Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:22
Süýji üzümiň ajy çakyry / hekaýa
SÜÝJI ÜZÜMIŇ AJY ÇAKYRY

Bolýa-bolýa, bize bolýa. Günuzyn hemmeler bilen deň hars urup, ýene-de gije üzümçiligiň başynda ýatmaly. Gowy ýeri Mergenleňem, Saraý samsyklaňam...häk, başga biri diýende ganym lasyrdaýan halyma özümem diýäýdimmi?! Hawa, Mergenleňem, Saraýlaňam, biziňem kärendesine alan üzümçiligimiz bir ýerräkde bolansoň, ortalykdan üç hojalyga bir telär dikdik. Üzüm bişeli bäri Megren, Saraý üçimiz üzümçiligiň başynda ýatýas, ýok, ýatyrýarlar.
Nätjek-dä, «Başynda boluň!» diýýäler. Dogrusy, ýatyldygy-da däl. Gijäni üstüňle wag berýän çybynlar bilen çytalaşyp geçirmeli. Ýogsam, Gün erňekläp ugrandan peşehanamyzy gurup goýýas. Ilki bir ýok ýalam welin, Saraý birki gezek omadaklap, girip-çykansoň, daşy bilen des-deň. Bir ýeriňe çydyn gonsa, aýaň bilen şarpyldadyp, öz-özüňi ýenjip oturmalysyň. Nernä, Saraý ýok ýerinden gülki tapyp, çybynlary biraz salym unutdyraýýar. Men-ä üzümçiligiň başyny Saraýsyz göz öňüne-de getirip bilemok.
Eger obamyzda «Gyzylyň gyryndysy ýaly» diýilýän oglan iki bolsa, biri Saraýmyka diýýän. Oň ýaly oglany Sähetli agaň kitap okanda gözüne tutýan, büre ýaly hatlary dagam badyradaýýan tegelek aýnasy bilen gözleseňem tapyp bolmaz. Oba-da oňa hemmeler: «Saraý han» diýýär. Birki sany özüni bilmez bolaýmasa, oňa samsyk diýip ýören kän däl, Mergen bilen olaň garşysyna kän çykdyk, mydama-da çykylgy. Ýöne, şo sözi bir ýerde diýmeseler, bir ýerde diýýärlerdä. Biz-ä Saraýda şeý diýer ýaly, kemçilik göremzok.
Dogry, barypýatan kejeňek, yňdarma. Ýok, beýle-de däl, öte ynanjaň, çaga ýaly. Haýsydyr bir zada berlensoň, ony şo pikirinden dänderäýmek başartmaz. Häzirem Mergen bilen jedele giren ýaly. Mergeniň gahary gelen borly, çybyn gonsa gonmasa endamyna yzly-yzyna şarpyk baryny suňşuraýýar. Nämedir bir zady düşündirjek bolýar.
— Aý, bu bir burnuny ýel alansoň öňüni aldyraýmaz-laý. Näme, çakyr zawody bizden maşyn-maşyn üzümi kişmiş serinmek üçin alýandyr öýdýäňmi?!
Saraýyň tutan ýerini goýberen gezegi bolupmydy diýsene!
— Adam oýnajak bolma, pikir edä-how, arak nire, üzüm nire. Onnoňam bular ýaly üzümler başga ýurtlarda ýok, arak-parak bilen deňeme!
— Şoň üçin alýada türkmen konýaklary bäsleşikde altyn medaly goşa-goşadan.
Bu gezegem Saraý öz ýolundan dolanmady.

***

Şol gün irden üzümçiligiň ilersindäki pagtaly atyza geçip saklanan awtobus bizi haýrana goýdy. Aňkarylyp kän durduk. Gep awtobusda däldi, ondan düşen bir topar oglan-gyzdady. Olar biziň gören kişilerimiz-ä däldi. Onsoňam, pagta ýygymyndan entek irdi. Öňler ir bilen turup çaý-çörek edinerdik, şonam ýatdan çykarypdyrys. Aňkaryla-aňkaryla anyklan zadymyzam bolmady. Öňdäkiler gelensoňam, her kim işli işine dagady. Ir bilen bizi aňkardan awtobus, gijara getirenlerini alyp gitdi. Bizi alasarmyk ýagdaýda goýdy. Görsek ýylgyrjaklap durşuna Saraý gaty arkaýyn:
— Oglanlar gama batmaň, bujagaz awtobusyň gitjek ýeri ýok, geler durar.
Mergen ikimiz «Näme üçin, nädip bilýäň?» diýişip, Saraýyň daşyna geçdik. Olam agzyndan gyzyl gaçyrjak ýaly, her sözüne basym beren bolup:
— Olar hol agranom bara, Ýazsähet, şoň okan ýerindenmiş.
Okuw geçýämişler.
— Gowaçaň arasynda okuw näme işleýär-eý?!
— Näme-how, praktika-laý.
Indi öňküler ýaly öýe gaýdýanlaň yzyndan aňkaramyzokdyk. «Öýde bolaý» diýip, äkitjek bolaýsalaram kes-kelläm razy bolmazmykak diýýän. Ýagdaýlar düýpgöter üýtgedi. Her gün ir bilen bizi aňkardan awtobusy gözlerimiz bilen garşy alýas, giçligem ugradýas. Teläriň üstünde daraklygymyza galyp, boýnumyzam durnaň boýny ýaly süýndürip, awtobusyň garasy ýitýänçä seredýäs. Soňam ýakymly, hatda üzümdenem süýji arzuw-hyýallaryň deňzine çümýäs. Başarýan zadymyz welin, ýok.
Ýaman ýerem soňky wagtlarda, şu töwerekde her hili bahana bilen ömür bäri aýak sekmeýän oglanlar köreldi. Olaň nämä gelýäni belli. Biziň bu hakykaty boýun alasymyz gelenok. Bir günem Saraý Saraýlygyny etdi. Boýun almasy kyn hakykaty ýüzümize aýtdy:
— Bular şo gyzlara gyzan bolup gelýärler-leý.
Maňada-ha bu sözler ýarap baranok welin, Mergene hasam ýokuş degdi.
— «Gyzlara gyzan bolup» diýip, nämeý o gyzlar Artygyň harmanynyň dänesimi?!
— Herri-herriňi goý-how, zat başarmaýanyňa men günäkär däl-ä. Nätseňem şo şeýle.
— Seňem adam aňkardyp, başaran zadyňy göremzok.
— Başarýanmy, başaramokmy, ony görüberýäs.
— Şumada çenli görmediňmi, indem nä bileýin.
Saraý bilen Mergeniň «görüberýäslerinden» kän wagt geçmänkä, tereziň Saraýly tarapy aşaklap başlady. Aňkardýan awtobusy gözümiz bilen gözýetimiň aňyr çägine çenli ugradyp oturşymyzdy. Saraýyň bildirer-bildirmez, çala ýylgyrýanlygy, nämedir bir zada biynjalyklygy aňdyrdy. Diýmek, bir syrjagazy bolup, aýtjagyny-aýtmajagyny bilmeýän borly. Näk, syr bolup Saraýyň syr sandygynda uzak ýataryn öýdýäňmi diýsene, onda-da ýanynda men, Mergen barka. Mergen Saraýyň açjagyny, açmajagyny bilmän duran syr sandygynyň gapagyny galdyryşmaga kömek etdi.
— Ýeri-ow, näme ýaryş-ýaryş edýäň, bile ýyrşaraly-da.
Saraý: «Aý» diýip, sakanaklady.
— Näme, bizdenem ýaşyrynmydyr.
Saraý: «Size ýalan, maňa çyn» diýip, syr sandygyny açdy. Erinlerem gulaklarynyň bäri ýanynda ýatyr. Biziňem iki gulagymyz şol erinlerden çykjak sözlerde.
— Häli bara, nemedir-ä şoň ady, gülgüne reňkli üýtgeşik üzüm...
—Bilýäs, gülgüne reňkli üzüm, şomuşykda aýdyber.
— Şo gülgüne reňkli üzümçiligiň içinde aýlanyp ýördüm welin, ileri çetinden iki sany gyz girip gelýär...
— Bäh, iki sany.
— Onnoň bara «Üzümçilige aýlaý» diýdiler.
— Atlary nämedi, tanşansyňam-a?!
— Eýlekiň ady ýadymda däl, has owadanynyň ady Gülledi. Eý, bara, gülgüne reňkli üzümden bir salkymy ellerine berdim welin, üýtgeşik-leý.
Saraý juk-juklap aşyny ýaýkady-da, süýkdürip sykylyklady.
— Ertirem geliň - diýdim. Men gutlap Saraýyň elini gysdym.
Saraý nädipdirin, diýýän ýaly edip Mergene dikanlady. Megerem düşündi öýdýän, gözügidijiligini gizläp, pisintsiz kişiden bolup söz atdy.
— Başga diýen zadyň ýokmy?
— Bar zady birlikde motra-morta aýdyp goýberip bolmaz-a, her gadyň öz ugry ýoly bar-ow.
Şuň ýaly bolanda, aralykda maňa kyn, hersi öz tarapyna çekjekden.
Şondan soň ýene bir kynçylyk artdy. Öň-ä çybynyň derdinden uklamak hyllalla, uklaýsaňam düýşürgenýrmi, nämemi samraşdyryp, gykylyklap, Saraý oýaraýýa-da.
Mergen näçe pisint etmediksirese-de, Saraý bilen Gülläň gülgüne reňkli üzümçiligiň içinde ikiçäk aýlanyp ýörenlerini görelimiz bäri ýuwaşady. Asyl men-ä gözüm gidýär.
Soňky wagtlarda Saraý özleri hakda süýji-süýji gürrüňler bererdi. Güllesini dagyn peri edip goýaýýar. Saraýyň aýdany dogram. O gün eli bir salkym üzümli Saraýyň gapdalyndan barýar welin, heý goýaý, üzümleň arasyndan çekdirilen sime ýaplanyp dünýäni unudaýypdyryn. Alasarmyklyga düşdüm. Ýöne bulaň baryndan dostluk sarpasy rüstem geldi. Çalarak kemsinme welin, tutuş süňňümde orun alypdyr. Saraýyň şo gezekki gürrüňi hem Gülle hakdady. Ýanymyzda oba oglanlarynyňam biri bardy. Ol:
— Hany Arslan jalaý o gyz bilen gezýän diýýädi-le — diýdi. Saraý o görgülä aýdanyna puşman etdirdi. Oturan ýerinden zyňyp galdy.
— Bar aýt Arslan jalaýa düýşündäki zatlary diline getirmesin. Gülle öňýetene çeýnetjek çöp däldir. Bu ýerde bir topar agzy boşuň gürrüňini gaýdyp gürleme.
Bir günem Saraý aňkardýan awtobusyň yzyndan garap durşuna:
— Indi olar gelmez — diýdi.
Biz aňka-taňka bolup, Saraýa seretdik.
— Gülle aýtdy, praktikalary gutarypdyr.
Mergen ýüzünde gynanç ýokundusy ýok halyna, Saraýa garap:
— Ajy aýralygyňa gynanjymy kabul et — diýdi.
Görsem, Saraýyň ýüz-gözünde gussadan bir jinnek bolaýsyn-da, ýyrş-ýyrş edip, gürläp başlady.
— Bu mydamlyk hoşlaşyk däl. Güýzde akgaňlaň toýy bolýar.
Biz şu şatlykly habary agzymyzy öweldip, garşy aldyk. Soňam Saraýyň özüniňki ýaly, eginlerimizi gulaklarymyza tarap ugradyp goýberdik. Mergen ikimiz Saraýy hangöter etdik. Etsegem-ä etdik welin, üçimizem telärden tas kelemenläp gaýdypdyk.
Mergen bilen bir zat üçin-ä üzümçiligiň çetine çykdyk. Bilesigeliji-dä, Mergen küde edilen üýşmek çöp-çalamyň gyrasyny galdyrdy. Görsek aşagy gülgüne reňkli üzümden ýaşşik-ýaşşik. Bu Saraýyň içi bolsa gerek. Çakymyz dogry çykdy.
— Bilýäňiz-ä güýz golaýlaýar. Olar toý üçin — diýen bolup, süýjüje ýylgyrýar.
Mergenem durup bilemdi.
— Oňa çenli zaýalanar-how, onsoňam ol üzümler durumsyzrak bolaýmasyn ýygna olary, entek wagt bar.
— Üýtgeşik üzümiň soňy şo, zaýalanmaz.
Mergen uzak çekeleşmedi. Saraý öz diýenli oglan-a.
Ahyry güýzem geldi. Bizem öýe haçan ýygnansak ýygnanaýmalydyk.
Gişlikdi, biz teläriň başyndadyk. Oba tarapdan tatyrdap gaýdan matorly iziň ýanymyza gelip matoryny öçürip-öçürmän, «Toýa baraňyzokmy» diýip gygyrdy. Biz aslynda-da toýa garaşyp ýören-ä. Bu gün toýuň barlygyny öňüräkden bilmeýşimizi diýsene. Buşlukçy kän garaşdyrmady.
— Arslan jalaý gyz alyp gaçypdyr. Häzir toýy başlaýar.
Mergen:
— Kim-aý oň alyp gaçany?
— Tomus şu ýere praktika gelen gyzlaň biri, adyna Gülle diýäýdiler öýdýän.
Toý habary hem beýder eken-ow. Saraý-a telärden aýagyny sallap oturşyna doňup galdy. Mergenem başyny ahmyrly ýaýkap bir ýerlerik siňip gitdi.
Nähili bolýar-a, bu dünýä haýran galaýmaly. Göýä ýaňam gülüp oturan oglanyň amala aşmajak arzuwlaryň doňup galyşy ýaly, gymyldy-hereketsiz doňup oturşyny. Şatlygyň, gaýgyň arasy zat däl-ow. Üzüm, çakyr, şatlyk, gaýgy... başga-başga zatlar ýalam welin, aralary juda ýakyn-ow. Ol aralyk ölçärden kiçi. Hatda, göze-de ilenok.
Gije üstümize gara ýorganyny örtdi. Oba tarapdan bize toý sazynyň üşnüksiz düňk-düňki eşidilýärdi. Göwnüme bolsama, çakyr ysam gelýän ýaly. Saraý şol oturşyna ahyry bir zatlar hümürdedi:
— Men ynanýan, üzümden çakyr ýasaýsa bolar.
Mergen sessiz ýeňimden çekip meni alyp gitdi. Barsak Saraýyň toýa ýygnan üzümleriniň bir gyrasyndaky çöp-çalam serpilipdir. Üsti açyklygyna günüň aşagynda duran üzümler zaýalanypdyr, çakyra öwrülipdir.
Uzaklardan toý sazynyň ýüregedüşgünç düňk-düňki eşidilýär, güýzüň şabat şemalyna bolsa, zaýalanan üzümleň başaýlaýjy çakyrsow ysy bar.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Daýanç Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 19:25, 24.01.2023
haý, Saraý han.... üzümden çakyr ýasalýanyny tejribesinde düşündow.

Üzüm, çakyr, şatlyk, gaýgy... başga-başga zatlar ýalam welin, aralary juda ýakyn-ow.

gowy hekaýa eken. ýokarky sanalanlaryň daşynda örülipdir hekaýa. haladym.
Arslan jalaýam hekaýada görünmänjik iş bitirädaý.
Saraýa hekaýaň başynda "samsyk" diýip agzalypdy welin... Gülle oň samsyklygyny aňaýdymyka?
Ýa Gülläň özi samsyklyk etdimikä?
hekaýa 5 ýyzzyl.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202