Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:07
Gel ýaraşaly!
GEL ÝARAŞALY!

Inşalla!
Şu gün uzynly gün ýanyňda boljak,
Ähli işleriňi goýup, gel, senem.
Maňa ilki bilen, şo-ol öňkiň ýaly,
Günüň dogşy hakda gürrüň bersene.
Gürrüň ber baglaryň oýanşy hakda,
Hem oýarşy hakda ýazlaryň bizi.
Kä gürrüňler dagy sygmasyn akla,
Nämemiş, jadyly saçaga, hakyt,
Äkidýämişinler ýalbaryp bizi.
Gowy, hä,
Şol köne ýol bilen düýşleň gelişi.
Ýadyňa düşýärmi, öýkeläp gidip,
Soňam ýene öz-özümiň gelişim.
Aýtsana, bilýäň-ä, garlawaçlaryň
Çagalarna aýdýan ertekisini.
Gürlesene, dymma, göresim gelýär,
Men düýnki, şu günki, erteki Seni!

Çeşmesi: https://interesnoe.me/view/content/upd/34602678. 10.04.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
2
1 Pero • 12:15, 11.04.2023
Serdar aga, bir ýerde eşidişime görä "enşalla"däl-de "inşalla"diýmeli eken. "En" söz bölegi araplarda ýasamak,gurmak,döretmek manyny çaýýarmyşyn. Olam Illäni(Allany)ýasamak diýmek bolya diýdiler
avatar
0
2 Bagabat • 12:25, 11.04.2023
.
avatar
0
3 Мango • 12:55, 11.04.2023
@Pero dogry diýýär.
ilki menem "en"-dir öýtdüm. "en" ýasama, döretmek bolýan bolsa, belki "Allah döretse" diýdigidir diýdim. soň görüp otursam, ýalňyş eken - IN-şallah diýmeli eken - "Allah islese".

okap gördüm şu wagt:
mekgeli müşrükler Pygamberimizi barlap görmek üçin medineli ýewreýlere adam iberýäler, sebäbi ýewreýlerde soňky gelmeli pygamber barada maglumatlar bar eken.
olaram Ashab-i Kehf, Zülkarneýn we ruh barada sorag soraň diýipdir.
gelip soraýalar. Pygamberimizem "ertir jogap bererin" diýýär. emma, nämeüçindir hiç hili wahyý gelmeýär.... müşrükler gybat etmäge başlaýarlar, her hili gürrüňler ýaýradyp başlaýarlar.
ahyry 15 günden soň bu aýatlar gelýär... şonda-da "Allah islese" sözüni diýmelidigi aýdylýar...
Aýatlarda Ashaby Kehf barada aýdansoň (arasynda) ine şu iki aýatda "inşallahy" aýdýar:

18:23. И никогда не говори: «Я сделаю это завтра».
18:24. Если только этого не пожелает Аллах! Если же ты забыл, то помяни своего Господа и скажи: «Быть может, Господь мой поведет меня более правильным путем».

***
gowy zatlary öwrenmäge sebäp bolanlardan Allah razy bolsun. minnetdar Meňli hanym.
avatar
0
4 Мango • 13:03, 11.04.2023
Kuran edil mugallym ýaly. ýalňyşlarymyzy görkezip dogruny öwredýär. ýalňyşy dogry bilen çalyşýar.
arman biz ýaramaz okuwçy...
avatar
0
5 Pero • 14:08, 11.04.2023
Eýämiz hemmämizden razy bolsun! Her kimden bir zatjagaz öwrenip damjadan köl ýasap barýas. Emma ýürek ummana ýetäýsem diýýä
avatar
0
6 Мango • 01:57, 12.04.2023
surat barada:
aşyk-magşugyň üstüne ýagýan zat nämekä?
daşmyka?
şeýle ýaly.
oglan gyzy goraýar, arkasy bilen.
arka fondaky gün dogup gelýämi, ýa ýaşyp?
belki ýaşýandyr, ýöne asman gün ýaşýan ýa-da gün dogýan asman däl. göm-gök.
toprakda biten günebakar güli nämäň simwolyka?
gyzyň elindäki gülem solupdyr.
gynançly surat eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203