Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:18
Bagtyñ syry näme?
Bagtyñ syryn gözläp,
Umydym geýinip ak ýüpek donun,
Ýelbegeý atynyp sorag belgisin,
Öñümden akly ýeten oglanjyga men
-Sowalymy berdim, bilseñ bilmeseñ,
"Bagtyñ syry" näme?
Jogabyny berdi üm bilen,
Egnini gysyp ýylgyrdy çaga.

Göz ýaşa baglanan hanasyn owkap,
Kir elini ýuwup otyr bir ýetim,
Ondan bagt hakda söz açsam diýdi,
Bir gezek ejemi görsem Şol ýetik.

Aşyk-magşuk barýar galkyndy sussum,
Göterildi begenjime uçjakdym.
Berdim soragymy,
şadyýan jogap:
"Durmuş gursak Bagtdan öñe geçjek biz"

Serimde öz tapan soragym üçin ,
Her edip hesibin çykarjak welin,
Akylym çatanok, ýetenok biçim...
Ynha bir görsem hamyla gelin!?
Şol sorag?
Bagtyn syry nämedir?
Ýaşmagyny dişledi, ýylgyrdy çala,
-Sag-salamat bilen garaşýan çaga...

Käýinjiräp barýar söýgüden ýaña,
Arkasyna hopba atan agtygyn,
Soragyma gysgaça berildi jogap,
-Şulara gurban men, ah oglum, oglum,
Bagty başga ýerden tapman agtaryp...

Men anyk jogabyn bilebilmedim,
Ýöne şu soragym her bir adama.
Öz pikiriñizçe jogabyn beriñ,
Hany, aýdyñ!
Bagtyñ syry nämede?

© Remezan Mämetgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
1
1 Medicall • 19:40, 18.07.2023
Ýañy dil biten çagadan bagtyñ nämedigini soramak bolmaýandan ýaly boluberipdir, ýañy dil biten çaga birden öñünden çykaga:
- bagt näme, bilseñ bilmeseñ jogap ber! diyip uly adamdan sorayan ýaly sorasañ-a gorkujyndan derrew kemşerip aglamak bilen bolar ol. (çaga bilmez bagtyñ nämedigini, çaga üçin iñ uly bagty onuñ hossarlarydyr, on iki süññüniñ sagdyn berilmegidir aslynda, ýöne çagadan soralýan çeni ony bilerden irräk soralypdyr bu ýerde)
avatar
0
2 Medicall • 19:48, 18.07.2023
Umydym geýinip ak ýüpek donun, ýelbegey atynyp diýen setirde näme diyilmekçi bolany sorag döredip dur özüne. Ak umyt bilen soraga gidiljegi düşünikli bolsa-da, sözleri tygşytly ulanulsa ýerlikli boljak ýaly...Umuman birinji bendiñ üstünde gowy işlemeli. @ Kyýas, size bir zat ýatladaýyn, goşgyny bu ýere goýañyzsoñam üstünde işläp, islän wagtyñyz "bejerip" bilersiñiz.

Dördünji bent boluberipdir, bäşinji bentde söýgüden "gargynjyrap" sõzi gowy däl, ata söýgiden käýinjirän bolup biler, gargynjyramak başga mana gidýär dälmi?

Ikinji bentde-de pikir dogry-da sözler ýerbe ýer däl. Birem goşguda söz tygşytlylygy berjaý edilse ýerine düşerdi...
avatar
0
3 Kyyas • 20:23, 18.07.2023
Minnetdar! Meniñ söz baýlygym ýetik dàlliginden. Gargynjyrap -Käýinjirap ynha tapmadyk sözüm minnetdar! Ýene üstünde işlenmeli ýerini aýdanyñyza minnetdar! Dil biten çaga garaz men köçe- de oýun bilen gümra bolýan çagalary gözöñüme getirdim
avatar
0
4 Medicall • 20:32, 18.07.2023
Onda dil biten çagadan soraman aşyk oýnaýan oglanjyklara beraýmeli ekeniñiz ol sowaly
avatar
0
5 Kyyas • 20:39, 18.07.2023
Düzediş girizdim, bellikleriñizi görkezseñiz
avatar
0
6 Мango • 01:47, 19.07.2023
Magtymgulydan ajaýyp resept:
"Men istär men Senden Seni, Yrak eýle menden meni..."

Ony isläniňden soň, Ol seniňki bolansoň - ähli zat seniňki bolýandygyna düşünipdir Magtymguly.
isläniňe görä ownuk-uşak islemän, Ula ýapyşmaly.
bagt şol öýdýän...
avatar
2
7 Seýran • 09:11, 19.07.2023
Bolmalysy şu, emma uly zat islemek üçin ondanam ullakan ýürek gerek.
avatar
1
8 Seýran • 09:14, 19.07.2023
Bu zeýilli şygyrlar heniz hem ýazylýarmy? Tema gytçylygy ýokdur gardaş, Remezan. Hökman bagt, söýgi, aýralyk we ş.m.ler däldir goşgy. Mysal üçin agsak kelle, nurana agaç, çyzym-çyzym şäher, 'ýaşyl bela'
avatar
0
9 Kyyas • 13:39, 19.07.2023
Ok. Minnetdar! Gowy maslahat mende o diýen bilimim, zehinim ýetenok. Şoñ üçinden bolup biler
avatar
0
10 aygull • 16:01, 19.07.2023
Bagt özüňde.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202