09:49 Gülden uçan kebelek / hekaýa | |
GÜLDEN UÇAN KEBELEK Adamlaryň: «aşygydyryn» diýip, gül baryny ýolup ýörüşleri uzak sähradaky täsin kebelejikli gürrüňi ýadyma düşürýär. Şol sähradaky kebelejik gülden-güle gonup, gül yşkynda sersepil bolup ömrüm ötürýärmişin diýýärler. Kebelejigiň täsin ýeri hem ol aýajyklary çala tozan bolandyr öýtse-de, güle gonmaýarmyşyn. Aşyk kebelejik gülleriň meňzinde tegmil galaryndan gorkýarmyşyn... *** Telewizoryň lallary hem saýrap duran edip bilinýän derejä ýetilendigi hakyndaky habary başga obalary-ha bilemok welin, Kowçumda-ha gowur turzup bildi. Kowçumlylar: «Täsgeldi orus gyza öýlenende edilen gürrüňlerem şunça ýa bolandyr, ýa bolan däldir» diýip, ikuçly edip goýýarlar. Käbir kişiler-ä muny lallary jürläp duran edýän merkeziň paýtagtda açylandygy bilen düşündirýärler. Aslynda welin, Naýzaly agaň ogly Kerwen bolmadyk bolsa, kowçumlylaram bu habary «Jahan ýaňyny» görüp otyrkalar çala üşerilişişleri ýaly, bir üşeriläge-de, gulaklarynyň eýelesinden geçirer goýbärdiler. Eger-de Kowçumyň aýratynlyklary hakynda gürrüň etmeli bolsa, ilki bilen Kerweni ýatlamaly bolar. Täçnazar şahyryň bir sözi bar. Goşgularynyň käbir ýerinden kiçiräk kemçiliklerini aýtsaň şeýle diýýär: «Adam nämedir bir zat döredip otyrka, edýän işine göwni ýetmeden ýaňa göterilip, kem-käsräk säwlige ýol beräýýär. Diňe adam däl, hatda Hudaý janyň hem şeýledigini aýdyp biljek». Muny eşiden aýal-ebtatlar-a ýaka towlap, «Ýene içipdir-ow ýerçeken» diýýärler. Täçnazar welin, aýdanlaryny tutaryksyz goýmaýar. Kerweni mysal getirýär. «Allatagala Kerweni şumada çenli ýaradan erkek göbeklileriniň içinde iň görmeklisi edip ýaradypdyr. Indiden beýlägem Kerwen ýaly yşnakly dogma dünýä inmese gerek. Ala-böle näme üçin Kerwen dilsiz? Küpür gepleýän bolsam günämi geçin-le welin, şulam edýän işiňe göwnüň ýetmeden, göwnüň göterilmeden bolýan bolaýmasa?!». Täçnazaryň Allatagala hakynda aýdanlaryna pylan zat diýip biljek däl. Kerwen hakynda aýdanlary welin, harmandan däne. Dogrusy, onuň tarypy etmek üçin iň bolmanda Kowçumyň gyzlary bolmaly. Kerweniň dilsizdigi Kowçumyň gyzlaryna diňe bir Kowçumyň gyzlaryna hem däl, gyz ady bolanyň oňa gyýtaklaýyn nazary düşenine hem ahmyrdyr arman. Gyzlar ony hindi kinolarynda, köplenç, baş rolda oýnaýan artiste menzedýärler. Şu sebäpli arada tas uly gopgunam gopan eken. Gülbibi muňa garşy çykanmyşyn. Iki aýaklyň içinde Kerwene deňär ýalysy ýokdur» diýenmişin. Kerweniň ýüregem keşbi ýaly owadan. Owadanlykdan haýsyny bijebaşy etjegiňi biler ýaly däl. Öz öýlerinde-de iş ýetikdir welin, mydama ýekelliräk maşgalalaryň hyzmatyndadyr. Onsoňam Naýzaly aga huruşlyk mal soýunjak bolsa, häli-häzirem Kerweniň ýok magtyny peýlemeli bolýar. Ýogsam duýaýdygy, gözüniň owasyny ýaşdan dolduryp oturandyr. Bu zatlaryň bary hiçle. Meni başga bir mesele çüýe mündürdi. Kerweni paýtagtdaky lallary açýan merkeze görkezmek meselesiniň syýrtmagy gelip-gelip, meniň boýnumdan ildi. «Naýzaly aga çagyrýar» diýenlerinde halwa berip, agzymy süýjütmäge çagyrmaýandygyny-ha aňdymam-la. Her näme-de bolsa, Naýzaly agaň aýdyşy boýunça ýa-ha men ýaly ugur-ýoly bilýän kän ýok, ýa-da Naýzaly aga pagta bilen damak çalmak başartdy. Meni biynjalyk edýän zat Kerwen bilen ýola çykýandygym däl-de, onuň tükeniksiz «A-a»-lardan emele gelýän joşgunly sesidi. Kerwen lallykdan açylaýsa-ha beýdip gygyryp ýörmese gerek. Şeýle bolsa nädip bolarka?! Ýedigeniň biri öçene meňzemezmi?! Bu ses häli-şindi Kowçumyň syýrgynlaryny sarsdyryp durandyr. Şu sesi eşiden kowçumlylar şu wagta çenli dünýä inen erkek göbeklileriň iň owadanynyň Kowçumdadygyna buýsanardylar. Kowçumyň gyzlary bolsa, bu sesi eşiden batlaryna, ahmyr-armanly oýlaryna berlerdiler. «Wah, gelip-gelip, şol dilsiz bolup çykaýmalymy?» *** Kowçumdan paýtagta çenli aralykdaky bäş sagatlyk ýoldan şähere gelenimizden soň geçen bäş duralgalyk ýolumyz agyr düşdi. Kerwen köplere geň bolup eşidilýän «A-a»-lary bilen maňa bir zatlara-a diýýärdi. Menem ellerimi kelemenledip Kerweniň öz dilinde jogap gaýtarmaly bolýardym. Tutuş awtobusyň içi göze öwrülip bize seredýärdi. Ellerimi hereketlendirip duramsoň, maňa-da laldyr öýdýärlermi, onda-munda ikilek-ýekelek aýallaryň: «Wah-ýeý, neresseler» diýip, baş ýaýkap, jukguldaşýandyklary görünýärdi. Bize üm bilen ýer hödürleýärdiler. Bu zatlar hiç-le, merkeze baranymyzda birhilegräk ýagdaý bolup geçdi. Ilki bilen baş lukmana maňlaý diredik. Näme sebäpli gelendigimizi aýtdym. Ol bir ýere jaň etdi soňam: - Gapyň agzynda garaşyp durandyrlar, bolmaly otagyňyzy görkezerler - diýdi. - Hakykatdan-da, bize gapyň agzynda ak ýeýtaýly gyz garaşyp duran ekeni. Ol gürläre maý bermedi. Maňa mylaýymlyk bilen baş atdy-da, Kerwene seredip: - Men size garaşyp durun - diýdi. Awtobusdakylaryňkyny agyr görüp gelýän halyma muňky näme diýsene?! Bejertmäge getirilen kişi mendirin öýdýän bolmaly, hamana, owadan kişiler lal bolmaly däl ýaly. Gör, Kerwene seredişine ýaňaklarynda çukanak döredip, ýylgyran bolşuny. Meňem ýok zady - dilsizdigimi boýun alyp durasym gelmedi. - Bize garaşýan bolsaň, tne geldik-dä. Meniň totyguş ýaly saýrap durşumy görüp, ak ýektaýlynyň gözleri tegelendi. - A, bejergi almaly kişi indi gelmelimi?! Men Kerwene garşy barmak çommaltdym. Laldyr öýdülmegim maňa-da ýokuş degendir welin, Kerweniň lal bolur çykmagy ak ýektaýly gyza has agyr düşdi öýdýän. Şapaksowja öwsen ýaňaklary kül urlana döndüp, dogumlyja çykýan jedir-jedirlerden nyşan galmady. Aýtdym-a men, Kerwene gyýtaklaýyn nazary düşen gyzlaram onuň laldygyna göz ýetirensoň, ahmyr-armana çümýär diýip. Ol nätse-de bizi ýaşamaly otagmyza ýerleşdirip gitmäge ýarady. *** Ilki badalar haýsy kabinete, haýsy lukmanyň ýanyna barmaly bolsa ýany bilen gatnan hem bolsam, indi Kerweniň ýeke özi hem lukmanlaryň ýanyna gatnap bilýärdi. A, men bolsa, mydama ýaýjykly krowatyň üstünde arkan düşüp, aýak çilşirip ýatandyryn. Işsizlikdenmi nämemi, söýgi barada kän oýlanýardym. Oýlandygymça-da Kowçumyň gyzlaryna nebsim agyrýardy. Olar Kerweniň laldygy sebäpli, oňa bolan söýgülerini kalplarynyň çuň ýerinde gizlemeli bolupdylar. Ho-ol, gelen günümiz bizi otaga ýerleşdirip giden ak ýektaýly gyz Ogulgül welin, beýtmedi. Kerweniň dilsizdigi hem oňa söýgüsini kalbynyň çuň ýerinde gizledip bilmedi. Yşk Ogulgülüň ýüzündäki utanç örtügini ýyrtyp goýberdi ýa-da «Şäher gyzlary söýgi meselesine gezek gelende, aç-açanrak» diýen oba düşünjesi dogrudy. Ol häli-şindi bir bahana bilen biziň otagmyza gelip giderdi. Soňky wagtlarda-ha Kerwene gözegçilik etmegi hem öz boýnuna alypdyr. Öňem-ä az gelenokdy welin, şundan soň-a kabinetinde däl-de, biziň ýanymyzda bolýan wagty köpeldi. Goňşy otagdakylar meni görenlerinde bildirer-bildirmez, syrlyja ýylgyrýardylar. Ogulgülüň bolup ýörşüniň sebäbini menden gözleýärdiler. Näbilsinler tozanyň oslanmadyk tarapdan tozaýandygyny. Ogulgül her gezek gürrüňi Kerwenleriň maşgala durmuşyna ýazdyrýardy. Bir gezek olaryň näçe baş adamdygyny sorasa, soň bir gün näçesiniň gyzdygyny soraýardy. Soraglaryna-ha jogap berýärdim welin, oňa Kowçumda-da juda köp gyzyň aşykdygyny, ýöne Kerweniň dilsizdigi zerarly, olaryň söýgülerini kalplarynda göterip ýörendiklerini hem aýtdym. «Kän gyz» diýen söz Ogulgüle ýaramady öýdýän. Ýaňagyny bozardyp, maňa garşy çykdy. - Siziň o diýýänleriňiziň söýgüsi häki bir geldi-geçerdir-dä. Çuň söýgini çala kemçilik yzyna serpikdirip bilmez. Men Ogulgül özüni tutaryk ediner öýtdüm. Nireden kelläňe geldi diýsene, dilime gelenini pagladyp goýberdim. - Aý, seňki ýaly, dilsizdiginden açyljagyna gözleri ýetýän bolsa, olaram söýgülerini ýaşyryp ýöresleri ýokdy-la-diýdim. Meniň şorta sözlerime üstüni basdyrdymy, nämemi, ol bilmeýändir öýdüp ýören syryny öz dili bilen boýun alaýdy. - Ýok, men Kerweni diliniň açyljagyna bil baglap söýemok. Ol ömür-baky lal ötýänem bolsa söýerin. Ogulgül näme aýdyp durandygyna aýdyp bolanyndan soň düşündi öýdýän. Ýüzüni tutup, gapa tarap ylgady. Kerwen Ogulgülüň häli-şindi gelip durmasyna göni manysynda düşünýärdi. Olara kömek etmek maňa baglymykan diýýän Kerwene Ogulgüli şu ýere hiç kime tabyn bolmadyk näzik duýgularyň getirýändigini düşündirmelidim. A men bolsa, başga zatlar babatda düşünişýän hem bolsam, söýgi hakynda el bilen gürleşip görmändim. Bar edip bilenim şu boldy: indi Ogulgüli geldigi ýuwjak bahanasy bilen arassa çäýnek-käseleri alyp, başaryk çykýardym. Ýöne, şolam ýeterlik boldy öýdýän. Ogulgülüň sanjymlary, hamala sanjym däl-de, Kerweniň owadan ýüreginiň boş ýaraýan şypa meňzeş. Sähel salymda üýtgäýdi. Şu gün dagyn balagyny iki gezek ütükledi, üç gezegem atyr sepindi. Ogulgül söýgä terjime gerek däldigini subut etdi. Men diňle, lal bolsaňam hakyky söýginiň bular ýaljak kemçiligi pikine-de almaýandygyna göz ýetirdim. Özümem ýazyjy däldigime juda gynanýardym. Köp adamlar hakyky söýginiň nädiberýändiginden bihabar galjakdy. Zyýany ýok, Täçnazar şahyr bar-a. Ol Ogulgül-Kerwenli söýgi hakynda poýema ýazar. Ogulgül bilen Kerweniň söýgüsine aňkarylmadan ýaňa, lukmanlardan habar tutmany ýatdan çykaraýmaly däldi. Kerwen bilen bagly netijeleri anyklamak üçin baş lukmanyň alnynda sömeldim. Ol aýdylmadan ýaňa şyrdagy çykan sözler bilen gürrüňe başlady: - Lukman bilen näsag kesele garşy bilelikde göreşmeli. Oň üçinem näsag özüniň näsagdygyny bilmeli. Kerwen welin, özüniň näsagdygyny, beýleki adamlaryň özünden tapawudyny bilmeýän eken. Näsag özüniň näsagdygyna düşünmese, lukman oň bilen bilelikde nädip göreşsin?! Ilkinji nobatda biz Kerwene näsagdygyny, laldygyny düşündirmeli. *** Şol gije Kerweni beýle däliligi nireden-nädip tapynandygyna haýran. Ol ýetişip bildiginden otagdaky goşlarymyzy ýygnaýardwy. Onuň bolşy öýe gaýdyp barýana çalym edýärdi. Men bir zatlar düşündirjek bolup, ellerimi kelemenledýärdim. Ol bolsa, muňa ünsem berenokdy. Kerwen ýygnan goşlarynyň emele getiren sumkalaryndan birini elime tutduryp, «Öňe düş» diýen manyda gapa üsledi. Ol meni hiç hili diňlänokdy. Maňa diňe onuň bilen bolubermek galdy. Biz wokzala baryp ýetdik. Ol ýerde ne awtobus, ne otly bardy. Men Kerweniň bu däliligi nireden tapynyp ýörendigi barada oýlanýaryn. Onuň Kowçumyň beýleki obalardan tapawutlydygyny ýatladyp duran şowhunly «A-a»-laryndan nam-nyşan galmandyr. Ol düňlä öwrülipdir. Kowçumlylar muňa nähili garar?! Dogrusy, Kerweniň bejergisi gowy ýola-da düşüpdi-le. Lukmanlar şu gün Kerwene bejergi üçin gerek bolan esasy zady-näsagdyny düşündiripdirler. Hawa-hawa, Kerwen özüniň beýleki adamlardan kemdigine, laldygyna düşünipdir... *** Ýene-de uzak sähradaky gül aşygy, täsin kebelejik ýadyma düşýär. Kebelejik aýagy sähel tozan bolandyr öýtse, güle gonmaýarmyşyn. Ol gülleriň meňzinde tegmil galmagyny islänokmyşyn diýýärler. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |