Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:43
Bilseň...
Bilseň...

Bilseň, bu günleňem möwriti öter,
Eglenmez başyňda kelpeň ýaşlygyň.
Hat-da aňarsyňam, giden mahalyň
Ýaňagma syrygan tuşdyr öýdeniň - gara ýaşdygyn.

Hawa,
Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar,
Diskatekaň bolmaz öňki şowhuny.
Götärsiň gursakda, günlerde bir gün
Öz-özüňi ýitiräýmek howpuny.
Ýene Sella bara eňersiň, emma
Portugal çakyram keýpiň götermez.
Ýüregiň joşsa-da, agramly ruhuň
Keýpihonlaň gürmegine itermez.
Alnyňda bulanýan ýarym-ýalaňaç
Näzeninler hyjuwyňa joş bermez.
Misli buthana dek, gijeler dynman
gatnan haremhanaň gujagyn germez.

Özüňe gelersiň, soňam gün-günden,
Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar.
Birsellem dymarsyň. Gözüň öňünden
Birin-birin menli günleriň geçer.

Meň ýüregmi wagt tebibi seýiklär,
Gel, günäňi geçip biljek beýikkäm.

Aýbölek ABDYÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 122 | Mowzugy paýlaşan: bayramgylychsapargylyjov | Teg: Aýbölek Abdyýewa | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 bayramgylychsapargylyjov • 09:20, 29.03.2024
Näme üçinkä meň açan mowzugym üç gün öň açylan mowzuklardanam yzda çykýarka?
avatar
0
2 Mekan2 • 09:49, 29.03.2024
gowy. (awtordan ötünç soraýan) liriki gahrymany erkege öwrüp, şeýle okadym weli, hasam täsirli boldy:

Bilýän...
bu günleňem möwriti öter,
Eglenmez başymda kelpeň ýaşlygym.
Aňýanam, daňdan gaýdýan mahalym
Ýene gidýän, doldurbilmän boşlugym.

Bilýän...
Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar,
Diskatekaň bolmaz öňki şowhuny.
Götärin gursakda, günlerde bir gün
Öz-özümi ýitiräýmek howpuny.
Ýene gije - bara eňeriň, emma
Portugal çakyram keýpim götermez.
Ýüregim joşsa-da, agramly ruhum
Keýpihonlaň gürmegine iterer.
Alnymda bulanýan ýarym-ýalaňaç
Näzeninler hyjuwyma joş bermez.
Misli buthana dek, gijeler dynman
gatnan haremhanam gujagyn germez.

Bilýän...
Indi gelip bilmen Özüme,
Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar.
Birsellem dymaryn. Gözüm öňünden
Birin-birin Menli günlerim geçer.

Ýene gije - geçip bilmän Özümden...
Eňerin endik bolan ýolumdan.
avatar
0
3 Merdan • 13:28, 29.03.2024
Gowy gowy
avatar
0
4 Мango • 00:48, 30.03.2024
şü awtor tapawutly.
galamdaşda-da okapdym öýdýän.
gowy goşgy.
5 ýyzzyl.

Aýbölegiň bagşa goşgulary ýok ýaly bu saýtda...
avatar
0
5 Medicall • 00:55, 30.03.2024
Hawa, Aýbölekde üýtgeşiklik bardy güçli ýazýardy, şu goşgusynam "ogurlap" bu ýere goyayyn diyip ýördüm, goýupdyrlar nämede bolsa, sagbolsun ýetiren.

Indi hiç ýerde gabat gelemok täze goşgularyna, paýlaşsalar şuñ ýaly goşgulary, hezil edip okajak
avatar
0
6 Seýrаn • 08:46, 02.04.2024
Gowy ýazýan ekeni. Setirleri gorkak däl.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202