: 202