18:37 Durmuş gurduk ...bar bolany... | |
DURMUŞ GURDUK BAR BOLANY Alabahar ýazyň ýagşy... Ezilipdim menem ýagşy, Ökünemok, ýöne biraz üşeýärin, galdyraýan. Belki saňa duşanyma tikenekläp, sandyraýan... ...Toýuň sesi eşdilip dur, “Näzli ýarym” aýdýar bagşy. Owarrama, toý-şagalaň, sen bar, maňa ullakan bagt. Öz bolşuma degşip barýan, gülen bolýaň arasynda, Käte belent sesim bilen diňe söýgi barasynda Goşgy aýdýan. Bar bilýänim “Ýaşlyk dramasy” şo wagt. Görejiňe gözüm düşdi, Şonda ýürek ýaralandy. Owadan söz bilen diýsem: Lazer ýaly gözleriň-de Ýüregimi parran deşdi, Kirpikleriñ çözlenende... Nesibämiz bir ekeni: Durmuş gurduk. ...Bar bolany. Ramezan MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |