18:52 Ykbal | |
YKBAL Şygyrlarym – meniň söze öwrülip, özgeleň dilinde aýdylmagymdyr. Ýüregimden ýürek bolup, sogrulyp, ýüreklere siňjek aýdymlarymdyr. Bu dünýede ähli kişi myhmandyr, aglap doglup, agladybam giderler. Şygyrlarym – meniň asyl nusgamdyr, ony oňde-soňda ykrar ederler. Soň, şygry söýýänleň öwmegi mümkin, käbirleri – inkär etmäge geler. Olara-da «Sag bol!» aýdýaryn, çünki, soň özlerem şeýle ykbala geler. GOŞGY Ýeri, näme sebäp, başlan şygryma: şu günmi,geçmişmi, ýigrençmi, söýgi ?! …Parahat kalbymyň dynçlygyn bozup, kalbym gyjyklaýar düşnüksiz duýgy. Meni sowgat beren mukaddes enäň, gözden uçup barýan mährem keşbimi? Ýa-da yşga taplanmadyk ýüregme bir gözeliň owazasy düşdümi?! (Ömri uzyn bolsun) mähriban ataň Öňündäki bitirmeli borjummy?! Men bilmedim, bir duýgynyň täsirne birdenkä, parahat kalbym gorjandy. (1979-80-nji ýyllar) © Aşyrmät GARLY | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |