Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:32
"Men ýeri küýsedim"

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

"MEN ÝERI KÜÝSEDIM"

Ýer serhoş bolupdyr, başym aýlaýar.
Men ony öýkeletdim.
Kometa deñimden geçende,
Guýrugyna ýapyşyp, ýerden uçup gaýytdym.
Şonda-da yzymdan garap galdy,
Hamsykdy,
Soñam "ýoluñ açyk bolsun!" diýip,
Ellerin galgadyp galdy.
Piñime däl, hezil edip uçup barýan
Ýyldyzlaryñ deñinden,
Hoşum tutup, gygyrýaryn Rokerleriñ heñinde.
Ýyldyraşýan ýyldyzlaryñ kirişine kakýan
Begenýän çünki,
Älemiñ çür başyndan bakýaryn.
Günem kiçelip ýitdi gözümden,
Indi ýeri asla görüp bilemok,
Men ýeri küýsedim,
Haýp,
Uzakda galdy,
Men bolsa yzyma baryp bilemok.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 323 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Remezan Mämetgurbanow, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 2.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
1
1 garagar • 21:46, 25.02.2024
Marsda ýeke galany ýatlatdy.

6/10
avatar
0
2 Küle • 22:19, 25.02.2024
1/10
avatar
0
3 Hyýalbent • 22:59, 25.02.2024
2/10
Awtora üstünlik
avatar
1
4 aygull • 23:37, 25.02.2024
Şotaýda galyber. Öñ bilmeli-dä.
Men-ä wizamy düzetdirdim uzakmöhletleýin. Gidip-gelip ýörün, hudaýa şükür. Çagalaryñ bolsa kynrak, ýerde köp gezmeli bolýañ. Ýogsa señki ýaly edip bilseñ hezil-le...
10/10.
avatar
0
5 derwushhana • 00:09, 26.02.2024
4/10
avatar
0
6 Мango • 02:14, 26.02.2024
1/10
avatar
0
7 Pero • 08:38, 26.02.2024
Bi goşgy lap aýdyjylaryñ hekaylaryny ýada saldy.
Duýgy yok,duýgy ýok,uf duýgy ýok...
2/10
avatar
0
8 sussupessimist • 16:09, 26.02.2024
3/10
avatar
0
9 Mekan2 • 17:45, 26.02.2024
6/10
avatar
0
10 Seýrаn • 22:56, 26.02.2024
Şeýle goşgulary-da tasa getirip ýazyp bolýar.
5/10
avatar
0
11 Gerceknazar96 • 18:11, 27.02.2024
Goşgy turuwbaşdan täsir galdyrdy "Ýer serhoş bolupdyr ,başym aýlanýar"diýen setiri bilen . Beh başlanşa göwnejaý yzy nähilikä diýip umytlandym. Dowamy göwnüme ýaramady. 4/10. Awtora ähli gowulyklary arzuw edip has gözel goşgylar ýazjagyna ynanýan.
avatar
0
12 Rowaç • 14:48, 28.02.2024
Beýleki ýazylanlar bilen deňeşdireniňde ýaman däl, ýöne känbir gowam däl. Ortagürp. Şonuň üçrip 5/10.
avatar
0
13 Lacrymosa • 11:03, 29.02.2024
Işte bu, işte bu, işte bu — 10 numara, 10 ýyldyz!!!
Näääili gow-a....Uzaýa gitseň, we orajykda galsaň....
arman......ol-a bir ýyldyzyň guuuurugyndan tutup, kosmosa barmak we o ýerde galmak eken, ölüp o dünýä barsa-da, meň ýaly garamaňlaý hindi gyzyna, hatdaaaa şol ýerde-de ,,Propiskaň ýok, migrasiýadan rugsat hat getir’’ diýiler.
avatar
1
14 Мango • 11:36, 29.02.2024
13-e.
şol-a nätseňem 10 mumara däl....

---
bolýa. o rugsat hat diýeniň hiçlaý.
arada birinden "bir-ä zagsdan öýlenmedigiň barada, birem morgdan diriligiň barada sprawka getir" diýipdirler...
zagsdan-a alypdyr sprawkany, morgam bermändir: "bar git, haçan öleňde gel" diýip göýberipdirler.
avatar
0
15 Mekan2 • 13:41, 29.02.2024
görgüli, özem şübhelenen bolmaly diriligine. aslynda menem o tarapyň adamy, bu dünýäde wid na žitelstwo bilen ýaşap ýörün (kebzäm agyrýa weli, ganatym çykjak bolýa öýdýän :-))
avatar
0
16 Мukam • 21:50, 02.03.2024
Ikitaraplaýyn, gönümel we pelsepe bilen düşünmeli ekeni. Ýa, ölüp ýören (dogullanna puşman edýän) ýa öýkelän, ýa-da uzak bir ýere giden öýüni küýseýär. Göni manysy uzak aýralykda gezip ýören...
Pelsepewi, dünýäsi başga bir adam. Öñkisi ýaly bolmak isleýän biri.
Garaz özi goşgy ýaly, duýgyn inçe bolmagy talap edýän, orta gürp biri. Eger halypalardan bolsa, bu onuñ iñ passiw goşgusydyr.
avatar
0
17 Балканов • 21:18, 03.03.2024
Waleriý Brýusow aýtmyşlaýyn, ak, erkin goşgyny, werlibri ýazmak örän kyn we çylşyrymly. Goşgularyň bu görnüşlerini örän kämil we ussat şahyr düzäýmese, özgelere başardanokmyşyn.
avatar
0
18 LegLek • 07:33, 04.03.2024
6/10
avatar
0
19 paragraph • 04:39, 05.03.2024
5/10
avatar
0
20 Melike • 22:51, 05.03.2024
Uçsañ uç, aýagyñy beri ýerden üzme diýýärdi biri

5/10
avatar
0
21 Lacrymosa • 11:37, 10.03.2024
14-nji teswire
Şu-la hiç zat etmesegem 10 numara.
avatar
0
22 janjennet • 13:38, 13.03.2024
5/10
avatar
0
23 Gülkamat • 16:59, 21.03.2024
7/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203