Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:11
Kaka
KAKA

Ýok, gyýylma, bujagaz dert –
Çekibilmez dert däl, kaka.
Naçar diýme, her telpeklem
Meniň kimin mert däl, kaka.

Sen bilýäň-ä, bu durmuşam
Synamaz her kimi, kaka.
Günler ýene gaýdyp berer
Görkümi, erkimi, kaka.

Ýükläbersin, onça ýüki
Göterer gerdenim, kaka.
Bu ýolda yza tesermi,
Heý, seniň merdemiň, kaka?!

Görýäňmi, ýognan bilegim,
Bedenimem berkän, kaka.
Maňa sen bilen birlikde
Ynamyňam derkar, kaka.

Ganyma ornapdyr zoruň,
Hem gaýratyň, dogmuň, kaka.
Men biriniň gelni borun,
Seniň weli ogluň, kaka.

© Aýbölek ABDYÝEWA

Çeşme: https://biz.islenen.ru/edebiyat/11396-kaka.html
Bölümler: Goşgular | Görülen: 105 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Aýbölek Abdyýewa | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Pegas • 03:18, 30.03.2024
Şuny Aýbölegiň özüne-de aýdypdyk öýdýän:

Ikinji setirdäki "çekebilmez" diýen söz ýalňyş otyr. Şony "çekip bolmaz" diýen ýalyrak bir söz bilen çalyşmalymy, nämemi.
avatar
0
2 Rowaç • 18:15, 30.03.2024
Çekilmejek diýseň bolar. 
Günler nädeniňde-de alanja görküňem, erkiňem gaýdyp bermeýär.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202