00:12 Gije gezim edýän, gara nur içre | |
Gije gezim edýän, gara nur içre, Aý jyklaýar, ýüzüne tutup nikabyn. Çilimiñ tüssesin sorup içime, Sypaýaryn oý-hyýallañ mekanyn. Şüdügär beýnimde büdürän oýlar. Duýduruş berip dur kalp yzasyny. Ahmyr çekip gara geýen hyýallar, Çykýalar bedenmiñ jynazasyny. Gözi açyk asmanda uklan ýyldyzdan Eljuk bolan gözlerimem garbanyp, Doýmaz welin, Onda-da geregin iýsin, Üstüm büreýänçä gumdan ýorganym. Şeýdibem gutarar filimiñ soñy, Soñam täze senarýalar goýular. Herekete geçer doñan kadrlar, Adamlar ölen soñ ýene dogular... Şu wagt bolsa, zol tütedip tüssäni, Melgun bilen söhbet etýän oturyp. "Ýeri, sen ömürlik dost dälmi?, Şikaýatçy bolarmyn ýa ör turup! ...-Ýokmy sende menden başga aladañ, Pikirlerim gijesine uklasyn, Men bolsa, synlaýyn gije Asmany, Bilip bolmaz, ökünmeli etmesin... Imsak boldy, Gözler goýdy iýmesin, Asmanyñ ýüzüne döküldi süýdem, Sagbol melgun daña çenli güýmediñ!" Gün çykdy, men bolsa uky don geýdim... © Remezan Mämetgurbanow | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |