12:00 Ykbalymy serhoş etdim meý berip... | |
YKBALYMY SERHOŞ ETDIM MEÝ BERIP Ykbalymy serhoş etdim meý berip, Bagtyñ ýodasyna ätlän pursaty. Bagty çüwen görse otyr el serip, Gursagynda arzuwlarym porsadyp. Çüýräpdir arzuwlar, öz wagtyndan öñ, Ýañy gyzyletene jüýje mahaly. Dogabitdi gyryk ganat dogulan, Gyş gursakdan küýsäp ýyly bahary. Umyt bilen gelerine garaşýar, Ýöne bimaksat pikirim garyşýar. Garyşýar, Duw-dagyn dumana dönüp, Ýylgyryp bakmasa güneş lowurdap. Bulut bolup ýagmyryny seçmese, Özi ýanyp, ýitip gitjek, howlugyp. Bişmedik pikire çümip dereksiz, Per çykarman ganat kakyp başlady, Gaty ganat bolman arzuw guşlarym, Uçup bilmän gursagymda gyşlady... Serhoşlukdan aýñalsana ykbalym! Yogsa, gitjek arzuwlarym ýok bolup! © REMEZAN MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |