19:14 Dagam gaýga batypdyr | |
DAGAM GAÝGA BARYPDYR Dagam gaýga batypdyr, Ýaş akdyrýar çeşminden. Aladasy ýok ýaly, Onuñ agras keşbinde. Syrygyp oñ göz ýaşy, Bulak bolup akyp dur. Jülgeleriñ, düzleriñ, Kalbyn suwa ýakyp dur. Derdinden nep tapýarlar, Bag-bakjaly dereler. Ganyp içýär gözýaşyn, Suwa baran jerenler. Dagyñ çekýän ahwalyn, Dert çekişip gelýän ýok. "Neçün aglaýañ" diýip, Haldan habar alýan ýok. Ýere urup myhyny, Buza öwrüp başyny, Gama batyp otyr dag, Akdyryp gözýaşyny. © Remezan MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |