Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:19
Ýaşa
ÝAŞA

Baýlygyň bil älem içre barlygyň,
Ýakyn-ýadyň bile il bolup ýaşa!
Darykdym men bilip dünýäň darlygyn,
Dünýede dünýe deý giň bolup ýaşa!

Başyn nä gowgaýa salyp pelegiň,
Ýaşan mert türkmendir seniň pederiň.
Eyer — tagtyň, döwletiňdir bedewiň,
Oguz handan gaýdan ýol bolup ýaşa!

Gurt oglusyň! — Azmy, duşmany gurduň?
Borjuň näme? — Ony ynsabyň buýrsun!
Eýesi sen tozap ýatan şu ýurduň,
Deňiz, derýa bolup, köl bolup ýaşa!

Haýsy Alla bilsin haýsy asyrdan,
Daş ýaryp, kök urup gaýdan asyllaň.
Seniň aslyň aňyrdandyr aňyrdan,
Eýýamda eýýama sal bolup ýaşa!

Kä düzlere düşdük, käte derbende,
Kä ýük düşer, käte kement gerdenňe.
Ejizleme, duşmanyňa per berme,
Köpelip, köçelip, köl bolup ýaşa!

Çopan dälsiň, dälsiň asla padadan,
Mertden mertsiň, danasyň sen danadan.
Bihal bolan däldir ata-babalaň,
Sen halsyz zamana hal bolup ýaşa!

Oda atsalar çykgyn mele nan bolup,
Suwa atsalar çykgyn Kesterhan* bolup,
Ýygna il-ulsuňy desterhan bolup,
Daşdan garyp, içden han bolup ýaşa!

*Gadymy mifde Kesterhan atly bir garyby suwa gark edýärler, ol ençe ýyldan soň suw şasynyň täjini alyp çykýar.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Nobatguly Rejepow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 19:41, 17.02.2023
Oda atsalar çakgyn çykgyn mele nan bolup.
Harp ýalňyş düzedileni sebäpli bu teswir öçürilse-de boljak.
Ýogsa pozup nokat goýaýmasam.
avatar
1
2 Мango • 19:43, 17.02.2023
Haýsy alla bilsin haýsy asyrdan
Daş ýaryp, kök urup gaýdan asyllaň.

Haýsy diýende köp bolýamy Alla?
avatar
1
3 Мango • 19:53, 17.02.2023
Surat barada.
Şu iki kelleli bürgüdi taryhda gaty kän döwletlerde simwol hökmünde ulanypdyrlar. Seljuklarda bardygyny bilýän welin, Oguz hanam ulandymyka?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203