21:38 Bahar | |
BAHAR Beýik ýaşaýyşy buşlaýan güller, Timarlap başlady baglaň şahasyn. Bu günlerde yşka uçralyp bilner, Hem eýesi borsuň bagtyň bahasyz. Watanyň lälezar sähra-düzüne Hyjuwly çaparsyň ylham atyňy. Siňňin ýagýan ýagyşlarna ezile Ýazarsyň baharyň gysga ömrüniň Ebedi aýdyljak hekaýatyny. ⃰⃰⃰ ⃰ ⃰ Güýz ýitiren zatlaň, Çeken gussalaň Dolanarmyş ýazda çigildem bolup, Ýüregiňe ýetmek üçin gyssanan Söýgi, mähir, şatlyk, gülki, em bolup. Bagty wada eden, senem gelersiň Aýdaý, kim bolup? Işçi, alym, daýhan, mugallym... Ýa-da Oňar-oňmaz günemaly pukara. Parhy ýok, Özüňi tanat sen bada. Ýasama gylykdan azat ynsanda Hiç bir aýyp ýokdur gizläp-bukara. Bigörklük kemlik däl, Gözde ýaş barka. Ýoksullyk utanç däl, Dürs ýaşalýarka. Gürrüň ber kimligiň hakynda, Entek Öpýärkä saçlarmy güneşiň tygy. Duýgularma ömür beren baharyň Pikirlermi sergin saklaýan çygy. Yşky didelerden okap bilýärkäm, Çyndan aglaýarkam, Çyndan gülýärkäm, Ökünç ýylgyrýarka ýazyklarymda, Ruh barka şygrymda, Janykmalamda, Bileýin, hak sözi aýdarym ýaly, Buýsançdan parlaýyn Baýdagym ýaly. © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
| |