Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:06
Neçün...
NEÇÜN...

Ýaňy dälmi, depä çykyp,
Garşylanmyz bahary.
Neçün indi ýazlar maňa:
Gelse-de bir gelmese-de...

Aramyza söz düşende,
Ýüregime köz düşerdi.
Neçün indi şol gymmatly,
Gelse-de bir gelmese-de...

,,Dolagynda dolanylýan,
Ýigitlerden'' diýip söýdüm.
Neçün indi guwanylman,
Gelse-de bir gelmese-de...

,,Bedew atyn suwaranda,
Ýaplaryň ýakasy bolsam...''
Diýip, arzuwlanan
indi,
Gelse-de bir gelmese-de...

Gözýaşymdan çüýresin, goý,
Köýnegimiň ýakasy-ýa.
Püçek! Syldyrmak islänim,
Gelse-de bir gelmese-de...

Zybanlar sözsüzem gezer,
Ynsanlar gözsüzem gezer,
Wadaryg! Jezaň ýowuzy:
,,Gelse-de bir gelmese-de''...

27.04.2011ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 15:24, 09.12.2022
Gelse-de bir gelmese-de - bu безразличие bolýa.
Безразличие – такое состояние человека, когда его не интересует окружающий мир, люди и собственная личность.
У него опускаются руки, и нет желания противостоять обстоятельствам.
Şu ýeri gyzykly:
Психологи называют это состояние психологической защитой, своеобразным режимом сбережения энергии.
diýmek Laçyn hanym (ýa-da goşgyň gahrymany) bir zatdan özüni goraýar, öz energiýasyny tygşatlaýar...
avatar
0
2 Bagabat • 15:41, 09.12.2022
...ýa-a-zla-a-r ma-a-ňa-a:
Gelse-de bir gelmese-de...

Aýdym-goşgy ekeni.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203