14:22 Garry gyzyň yrlyşy | |
GARRY GYZYŇ YRLYŞY Meň başymy aýlap biljek sözi tap, Sowgady tap, kabul etmän bilmäýin. «Men — garry hoz» diýenimde bilýämiň, Sen ýylgyryp dymdyň... Dostlarym kän, internetde tanyşan, Jaň edýärler, gürleşýärin daňa çen. Senem ýöne gezen dälsiň maňa çen. Sen ýylgyryp dymdyň... Joralam bar, özüm ýaly owadan, Tanyş edeýin, ýetik olaň sowadam. Tanyşjakmy?! Şäherdenmi?! Obadan?! Sen ýylgyryp dymdyň... Aýlyk aldym, ertir saçym boýatjak. Telefona pul salmaly bolaýsam, Işe gitjek, 11-den öň oýansam... Sen ýylgyryp dymdyň... Içim ýanýar, iki täze köýnegmem, Tikinçimiň birigüne goýanna, Seň tikinçi bolaýşyňy, waý, Alla! Sen ýylgyryp dymdyň... Öý süpürsem, täze sübse döwülýär, Nahar etsem, dyrnaklarym döwülýä. Edibersin, ejesinden öwülýän. Sen ýylgyryp dymdyň... «Samsyk bolma, illere bak, bir oýlan! Tapyn-da mugallym gyz, şoňa-da öýlen. Aýlygy 5 million, 200 dollar” Diýdimi biri?! Sen ýylgyryp dymdyň... Şindem durmuň, şu zatlary eşdibem, Şundan soň-a çekmeýärem keşdiňem. Durup, durup, wägirjeg-ä dälsiň-dä?! Sen ýylgyryp dymdyň, şeýdibem yrdyň. 16.11.2007ý. Salgy Mümkin meni gözleň bilen gözleýänsiň sen?! Mümkin diliň bilen?!. Sesiň bilen tapjak bolýansyň belki?! Mümkin eliň sermeýändir köp ýeri... Köpleri... ...Men gulaklar bilen gözläp tapylýan.. 31.03.2010ý. | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |