23:32 Gözellik gar bolup örtdi dünýäni... | |
GYŞ Patrak ýaly gar, Erik gülden tänen ýaprak ýaly gar, Ejap eýläp, başyň aýlap, Ýylan deý ýalaňaç baglara gonýar. Gözýetim golaýda şowaňky ýaly, El ýeterli çaňap duran asmana, Gözellik gar bolup örtdi dünýäni, Hatda dözer ýaly däldi basmaga. Küregenläp, boraganlap ýagýar gar, Hut eşdilýär onuň ýagýan owazy. Gyş ak köpük edip, köpürjikledip Bahar üçin ýuwýar agras howany. ASMAN MENIŇ SAÝAWANYM Gar ýagýar, agarýar dünýäniň reňki, Asman saýawanym ygally günler. Ýagyş-garda maňa busma gerek däl, Goý, ýagsyn üstüme ap-ak gar güller, Çünki gar meňki, Trolleýbus meňki, awtobus meňki, Gar geýinen şäher meňki durşuna, Men gözümiň röwşenini siňdirýän, Oňa buýsanç bile garap barşyma. Hol ýykylan çagajygy diňdirýän, Soň boýna mindirýän, keýp edýä ýaňky, Onuň menden sähelçejik beýgelen Beýikligi meňki hem keýpi meňki! Duralgada duran şol gyz meňki däl, Meňki bolmanda nä ýaňagy meňli Lak atýaryn, ol mylaýym ýylgyrýa, Diýmek, gül ýüzdäki ýylgyryş meňki! Gar ýagýar, gyzarýar gözelleň meňzi, Özgerýär ak zemin, Dünýä öňki däl. Bu gün bu dünýäde ähli zat meňki, Diňe, diňe, diňe özüm meňki däl!.. * * * Meni ýalňyz goýup gitdiň sen, serwim, Kime goýup gitdiň? Gussamy? Gama? Kalbyma joş urup sygmadyk söýgim, Gussa öwrülende çekdirmi maňa. Sen gitdiň dabanyň tagmasyn basyp, Ak gara däl, ak gar ýaly ykrarňa. Sen gitdiň, gitdiň sen aýak yzlaryň Basa-basa meniň sowan ykbalma. Syraýar, boraýar, küreýär ak gar, Gar zemine däl-de kalbyma ýagýar. Asman bolsa çap-çal saçly derwüş dek, Söýgimiň üstüne kepenin ýazýar. Nobatguly REJEPOW. Çeşme:biznes reklama | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |