14:30 Bolmaz | |
BOLMAZ Aýallar duşsa, gep tapar, Hemem olar gepe bolmaz. Ýürekdeş bolan gyz, oglan, Ýürekdeşdir, şepe bolmaz. Akly bar aýbyny ýapar, Goranany gorar Hakam. Oglanlykda ýylan çakan, Ýolda ýatan ýüpe ýolmaz. Gark borsuň, çümme tereňne, Şükür durşuna keremdir, Az görme Allaň berenni, Çünki iman nepe bolmaz. Iblisden adama ýokan Nebis ahyrýetde ýakar, Kämil dana bilen çopan Hylwatdadyr, köpe bolmaz. Okap kämillige ýeten, Şeýh Kebiriň ýolun tutar, Watan. Watan. Ýene Watan. Watany bar, ýeke bolmaz. © Aşyrmät GARLY | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |