16:57 Kalbymda bir zatlar alowlap ýanýar... | |
Kalbymda bir zatlar alowlap ýanýar, Pikirlerim ýüklenip dur durşuna. Ukudan galan alasarmyk men, Bilemok tagamy, süýji turşy nä? Ýüwrük aýaklarym agsaklap alýan, Zähmet çekip çykýar gussam der bilen. Şükür bu günümem bihasap geçmän, Nyrhy hasaplandy mysgal zer bilen. Artykmaç ýüküm bar, duýamok hergiz, Bükülemok, ýa paýlamok ýükümi. Kömek sorana-ha ýüz öwüremok, Bähbit üçin uzadamok ýüpümi. Ýalñyşsamda ökünmegi unutdym, Utanja galmadym ýa-da gargyşa. Nesibäme düşen rysgal çöregim, Artykmajyn paýladym men her kişä. Säwliklerim mysal bolup her kime, Ýaşap ýörün umutlarmyñ tersine... © Remezan Mämetgurbanow. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |