Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:51
Älemgoşar

ÄLEMGOŞAR

«Ýene gökde älemgoşar doguldy,
Gagyldaşyp, gazlar geçdi üstümden».

Annaberdi AGABAÝEW.


«Ýene gökde älemgoşar doguldy»,
Ynanasym gelýär görýän düýşüme.
Meňzeýär giň sähra, Asman – ýagynly
Bir hyýalbent suratkeşiň işine.

Biri sary, biri ýaşyl, biri ak...
Reňkler tans oýnaýar daglaň gerşinde.
Many gözleýärin durnaň gykuwlap,
Gök ýüzünde ýollar çekip ýörşünden.

Ýüregim gobsunýar.
Tolgunýar dünýä.
Salgym atýar gögüň owsunjy şaly.
Barlyk çakymyzdan çuňňur görünýä,
Ähli syr şu ýerde jemlenen ýaly.

Saýla reňkleň haýsy birin halasaň,
Olar şatlyk-şowhun goşýar Äleme.
Şu pursatda synlap ynsan balasyn,
Dymýar Arş-Kürs garaýan deý täleýe.

Göýa keşbi meňzeş, ýollary aýry
Älemgoşar – adamlaryň ykbaly.
Ýa ol – ile ýakyn,
Özüne saýry
Şahyryň giň dünýä sygmadyk haly...

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 93 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203