10:27 Göwünlik | |
GÖWÜNLIK Haýp, şat günleň geçişine sered-ä, Bu gün bolsa derdinmeli lukmana. Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän töhmet atyp oturma:ly ykbala. Muny göre-göre gelýän durmuşam, Mundan beter pürkmäwersin awusyn. Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam Meňzemeýär ýelegine tawusyň. Toýuň bolar şol sähetli senede, Galman bilmez monjuklaryň düzülmän. (Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da ýüregim agyrýar, juda üzülýän.) Meni ýakynyň saý. Özgäniň, ýadyň Garşysynda çökermegin gerdeni. Her niçik-de bolsa, begenýän zadym — Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi. Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga, Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan. Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala, Bu günde hem köteklemek aýypdyr. © Aýbölek ABDYÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |