20:21 Goşgujyklar | |
Bu gün süññüm ýeñil, Asmanam dury, Guşlaryñ owazy, Öñkiden gowy. Täsin saýraýar, örän üýtgeşik, Adamlaryñ garaýyşam üýtgeşik. Bu garaýyşlar geçdi bir wagt. Ýadyma düşenok, Ýöne bolupdy, Bolanlygy hak. Göwre kapasama howa dolupdy... Gulagyma gelýär ýakymly hüwdi, Men täzeden dogulaýdymmykam, Başga-başga ýerdäki Galaktikada... Wah, öñki durmuşum gowudy, Kemem bolsa gowudy... Ýöne adamlaram, ýakynlam-tanyş. Günem şol güneş, Özem batyp barýar... Ýöne??? Näme üçin gün gyzarman batdyka??? ********** Men surat çekýärin howañ ýüzüne, Özümden özgeler görmesin diýip. Hiç hili galam ýok, reñkläre guaş, Ulanýan reñkim gülki hem gözýaş, Garyşyp dürli reñke özgerer diýip. Belki, soñ görüner hemmäñ gözüne Men surat çekýärin howañ ýüzüne. © REMEZAN MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |