Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:31
Mahyma çalymdaş gyz
MAHYMA ÇALYMDAŞ GYZ

O ýer şäheriň ho-ol çeti, adamlaryň ibirtde-zibirtliginiň, maşyn tormozlarynyň ýalta seretdirýän eýmenç jygyldysynyň ýok ýeri. Ümsümlik. Kiçijik naharhana-da şeýle. Naharhanada gündizlerine-de göz egleýän basa-bas hümer ýok welin, bular ýaly gijelerde dagy iki-ýeke. Häzirem şeýle, çolaja. Diňe bir ýaş ýigit bar. Naharhananyň çolalygy ýaly, ýigidiň öňündäki stoluň üstem çola. Nähilidir bir içgiden püre-pürlenen bulgur bar. Bolany şol. Ýigidiň elleriniň eňegine direlendigi, gözleriniň bolsa, bir nokada dikilendigi, onda alada, gussa barlygyny aýdýar. Bu ýaşlardaky alada, sorap-idäp otursaň köplenç, söýgi meselesine syrygýar. Şeýlemi-dälmi, ýöne bir zat weli aňdyrýar: ýaş ýigidiň eýemsiräbräk arkaýyn oturyşy, öz-özi bilen bir pursat ýüzbe-ýüz galmak üçin şu çolaja ýeri ýörite saýlana meňzeýär. Özem hamana, gürrüňdeşi ýanynda ýaly, ýuwaşjadan hümürdeýär. Howlukdyrmasana eje, seň diýýän gyzlaryňa-da erbet diýemog-a! Saňa-da düşünýän! Ýöne men şol gzy taparyn. Ol mekdepde okap ýörkäm bir göründi. Indem şol gaçyp ýörene meňzeş. Bilýän, ol bar. Öten agşamam ukudan oýardy-da, gürüm-jürüm boldy. Eje, men ony hökman taparyn!
Ýeňil maşynyň naharhananyň agzynda gelip saklanmagy gamyşlyga daş oklanan ýaly etdi. Ondan düşen üç-dört sany pyýadanyň dünýäde özlerinden başga adam bardyr öýtmän gelişleri keýpleriniň juda gowulygyndan habar berýär. Olaryň haýsysynyň gepläp, haýsynyň diňleýändigine düşer ýaly däl. Ýaş ýigit ýüzüni kürşertdi. Olaň öz oturan stolunyň başyna çökmegi-hä ýaş ýigide hasam ýaramady.
— Hol, boş ýerlerde oturyp bolanokmy-aý? — Olar gowur turuzdylar.
— Baý, indiki ýaşlaň dargursaklygyny-aý.
— Näme-ow, jigim, eneň satyn alyrmydy bu ýeri?! Ýaş ýigit öňünde duran bulgury ýaňkydan saldy.
— Häk, seňem bir... Ýaňkylar bilen ýeke oglanyň arasynda güpür-tapyr başlandy.
Keýpleri bäşden-de ýokarrak döw ýaly pyýadalar, Görogly bolaýmasaň ýeýgertjekmi? Bijaýrak degen urgularyň biri ýigidi ýere ýazdy. Şondan soňam kän depgilediler. Olara: «Edýäniňiz näme?» diýere adam ýokdy. Naharhananyň hojaýynam uruş başlanan badyna sumat boldy. Olaryň biriniň kellesi entek doly boşamadyk bor çemeli.
— Öldürýäňiz-ow! — El-aýaklarynyň ýelini alan pyýadalar bir gapdala çekildiler. Ýigitden dem-düýt çykmady. Kellesi göçen pyýadalary ýigidiň gymyldaman ýatyşy howatyr etdirdimi, nämemi, ýaralamaga başladylar. Olaň biri gursagyna gulagyny goýdy.
— Ah-ow, gutarypdyr!
Olar gezekli-gezegine gelip, ýigidiň ýüregini diňlediler.
— Eý, näderis?!
— Ýörüň, gitdik!
— Näme, öz aýagyňyz bilen gözenegiň aňyrsyna geçesiňiz gelýämi, atyň bagaža!
Ýeňil maşyn şäherden uzakda, derýanyň boýunda saklandy.
— Boluň, zyňalyň!
Olar şalkyldap ýatan göwräni alyp raýyşdan aşak inip ugradylar.
— Boluň şu ýerden zyňdyk-laý aşak, düşseň üst-başyňy myžžyk eder.
Olar ümsümligi, çolalygy söýýän ýigidi ýeke galdyrdylar.

***

Çerkeziň derýany ýaklap oturan obanyň çetindäki külbäniň eýesi Şükür agalarda ýatanyna iki-üç gün bolaýypdyr. Ho gün gözüni açanda nätanyş ýerde ýatanlygyna haýran galdy. Bu ýerden gitjek boldy. Ýöne Şükür aga goýbermändi.
Ýeke özi içini hümledip oturmak Çerkezi irizdi. Şükür agada obanyň sygyrlaryny äkidendir, giçlik dolanar. Ol daş çykdy. Ýuwaşlyk bilen derýa tarap ýola düşdi. Derýanyň boýuna barýança iki ýerde dagyn oturdy. Endamyndaky ownuk-uşak agyrylara hiç welin, aýagy ýöretmejek bolýar. Ol şo gezek Şükür aga goýberäýenliginde-de özüniň gidip bilmejek ekenligini bildi. Çerkez raýyşa çykdy.
Oba durmuşy — tamdyrlardan tüsse göterilýär, bir tarapyňdan derýa akyp ýatyr, mal bakyp ýören oglanjyklaram bar. Bary-bir görnüşleriň hiç birem gussa girdabyndaky Çerkeze gol uzatmady. Ol raýşyň üstüne çökdi. Nähilidir bir pikirlere berlip kän oturdy. Çerkeziň gulagyna ýakymly owaz kaklyşan ýaly boldy. Ol töweregine ýaltaklady. Gözüne üýtgeşik zat ilmedi. Ýaňky owazy ýene eşidäýjek bolup gulaklaryny keýertdi. Gaýtalanmady.
Çerkez: «Bu bir her dürli oý-hyýallaryň gulaga getiräýýän owazydyr-da» diýip içini gepletdi. Ýöne ýaňky owazyň dowamly gaýtalanyp başlamagy, Çerkeziň içgepletmesini ýalana çykardy. Gopuz ýaly-la. Çerkez töweregine ýaltaklaman diňledi. Çala gozgansa owaz tapba ýataýjak ýaly, demini sodalyk bilen aldy. Öňler-ä ünsem bermändir, şeýle kiçijek zatdan bular ýaly owaz çykaryp bolýandygyna haýran galdy. Zaryn, nämedir bir zatlar-a diýýär. Kapassa düşen guşjagaz ýaly zaryn saýraýar. Çerkez dünýäni unudan borly, gopuz çalynmasynyň haçan kesilendiginem duýman galypdyr. Ol owazyň eýesini gözledi. Han-ha, derýanyň boýundaky derege ýaplanyp bir gyz dur. Çerkez bir topar gyz görjekdir. Ol birhili boldy. Ulugyzyň ýeke özüniň derýanyň boýunda gopuz çalmagy, sorag bolup, oý pikirlerine öwrüldi. Çerkez mal bakyp ýören oglanjyklaryň ýanyna bardy. Oglanjyklaryň ekabyrragyndan sorady.
— Jigim, o gyz kim?
— Aý, däli-laý.
Ýene biri söze goşuldy.
— Ol her gün şol deregiň ýanyna gelýär. Çerkez ýüzüne urlan ýaly boldy. Çagalaryň ýanyndan basym gatdy.
Ýöne, «däli-laý diýen sözi gapdalyndan biri şol gaýtalap gelýän ýaly. Yzyna gelýärkä-de gopuz, gopuzly gyz hakda pikir etdi. Bu oý-pikirler Çerkeziň agyrylaryny ýadyndan çykartdy. Şükür aganyň külbesine ýetýänçä ýeke ýerde-de oturmady. Çerkez gije düşekde ýatyrka-da ynjalyk tapmady. Bu hakda Şükür agdan soraýjagam boldy. Ýöne ýaşuly adamdan muň ýaly zady sorap durmaga utandy. Ertesi Şükür aga sygyrlaryny alyp gidenden, Çerkezem derýanyň kenaryna tarap ýeňdi. Bu gezek raýyşyň üstünde däl-de, derekden-gopuzly gyzyň saz çalýan ýerinden hol beýleräkde ornaşdy. Biraz salymdan gopuzly gyzam geldi. Ol, hamana, Çerkezi öňden görüp ýören kişisi ýaly, oňa pitiwa-da etmedi. Çerkezem sesini çykarmady. Çerkez ony öňem bir ýerlerde gören ýaly bolup dur. Kimkän? Gopuzly gyz gopuz salmaga başlady. Çerkezem diňledi. Tutuş töwerek gopuz owazyndan serpaý ýapyndy. Gyz birhaýukdan soň gopuz çalmasyny goýdy. Ol ýiti nazarlary bilen Çerkezi synlamaga başlady. Çerkez aljyradymy ýa-da oň ünsüni sowmak isledimi, morta sorag berdi.
— Siz her gün gopuz, çalýaňyz-la?!
Gyz agras, merdemsilik bilen gepläp başlady.
— Bilýänem dälsiňiz-ow. Muny maňa enem gürrüň beripdi. Birmahal şu derek gyz bolupdyr. Gowy görýän oglany bar eken. Ol ikisiniň duşuşýan ýerleri şu derýanyň boýy bolupdyr. Gyz gopuz salmana şeýle ezber eken. Guşlaram saýramany şondan öwrenipdir diýýär enem. Oglan duşmanlara garşy söweşe giden gezekleriniň birinden gaýdyp gelmändir. Gyz garaşypdyr, kän garaşypdyr. Her gün gopuz çalyp ýoluna garapdyr. «Eger diri bolsa, gopuzyň owazyny eşidip geler» diýer eken. Gözleri ýolda galan gyz günleriň birinde: «Derekleriňki ýaly boýum bolsa, giden ýollaryna garasam» diýip, arzuw edipdir. Ahyry garaşa-garaşa derege öwrülipdir. Görenokmy, çar tarapa baş yraýşyny?! Söýgülisiniň ýoluna garaýar? Şol ýigit gelende bu deregem öňküsi ýaly gyza öwrüljekmiş. Indi bu gopuz çalyp bilenok. Ol ýigit gopuzyň owazyny eşidip gelmeli ahyryn. Bu gürrüňi diňlänsoň-a Çerkez ony bir ýerlerde görendigine ynandam. Ýöne hiç hakydasyna getirip bilenok. Ol ýene Çerkeze dikanlap garady.
— Sen gopuz diňlemäne geldiňmi?!
— Hawa.
— Derek kän garaşypdyr, gelermikän?
— Geler, hökman geler.
Olam Çerkeziň aýdanlaryny tassyklady.
— Geler, senem gelipsiň-ä gopuzyň owazyny eşidip. Gopuzly gyzyň kimdigini bilmek isledi. Çerkezi erkine goýanokdy. Ahyry çekinjeňlik bilen sorady.
— Şükür aga, derýanyň boýundaky gyz bara...
— Hä-ä, omy köşegim, ilçilikd-ä, her hili kişi bar. Goja halas edenem şol. Gelip maňa aýtdy. Barsam, derýanyň kenaryna agan ýalpak ýerinde ýatan ekeniň. Ýene birki ädim aňyrrak düşen bolsaň, derýa gitjek ekeniň.
Çerkez tisginip gitdi. Onuň kimligini bilmän ýören kişisi agynjak «Zöhre-Tahyrdaky» Mahym. Çerkez öz ýanyndan özi utandy. Öz-özüne: «Gopuzly gyzy Mahym hasaplap, özüňe-de Tahyrdyryn öýdýäňmi?» diýdi. Ýok, ol özüni Tahyr saýanokdy. Gopuzly gyzam Mahymyň kitapdaky suratlandyrlyşy ýaly owadan-a däldi. Ýöne Çerkeziň hyýalyndaky Mahym welin, gopuzly gyzyň keşbindedi. Çerkez Şükür aga bilen hoşlaşdy. Soňam derýanyň boýuna bardy.
Gopuzly gyz bar eken. Çerkez aýtmasy kyn sözlerini aýtdy:
— Men gidýän.
— Owadan atly, bili gylyçly ýigit görseň derýanyň boýuny salgy berewergin! Deregiň gözleri ýolda!
Çerkez ýola düşdi. Derýanyň boýundan ýene-de gopuzyň owazy gelip başlady. Ol birden-ä Tahyr begiň hoşlaşyk aýdymy ýalydy, birdenem Mahym gyzyň ahy-nalasyna meňzeýärdi. Çerkez özünde giden bir boşlugyň emele gelendigini duýdy. Hakyky Çerkez derýanyň boýunda galyp, bu barýanam Çerkeziň boş göwresi ýalydy.
Çerkez: «Barlygyny bilýädim, bu şol bolmaly, men ýene gelerin» diýdi. Ol yzyna gaňryldy. Derýanyň boýunda gopuz çalynýar. Ol ýerde Mahyma çalymdaş gyz bar.

© Daýanç ÝEGENMYRADOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Daýanç Ýegenmyradow | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 13:28, 14.02.2023
Mahym gyzyň sözler-ä däliniňki däl...
Ýöne, geň diýip bolar... Hyýaly başga älemlerde...
gowy gürrüňçi eken awtor dost (ýadadanok).
gowy hekaýa.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203