00:50 Döredibermeli | |
DÖREDIBERMELI Ýusup kimin özüm saldym bazara «Şasenem — Garyp» dessanyndan Ýaz, ýazylýan wagty, bol-da hoşgylaw, derýa deý ömürde joş bar, gaýdym bar. Düýn okap, gowşakdyr öýden goşgulam, bu gün, eýýäm, aýdym bolup aýdylýar. Göwnüm, öňler pespäldiň hem sadadyň, galan syrly gylyklarňy soň aldyň. Saýhallap surnukdyň, saýlap ýadadyň, belki, döretmäge pursat bolandyr. Bazarda bar satýan gyzyl almanam, bar, turşy almasyn öwýän — ýeserje. Isleseler alar, biler almanam, satýan däl, aljaklar nyrhyn keserler. Şahyr bolsaň, söz nobatyň gelende, goşgularňy okap ber-de gaýdyber. Öz wagtyndan ir bilmäge elenme, il adyldyr, anyk nyrhyň aýdylar. Wah, balyklar, goşga düşünmeýärler, Derýaň kenarynda durup, darykma. Bar zehini pese düşürmeýänler, Halk bar hemem ylham beren Halyk bar, Seniň ýaramazdyr öýden goşgulaň, il içinde aýdym bolup aýdylýar. Ýaz, ýazylýan wagty, bol-da hoşgylaw, derýa deý ömürde joş bar, gaýdym bar. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |