14:56 Aýallar türmesi | |
AÝALLAR TÜRMESI Ýok, bu ýere gelmedim öz meýlime, gelmedim men keýpine, Ýazmagam islämok bular barada. Aýallar türmesi, wagşylyk bile Parala sen, Jiger-bagrym parala. Bagtym parala. Parala sen, tikenekli simleriň Paralaýşy ýaly näzik şemaly. Synyşyn synlaýyn näzeninleriň Hem synlaýyn erkekpisint jenany. Aýagy jalbarly, Egni güpbüli Ene, sen eýlediň niçik jenaýat? Aýallar türmesi—ykjam goralýar, Siz arkaýyn ýatyberiň jemagat! Daýza, günäň näme? «Alyp—satarmyň?» Bu käriňi «kitler» alga alanok. Kooperator satýar howpsuz-hatarsyz, Harby gämi, wertolýot hem samolýot. Maýda bolýaň, oturmasaň bolanok! Aýallar türmesi—görer ýalymy, Gursakda ahmyrdyr gazap dyňzaýar. Olar— Otuzynjy ýyllar aýal roluny Oýnap gezen erkeklere meňzeýär. Ýaş gelinler gijelerne düýş görýär, (Düýşler üçin serhet ýok borly düýpden). Olar söýüşýärler gijeler, ýöne Ýok, göwreli bolup bolmaýar düýşden. Suw içip göwreli bolup bolmaýar, Durmuş erteki däl, Durmuş hyýal däl. Aýallar türmesi bolsa-da ady, Munda oturanlar asla aýal däl! Aýagynda ädik, erninde çilim, Ýüzüni penjeläp gezýär howluda. Ony duşuşyga çagyrýar—ölüm, Aýdyň ahyr, nädip görnüp bilsin ol Agşam duşuşyga geljek ogluna?! Olar hesret çekýär, Olar aglaýar, Olar bilýär bu dünýäniň dardygyn. Ynsanperwer diýar nämä aňmaýar Ýüreginde şeýle türmäň bardygyn?! Tussag edilmeýär günäsiz kişi, Oturandyr, diýmek bardyr etmişi. Bardyr oturanlaň günäsi, ýöne Enesinden aýry düşen çagalaň Günäsi näme?!Ýüz ýyl mundan ozal ynanarmydy Şu şygrymy okap bersem türkmene! Biz size erkinlik berdik ahyry, Size azat söýgi berdik ahyry, A siz bolsa otyrsyňyz türmede! Ýok, bu ýere gelmedim men meýlime, Gelmedim men keýpine. Ýazmagam islämok bular barada Aýallar türmesi, wagşylyk bile Parala sen, Jiger-bagrym parala! Nobatguly REJEBOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |