Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:28
Daş asyryň gyzy / hekaýa
DAŞ ASYRYŇ GYZY

Asmandaky ýyldyzlaryň sanyny Öwezguly mugallym biler ýaly, ony ýörite guralda asmana seredip, saç düşürenler bir bilýärmikä?
Ýöne Öwezguly mugallym ýyldyzlaryň sanyny bilmese-de, bir zady bilýär. Ana şony hem onuň ömründäki iň uly işi, asyl açyş hasaplaýarlar. Ýyldyzlar ýaly sanýetmez ýyllaryň aňyrsyndaky: «Daş asyry» diýilýän döwürde erkek adamlar hakda-da gürrüňem ýok, hat-da aýal-gyzlar hem tutanerli, wagşydan gelen garadangaýtmaz bolupdyrlar. Şeýle garadangaýtmaz, jepakeş bolmadyk bolsalar, ol döwürde ýakylan ody şu günlere çenli öçürmän saklaýmak, ol aýallara başardaýmazdy hem. Iller bu açyşyň sebäbini Öwezgulynyň güýçli taryhçylygyndan däl-de, onuň Daş asyrynyň gyzyna öýlenendiginden gözleýärler.

***

Öwezguly beýtjek däldi. Ony Daş asyryň gyzyna öýerdiler. Şeýlelikde, onuň öz dili bilen aýtsak, Aşgabadyň garagörnüminde guma süsdürilip oturan obanyň köne urp-adatlardan, lenji çykan düşünjelerden häzirki döwrüň ösen siwilizasiýasyna barýan ýoluna böwet basdylar. Ýigidiň gylawyny gaýtardylar. Ýogsam, ol obanyň towuk keteklerine çenli döwrebaplaşdyrmak meýliniň çetinden ýaňy giripdi. Yzyna düşýän oba oglanlaryna teatryň nämedigini görkezipdi.
Uniwersitetden sypynyp, negada bir oba gelýän Öwezgulynyň ýanyndan aýrylmaýan Daňatar-ha indi şäherdäki: «Park» diýilýän ýerde üstlerinden: «Elhepus» diýdirýän ýakymly ys gelýän gyzlar bilen gol tutuşmanyň hem aýp däldigini bildi.
Öwezgulynyň oda-köze düşüp, oba durmuşyny özgertjek bolup ýörmesine onuň okuwa girmegi, has dogrusy, şäheriň owadanlygy günäkär. Ol köneden galan garaja öýüni keçesine, gamşyna... häli-şindi serenjam berip, gupba ýaljak edip saklaýan Howaly aganyň uly agtygynyň ýanynda-ha çalarak zeýrenäýipdirem: «Siziňem köne oraçaňyz, wapçe bolanok, aýraýyň-a how, ýere taşlanan şypyrma ýaly edip...
«Dogrymy aýdaýyn, ine, obam diýip, yzyňa kurdaşyňy tirkäp gelmäge utanýaňda-reý...» diýipdir.
Öwezgulynyň etsem-petsemli ädimleriniň öz ülpetlerinden, deň-duşlaryndan başlanmagy ýöne ýerden däl. Munuň aňyrsynda uly oýlanyşyk ýatyr. Çünki apgyrdy giden garrylaryň aňyny «siwilizasiýa» ugrukdyranyňdan Hudaýberdi gorkagyňky ýaly ýeri depip, sarysyny çykarmagyň ýeňil düşjekdigi Öwezgula aýan. Onsoňam, ýaşlaryň geljegi bar. Olaryň geljegini şäher durmuşyny gören gyzlar bilen baglamaly. Munuň üçin Öwezguly öz ykbalyny hem gaýgyrjak däldi. Saçy örüme bolmaýan şäher gyzlarynyň birine öýlenjekdi. «Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir!» diýýärler.
Daňatara meňzeş alyp göterer.
Nädersiň ýöne oba şäher suwuny içen gelinden dolaýsa?!
Onsoň Howaly agalar hem pozzam ýaly bolup oturan köne oraçalaryny aýyrmabilse, aýyrmasyn. Aý, şol gelinler arza beýleki ýazyp, çagalar bagynam açdyrar görseň, obada. Ýöne Öwezguly hyrçyna gan öýdürmeli boldy. Öz obalaryny gum görüp ýören halyna, gör-ä, bolýan zatlary! Tejen aýagyndaky gumda üç-dört oýnam öýli bolup ýaşaýan daýzalarynyň gyzyny äberjekmişinler. Öwezgulynyň sesi hoş habar aýdandyryn öýdüp, buşluk dagam diläp duran uly gelnejesine ýaka towlatdy.
— Gelneje, size meni heläýläň diýip ýer depip duran ýog-a. Entek okuwam gutaranok. Okuwy gutaraýamda-da özüm tapjag-a birini. Asylly ýeriň çagasy diýip, özüňizden çykany alaýjagam-aý siz! Maňa dagy geňeşme, etmek ýok. Wapçe bolaýdyňyz-aý! Oň bilen ýaşaşjak sizmi ýa men?
Goňşy otagdan gelen ardynjyrama sesi Öwezgulyny haýalçyratdy.
— Öwgäm, sesiň ýognasrak çykaýýamy köşek? Näme düýn emmeden aýrylandan maslahatdan sorap, Hojanazaryň akly çaşypdyr diýip eşitdiňmi? Haý...
Ogullary-ha beýlede dursun, märekede, beýlekide ýerliksiz söz atanyň ýüzüni daraklap goýbermäni hiç zatça görmeýän Hojanazar aganyň aýdanlaryndan sakgallaşlary-da çykaýyp bilenok. Öwezgulynyň guýrugyny göneltmegi üçin hem ýaky «Ähem-ühem» ýetik boldy.

***

Öwezguly okuwdaka ýene ýagşy ekeni. Biri-birine kämahal görýändiklerindenmi, nämemi, o diýen ysnyşykly bolmasalar-da, gykylyk-galmagallary-ha ýokdy. Ýöne hyruçly etsem-petsemleriniň bady gaýtarylan ýigit oba mekdep mugallymy bolup gelensoň, gelnini görse gygy ajap duran bolaýdy. Her gün bir zat diýip, ýüzüni almasa Güni dogup, ýaşmajak ýaly hamana. Aram-aram Hojanazar aganyň Öwezgulyny göneldäýmesi bardy. Ol bende hem pahyr bolansoň, ýigidiň öňüne çöp atan tapylmady. Uly agasy birki ýola ululyk edip, kakasynyň ornuny tutjak boldy.
Ýöne Öwezgulynyň ýetip bilmedik siwilizasiýasynyň —döwrebaplygynyň armanlarynyň döreden iňirdileri ondan üstün çykdy. Ol-a, şu töwerekde durmadan hem elli bizar geçdi. Obanyň o çetinden iki çetik jaý saldyryndy-da süzüberdi. Her hiçikde bolsa, Bossan zor geldi. Gulagyny iýip barýan iňirdileri üçin heleý şeraýlygyny etmedi.
Töwerekdäki gyňajy könelenräkleriň göwünlik bereni hem tapyldy: «Siz ýalykak bizem şeýledik. Köpeliberiň bakaly, dert-aladadan ýaňa öýke-kinä wagt tapmanjyk geçersiňiz» diýdiler. Bossanam şoňa bil baglaýardy. O-da bolmady. Ýogsam-a dört-bäş baş bolmaga wagt ýetdi. «Çilelisiň» diýdiler. Bossan-a iliňki ýaly oňa-muňa görünibermäni hem oňarmady. Iňirdiden çekindi. Bir gezek ýaňzydyp gördi. Garaşyşy ýalam jogap aldy. «Meň ýanymda eňkamy giden iki kempiriň samahyllysyny aýtma! Hatly-petekli, aňly-düşünjeli öýden girip-çykyp ýöreniňe bir asyr geçdi. Haýwantaklygyň galjakda şonda-da».
Bu zatlar hiç eken. Oba içiniň soňky hyşy-wyşysy Bossany — dünýesi düňderilene dönderäýdi. Hyşy-wyşy edere esasam bardy. Çünki Öwezguly arakesmede öňküleri ýaly mugallymlaryň üýşýän otagyna däl-de, iňlis dili mugalymy bolup gelen, başy açyk, şäherli zenan bilen mekdebiň öňündäki oturgyçlara çekilýärdi. Munuň bolsa, ýat erkekdir ýat aýaly beýle ysnyşykly ýagdaýda görmedik obany bujuryk pikirlere itenjekdigi açyk. «Öwezguly bilen bileräk okapdyr. Söýüşipmişlerem, Hojanazar aganyň aldyrmadyk gyzymyş. Şu ýere-de ýöne ýere gelmänmiş. «Öwezjany görüp dursam bes maňa» diýýärmiş». Bu agzyboşlaryň gürrüňi.
Dogrusy, bu myş-myşlaryň jany ýok däldi. Şäherli zenan Öwezgulynyň könelişen etsem-petsemleri ýadyna saldy, ýigitlik ahmyryna sary öjükdirdi. Indi gol göterip garşysyna çykjak ýok. Biri bar, o-da Bossan.
Öwezguly üçin bu gün hem bahana tapyldy. Gapydaky ojakda dyz boýy ýalyny labyrdadyp duran oda gözi düşenden myrryhy atlandy.
— Eý, daşarda ot ýakyp, näme, gündiziň günortany şamanoda bökdürjek bolýaňmy?
— Ýok-la, ýaňy gazanymy aýyrdym. Gazy kesdiler. Ho-ol mekdebiň ýeňsesinden geçýän gaz turba deşilipmi, nämemi...
— Eý, ilkidurmuş adamlaryndan tapawudyňam ýog-eý, seň! Samankümä syçraýan uçgunlary görmän, garagyň gapykmy? Daş asyrynda ýaşaýandyryn öýdýäňmi, öçürmäni bileňok. Aý, hakykatdan-da äwüp-säwüp Daş asyryndan şu güne düşäýen zat-laý sen!
Öwezguly otly kesindini depdi. Kesindiniň oda sokulan ujy daşy küljerip ugran közlerden eslijäni alyp galdy-da, özüni depen aýagyň üstünden eňterdi. Öwezguly köwşüni çykarjak bolýan ýaly edip aýagyny eýläk-beýläk silkeledi. Joraby jopba-jopba deşilen hem bolsa, aýagyna üýtgeşik zat bolmandyr. Bossan ýüz tapmajagyny bilse-de, jandurmazlyk etdi.
— Aýagyňy ýakaýan-a däldir-dä, kakasy! Bir zat çalaýaly!
— Kakasy, kakasy diýip aljageý, hamana ekiz-ekizden ogul dogrup beren ýaly.
Bossanyň iňirdi çekmäge werziş bolan gerdeni ýaňky gürrüňi götermedi. Mümkin, perzentsizligindendir, edil bagryna ýapyşaýdy. Asyl, sesini çykrmany bilmeýän dymma gelin heňkiräýdem.
— “Ogul” diýeniň tahýamy näme, tikip, öňüňe togalaýar ýaly. Oňa heleý iňirdisini etmeýän erkek gerek, heleý iňirdiňem bizarlar etdi seň! Iňirdäp-iňirdäp heleýe dönübem barýaň. Nirden ogul bolsun onnoň?! Aslynda-ha seň ýaly erkegiň heleý iňirdisini çekmeli däl-de, şol bozuk zenanam öýe getir-de, ýaşaň, diýip maňlaýyňa basyp çykyp gitmeli-le!
«Heleýe dönübem barýaň!» diýen jana batýan sözden soň «Birki şarpyk çalaýmalymy, ýa beýtseň biýedeplik, halys yzagalaklyk bolýarmyka?» diýip, ikirjiňlenip duran Öwezgula «Çykyp gitmeli-le» diýen söz hoş ýakdy. Diýjegini diline getirdi.
— Diýýäniňi edäýseň-ä bor welin, ony başarmarsyň.
Her niçik-de bolsa, ertesi gün okuwdan soň Öwezguly gelnine käýemeli bolmady. Ony gapynyň ýokarsyna gysdyrylan el ýaly kagyz garşy aldy.
«Öwezguly! Elin maşyn gabat geldi, öýümize gidýän, gözleme! Gelmejek bolaryn, arkaýyn bol!
Bossan».
Bu ýazgy Öwezgulynyň arzuwlaryny ýadyna saldy. Ol çalarak ýylgyrdy. «Şu zamanyň aýallaryna ynam ýog-a. Beýlekini getirenimi eşidip geläýmesin. Sudlaşyp dagy etse subutnama bolar» diýip, hatly kagyzy gursak jübüsine saldy.

***

Öwezgulynyň etsem-petsemli çaklamalary çaklamalygyna galdy. Ýaş-ýeleňler onuň göreldesine eýerip, obada başy açyk gelinleri köpeldibermediler. Iňlis dilinden okadýan zenan hem Öwezgulylaryň tozanly köçesi bilen kän gatnamaly bolmady. «Şähere» diýip, çykyp gidip, soň köwlenmändirem. Ýöne Öwezguly aýal meselesinde ýalňyşan-da bolsa, Bossana: «Daş asyryň gyzy» diýip ýalňyşmandyr.
Çünki oba mugallymlary bu pikiri açyş derejesine çenli göterip ýörler. Olar arakesmede Öwezgulynyň ýok wagty Daş asyry hakda gürrüň edip, şu zamanaň aýallarynda şol döwrüň häsiýetleriniň saklanyp galandygyny aýdýarlar.
Onsoňam, Öwezgulynyň üşeýän bolup, tomsuň tüp yssysynda-da kibtini gysyp ýörmesine oba mugallymlary bolup, hiç düşünip bilenoklar. Edebiýatdan okadýan Orazberdi-hä Öwezguly hakda gürrüň gozgalsa şol iki-üç sözlemjigini atyp galýar.
— Arada kitap sorap baraýmanmy, öýi pyrlampaç aýlanan ýaly sowuk eken. Daşardanam derläp bardym. Asgyrdyberse nädersiň?! Birki gün burnumy çekip gezmeli etdi. Ýogsam konnysynerem-ä ýok weli, öýünde bir sowuklyg-a bar şoň.
Orazberdi edebiýat mugallymy-da. Belki, onuň çyna berimsiz edip gürrüň berýän bu sözleriniň aňyrsynda nähilidir bir toslama ýatandyr. Ýöne Öwezgulynyň kibtini gysyp ýörenligi bolsa çyn.
Belkem, Daş asyrynda gowaklarda adam sürülerini ýyladan oduň gyzgyn çogy aýallaryň süňüne siňip, şol gyzgynlyk aýal süňňünde şu güne çenli saklanyp galandyr. Mümkün, Daş asyrynda ýakylan ody öçürmän saklamak wezipäniň aýal boýnuna düşmegi, şu günlerde hem ojak odunyň öçmezligini aýala bagly edip goýandyr. Onsoň Öwezguly ýaly ojagynyň oduny öçürmän saklaýan süňňüne Daş asyrynda ýakylan oduň ýylysy siňen aýaly bolmadyklaryň tüp yssyda-da üşäýmekleri ahmal-a.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Daýanç Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Bagabat • 11:32, 25.01.2023
Gowy hekaýa. Dili sagdyn, wakasy sadadan düşnükli.
avatar
1
2 Bagabat • 11:41, 25.01.2023
Okasaň göwnüňe aralaşýar.
avatar
2
3 Мango • 12:54, 25.01.2023
Sag bol Serdar kaka. Gowy hekaýa bilen, gowy awtor bilen tanyşdyrdyň.
Şu gumly halkynyň özboluşly aksenti bilen sözlem gurmalary bar.
Olary diňlemegiňem özboluşly lezzeti bar.
—-
Harp ýalňyşlaram käniräk eken.

Näme düýn emmeden aýrylandan maslahatdan sorap, Hojanazaryň akly çaşypdyr diýip eşitdiňmi?
—-
Kesindiniň oba oda sokulan ujy daşy küljerip ugran közlerden eslijäni alyp galdy-da, özüni depen aýagyň üstünden eňterdi.

…şu günlerde hem oja ojagyň odunyň öçmezligini aýala bagly edip goýandyr.
avatar
2
4 Мango • 13:06, 25.01.2023
Öwezguly - неудачный реформатор.
Daňatar we oňa meňzeşlerdenem Öwezgula поддержка bolmady.
Öwezgulyň öýünde-de власть отставка gitdi.
Maşgala dagady.
Gowak otsyz galdy.
avatar
2
5 Мango • 13:12, 25.01.2023
Hekaýada awtor oňky dogry, muňky ýalňyş diýip akyl satanok, gahrymanlaň hereketine analiz berjek bolanok. Bu-da onuň artykmaç tarapy. Gowam edýär.
avatar
0
6 Bagabat • 13:34, 25.01.2023
Düzetdim.
Şomatlar ýaňy 20-si ýa dolan, ýa dolmadyk, talyp ýigdiň ýazan hekaýalary.
avatar
0
7 Mekan • 00:42, 27.01.2023
20 ýaşlarynda şeýle ýazýan bolsa, berekella.

Bujagaşja dagy sered-ä

Ýöne Öwezguly hyrçyna gan öýdürmeli boldy.

Gowy gürrüñ berýä
avatar

Старая форма входа
Total users: 202