Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:55
Barýan paý-pyýada..
BARÝAN PAÝ-PYÝADA

Barýan paý-pyýada,
Çagylly köçe
Ýol çarkandak, aýagymam ýalañaç.
Çümýär gyýçak daşlar,
(Wah nälet siñen,
Hökmanmydy şumat,
Öñem ýarym aç.)
Kesintgiñ yzasy ýüregme batýar,
Yssy ýakyp barýar,
Ysgyngyndan gaçýan,
Gaýnaýar beýnim.
Çygjarýar köýnek,
(Ýeri indi maña galypmy köýmek!)
Hanha, gözýetimde suw satýan kişi,
Howlukýan ýanyna
Ganaryn içip.
Soradym suwundan,
Deñine ýetip,
Pulumam ýok,
Karzam berenok.
(Onuñkam dogry, geçen gaýdyp gelenok).
-ýanyñdan çykmazmy köne kör şaýlyk,
owurt suw almaga ýeterem belki,
Al iç, ikinjisi mugt noş bolsun!
Teşneligim ganmasada hoş boldum.
Sahylyk edenine begenip.
Ýolum dowam edýän.
Güne gowrulyp,
Mañlaýym gasyn açýar ýygrylyp.
Çürşerýär ellerim,
Gaýmaklaýar añ.
Bogazym kiçelýär...
Ýalap dodagym,
Uludan-uludan demim alýaryn.
(Entek ýaşym kyrkadama ýetenok,
Eýýämden garraýanym añýaryn).
Bäh şeýlekin geçipdir ýüwrük wagtym,
Çagalyk,
oglanlyk çybykdan atym,
Ýa tigerçek ýasanyp iki ýan ylgap,
Keman atyp, guş ürküzip ýörenim.
Bägüle burç sepip, aşyk men diýip,
Özümçe...
Bir gyza sowgat berenim.
Haý garagolluk ýetişen eken,
Deñ-duşlarym bolsa,
Söýgiñ gülini,
Tirip,
Yşk söwdasyn edişen eken.
(Aý, ol zatlar gümüne gitsin,
Meniñ entek ýolum uzak dowam etmeli)
Ýene teşneligi gandyrmak üçin.
Ýol öndürip menzilimi geçeýin...

© Remezan MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
2
1 Мango • 22:10, 14.05.2023
dünýäni gapyşdyryp ahyram "gözýetimde suw satýan kişini" göreniňde "häk, muň puly bir barmyka suw almaga" diýdim içimden...
gorkanym boldy, pul çykmady ýanyndan...
"Pulumam ýok, Karzam berenok..."

***

Ýene teşneligi gandyrmak üçin.
Ýol öndürip menzilimi geçeýin...

ýol "teşneligi gandyrmak üçin" geçilýämi?
ýa-da ýol geçmek üçin "teşnelikden ganmalymy?"
avatar
0
2 Kyyas • 00:03, 15.05.2023
Teşnelik-ýaşamak üçin gerekli zatlaryñ, puluñ ýok, karz berenok, seniñ bütin ömür gazansañam bir owurt suwa ýetenok, şol sebäpli kör şaý bolup galýar. Teşneligi gandyrmak üçin geçmeli, ýaşamak üçin gazanmaly, dowam etmeli, öýle ýa böýle bolup durubermeli. Haýsy pikirde kabul etseñem boljok ekeni
avatar

Старая форма входа
Total users: 202