Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:10
Watan bolmadyk bolsa...

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
__________________________adyna aşyk bolmazdym.
Ojakda öçürmän saklan
________________odyna aşyk bolmazdym.
Dünýäň manysyn bilmezdim.
Ýaşaýşyň tagamyn almazdym.
Gijesi bilen sermenip,
______________daňy bilen saz çalmazdym.
Enelerne hyzmat kylyp,
________________atalarna uýmazdym.
Gyýa bakanyň gööözün oýup...
_____________________... ganyn içeeem! Doýýýmaz men!

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
Göwni diýip, kalbyn ersjek
__________________şirin sözler tapmazdym.
Baglaryndan tänip gaýdan
__________________ýapraklaryn gapmazdym.
Zehinin — zynaty bilip,
Zyýaty, ganaty bilip,
_____________çagalarny göreçlerme,
_____________________________defäme täç etmezdim.
Ýel olup, harpygyn sowrup,
_________________harmanna çäç etmezdim.

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
Ýylgyn ýaly ýigitlerin wasp etmezdim, wasp etmezdim.
Aýdymlaryna sesim goşup, sazlaryna tans etmezdim.
Sährasynda çigildem deý, çemenler deý, jerenler deý,
___________________________________gözelleri bilen läle kakmazdym,
Teşnelerin owazym la ýakmazdym.
Ýaşlygymda bir ýigdini
________________ataşa döndermezdim.
Aklym ýetip, nebsim bogup,
___________________ajala göndermezdim.

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
asmanynda parlamazdym ýyldyz bolup, Baýdak bolup,
şimşek bolup çakmazdym.
Daglaryndan şaglap gaýdyp,
___________________derýalarnyň hanasyndan
______________________________suwlar bolup akmazdym.
Köllerinde guwlar bolup ýüzmezdim.
Dür sözlerden, zer sözlerden boýlarna hünji düzmezdim.

WATAN BOLMADYK BOLSA...
A-A-AH, WATAN BOLMADYK BOLSA...

Keramat nä, Gudrat nä,
Adalat nä, halat nä.
Beýik Mukaddeslik nä,
Şahadat nä, bilmezdim.

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
24-26.noýabr.2023ý.

Surat: Ilýa (Ruwim) MAZELIŇ eseri.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 138 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Мango • 11:46, 27.11.2023
telefonda bulaşyk çyksa şeýle goýaýmasam.

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
adyna aşyk bolmazdym.
Ojakda öçürmän saklan
odyna aşyk bolmazdym.
Dünýäň manysyn bilmezdim.
Ýaşaýşyň tagamyn almazdym.
Gijesi bilen sermenip,
daňy bilen saz çalmazdym.
Enelerne hyzmat kylyp,
atalarna uýmazdym.
Gyýa bakanyň gööözün oýup...
... ganyn içeeem! Doýýýmaz men!

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
Göwni diýip, kalbyn ersjek
şirin sözler tapmazdym.
Baglaryndan tänip gaýdan
ýapraklaryn gapmazdym.
Zehinin — zynaty bilip,
Zyýaty, ganaty bilip,
çagalarny göreçlerme,
defäme täç etmezdim.
Ýel olup, harpygyn sowrup,
harmanna çäç etmezdim.

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
Ýylgyn ýaly ýigitlerin wasp etmezdim, wasp etmezdim.
Aýdymlaryna sesim goşup, sazlaryna tans etmezdim.
Sährasynda çigildem deý, çemenler deý, jerenler deý,
gözelleri bilen läle kakmazdym,
Teşnelerin owazym la ýakmazdym.
Ýaşlygymda bir ýigdini
ataşa döndermezdim.
Aklym ýetip, nebsim bogup,
ajala göndermezdim.

WATAN BOLMADYK BOLSA...
bu milletiň — Türkmen diýen milletiň
asmanynda parlamazdym ýyldyz bolup, Baýdak bolup,
şimşek bolup çakmazdym.
Daglaryndan şaglap gaýdyp,
derýalarnyň hanasyndan
suwlar bolup akmazdym.
Köllerinde guwlar bolup ýüzmezdim.
Dür sözlerden, zer sözlerden boýlarna hünji düzmezdim.

WATAN BOLMADYK BOLSA...
A-A-AH, WATAN BOLMADYK BOLSA...

Keramat nä, Gudrat nä,
Adalat nä, halat nä.
Beýik Mukaddeslik nä,
Şahadat nä, bilmezdim.

L.P.
avatar
0
2 Medicall • 14:26, 27.11.2023
Laçynbike
umuman gouja nama söýläpdir.

Ýõne şu sözlerdäki artykmaç ýazylan harplar geregi ýok bolup ýatyr:

gööõzin, içeeem! Doýýýmaz

Gül yaly goşgyny suwjuk görkezýar.

"Ol awtoryñ öz sesi" diýjeklere-de jogabyn öñünden bereýin: Beýleki romantik goşgularda, kommentariýalarda, ya sms ýazyşmalarda nädip eşitdiresi gelse eşitdirip biler sesini. Emma munuñ ýaly agramly, saldamly eserde onsuzam "Men LAÇYN" diýip sesi ýañlanyp durka artykmaç şol süýndirmeleri.
avatar
0
3 Мango • 15:08, 27.11.2023
"Gyýa bakanyň gööözün oýup...
... ganyn içeeem! Doýýýmaz men!"

bu sözlerde agressiwlik bar, üstesine-de gyjynyp-gyjynyp dişlerini döweýjek bolup gysyp görkezilen agressiwlik.

watanyma gyýa baksaň (edddil) gÖÖÖÖÖzüňi oýaryn, ganyňy içEEEEEErin....

bu ne beýle patriotizm?
Laçyna täzeje goşgusyny paýlaşanyna minnetdarlyk aýdyp 5 ýyzzyly basýan.
avatar
0
4 Medicall • 15:16, 27.11.2023
Men kimem bolsam, kimiñ goşgusam bolsa pikirimi açyk aýtmaga hakym barmyka diyyardim...
Üstünlikler!
avatar
0
5 Lacrymosa • 15:30, 27.11.2023
Hakyň bar, gülüm, hakyň bar! Hiç hili gaty görer ýaly zat ýog-a bärde. Gaýta minnetdar bolmal-a a-a-ahyyyn.
Onsoňam gözi oýup, şo ýerden gan soran adamdyr-da, harplary artdyryp ýazany bilen ylalaşaýyňsana!!!

(hüňürdili) şapbyldymam ýazsam, nätjek?!
avatar
0
6 Lacrymosa • 15:32, 27.11.2023
Nurdan gelin, saýta hoş geldimmi?![color=red][size=17]
avatar
0
7 sussupessimist • 15:36, 27.11.2023
"Я не согласен ни с одним словом, которое вы говорите, но готов умереть за ваше право это говорить" diydiripdir Ewelin Holl – Woltere. Her kimem indi Wolter diyendir öydüp yör. Yöne Wolter diyibem bilerdi ony.
Menem diyyän.
Hatda muny dilimiň üstüne tatu edibem yazdyrmaga tayyn.
avatar
0
8 Medicall • 15:59, 27.11.2023
Hoş gelipsiñiz, ine şu teswiri ýazdyrjak bolup ýazdym şol teswirem)) , (ýokarky teswirde diýjegem boldym: özi goşgusyny özi goýup, ýazyp bilenokmy teswiri diýip, ýene @Mango gaharlanyan yaly bolmayyn diydim.))) hol gün awtorlara geçirip ýapanymam şoñ üçindi...
avatar
1
9 Lacrymosa • 19:02, 27.11.2023
Size sag boluň, Mango daýy! 5 ýyldyz bolsa starşiý kapitan bolýamy?
avatar
0
10 Lacrymosa • 04:42, 28.11.2023
​Teswirleriňem minihekaýa-da, gardaşym men​iň. Başlangyç (giriş) bar,Kulminatsiýa bar, Çözgüt bar. Minihekaýaňam mininowella sortundan. Janyň sag bolsun! Hemişe göz gidirmegi başarýaň! Öýle ol! Maşalladyr!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203