Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:50
Köñülleriñ hossary
KÖÑÜLLERIÑ HOSSARY

Dostuñ öýi köñüldedir,
Köñüller ýapmaga geldim.

Ýunus EMRE


Keramaty göreý diýseñ bäri gel,
Bu ýerde dag-daşlar, bijanlar diri.
Mesgen tutmuş Köpetdagyñ gerşinde
"Yşk-yşk" diýe yşkyñ saýyly bolan
Anadola uçan durnalañ biri,
Köñülleñ hossary,
Tarykat piri!

Şahyrlar şahyry,
Eý, dostlar dosty!
Hajy Bekdaş, Tapdyk Emräñ şägirdi.
Zemin bilen ýaşyt oguz dilini
Rum iline ýaýan türkmen ägirdi!
Hoş geldiñ, parahat ýaşaýyş üçin
Gylyç däl, söz bilen söweşe çykan
Poeziýañ merdi!

Kalbyñ ahwalyna sessiz däl gözler,
Serde köwsarlaýar Möwlanañ sözi.
Ne ajap aýdypdyr zehini ezber,
Bu söz galkyndyrýar batyl-dilsizi.
Hiç zady goýmady yşkyñ deñinde,
"Gördüm onuñ aýak yzyn öñümde".

Derwüşleriñ hikmetini açasyñ
Gelse, Ýunus Emre - türkmen gojasyn
Oka! Tana, hak aşygyñ kimdigin.
Serp ruhuñdan nadanlygyñ şalyny.
Dünýä gözüñ açan günüñi däl-de,
Baýram et gaflatdan oýanýanyñy.

Ynsanlar ynsany Ýunus Emräniñ
Ýol bolupdyr aýagynyñ yzlary.
Mähir-muhabbete, söýgä hemranyñ
Gül açypdyr taýagynyñ yzlary.
Kemençede çalýan şirin sazlary
Erkin guşlañ owazyna sazlaşýar.
Çalamydar umytlara jan girip,
Buz bürän ýürekler, päller ýazlaşýar.

Ýyldyz diñe gök asmanda bolmaýar,
Mahal-mahal ýerde dogulýa olar.
Ykballara ýalkym saçýan şamçyrag
Dana, şahyr, ozan, öwlüýa olar.
Ruha ganat, dem-nepesdir öýkene,
Süýnmeýärler,
Öwrülýärler heýkele.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 132 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Kerim • 07:56, 08.07.2024
Gowy gowy
avatar
0
2 Kerim • 12:57, 09.07.2024
M.Hanmmämmet sitadadaky "ýapmak" türkleriň işlik sözünden bolaýmasyn diýýär. Ýogsam türkmende "göwün açmak" bar. Dost öýi bolan köňli ýapmak birhili dälmi?! Düşünmeýän bolmagym mümkin, düşünýänleriňiz aýtsaňyz gowy boljak.
avatar
0
3 Мango • 11:49, 10.07.2024
gör bak Ýunus däde nämdiýo:

Ben gelmedim davi için,
Benim işim sevi için.
Dostun evi gönüllerdir,
Gönüller yapmaya geldim


türkmençerägi:
Men gelmedim söwgi üçin,
Meniň işim söýgi üçin.
Dostuň öýi köňüllerdir,
Könüller gurmaga geldim


Meret Hanmämmediň sowgaryna.
avatar
0
4 Мango • 11:57, 10.07.2024
Bu söz galkyndyrýar batyl-dilsizi.

batyl - kör, dilsizem - lal bolýa dämi?
kör - sözden galkynyp biler welin, lal nädip galkynsyn, lallar umuman eşdenoklar dälmi?
gulak işlemänsoň, ses eşitmänsoň geplemegem bilenoklar...
ýa bärdäki "dilsiz" göçme manydamy?
avatar
0
5 Medicall • 00:44, 12.07.2024
Yunus Emrañ "Köñüller ýapmaga geldim" diyen setirindaki yapmak sözi, Ýunus Emre-de Türkiyede yaşap gecen. Ýapmak: Işlik, bu ýerde "köñul almak, gazanmak" manylaryny berýar bolup biler.
avatar
0
6 Kerim • 12:19, 12.07.2024
Hä, şeýledir öýdýän menem. Sitatada "gurmaga" diýilse ýerlikli boljak eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203