20:31 Gizlin / hekaýa | |
GIZLIN BS Demonverse - Älemi dolandyrmak indi biziň gezegimiz! Altynjy gün gutaryp, ýedinji gün golaýlaýar. Hudaý ýedinji gün dynç alyşa çykar we ol öz işini bize tabşyrar. Gizlin toparyň baş aksakaly bu sözleri uly buýsanç bilen sözleýärdi. Onuň öňünde on sany özünemeňzeş ony diňleýärdi. Ol gürrüňini dowam etdi. - Bir aý. Ýene bir aýdan biziň ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýylyň dowamynda tebigaty synlamasy netijesinde toplan ylymlary bize kömek eder. Bir aýdan gün öz nurlaryny saçmasyny wagtlaýynça bes eder. Biz şonda öz işimize başlarys. Olaryň ata babalary ýüzlerçe ýylyň dowamynda tebigaty synlap, tebigatyň kanunlarny öwrenipdiler. Olar tebigatdan öwrenen ylymlarny nesillerine galdyrypdylar. Nesilleri bolsa ol ylymdan tutuş älemi dolandyrmakda peýdalanmak isleýärdi. Ýene bir aýdan gün tutulmasy boljakdy. Olar muny ata babalarnyň ylmy sebäpli bilýärdiler. Olar gün tutulmasyndan peýdalanyp, halkyň arasynda ilkinji häkimýeti gurmagy maksat edinipdiler. Ol on bir sany akyllylar jemgyýete köp peýda getiripdiler. Oaryň ata babalarnyň ylmy sebäpli olar halkyň beýleki adamlaryndan has tapawutlydylar. Halkyň beýleki adamlary ylymsyzdy. Ol ylymsyz adamlar ol on birsine hormat goýardylar, ýöne ol on birsiniň buýruklarny ýerine ýetirmeýärdiler. Bu bolsa ol on bir akylla ýokanokdy. Ol on bir akylly buýruklarnyň hem ýöremegini isleýärdiler. Ertesi güni ýaňky on biriň başlygy tutuş halky toplady we söze başlady. - Hormatly adamlar! Men gije bir düýş gördüm. Düýşime Ýylan Hudaýy girdi. Ol ählimiziň erbet günä işler edýändigmizi, ýagny serhoş ediji içgileri içýändigmizi aýtdy. Biziň bu işimiz Onuň gaharyny getiripdir. Ol bize bir aý möhlet berdi. Eger-de biz bu işimizi dowam etsek, Ol günimizi asmandan alyp goýjakdygny aýtdy - Ol bu sözleri diýip, barmagy bilen asmandaky güni görkezdi. Märeke bolsa onuň üstünden güldi. "Düýşe nämeler girenok. Bu bir düýş ahyryn dostum" diýdi on biriň biri. Ol bu sözi aýdandan soň şerap içdi. Aslynda ol on birsine geregi şoldy. Ilki ynamsyzlyk döretmelidi. Sebäbi halkyň günä işlemesi, olaryň häkimlik gurmagy üçin gereklidi. - Ine men şerap içdim. Hany göreli bir aýdan soň gün gaýyp bolaýarmyka? Halk hem oňa gulak asyp, beýleki howpdan habar berijä hiç hili üns bermedi. Halk bir aýyň dowamynda serhoş ediji içgileri içmek bilen meşgul boldy. Bir aý hem geçdi. Gizlin on bir akylly taýynlyklarny edinipdi. Olaryň biri daga çykypdy. Ol dagdan Ýylan Hudaýynyň ýazan emrlerini oklamalydy. Gün tutulmasy başlanypdy. Halk gorka gapyldy. Olar gorkudan ýaňa aglap ýalbaryp başladylar. - Jenap, Ýylan Hudaýyna aýdyň! Ol günümize degmesin. Ýalbarýas! - Men size duýdurypdym. Siz bu bir düýş diýip geçdiňiz. Indi özüňizden görüň! Halk aglap ýalbarmagny dowam etdi. On bir akyllynyň başlygy daga seredip, ellerini göge galdyrdy: - Eý beýikleriň beýigi Ýylan Hudaýy! Biz uly günä iş etdik. Haýyş edýäs. Bizi bagyşla. Biz toba etdik... Dagyň üstünde taýynlyk görüp duran, Ýylan Hudaýynyň emrlerini aşak oklady. Aşakda duran başlygy bolsa ony gapyp alyp: "Bu Ýylan Hudaýyň buýrukdyr emrleri. Biz mundaky ýazylanlara gulluk etmeli!" Ol emrleri okap başlady: "Meniň günäkär, söýgüli bendelerim. Men sizi bagyşladym. (Ol okaman biraz dymyp durandan soň, gün tutulmasy hem tamamlandy). Men indi siziň bilen işim ýok. Sizi öz erkiňize göýbermek isleýän emma men ýerde öz Wekilimi belledim. Ol size şulary okap duran adamdyr. Ol indi siziň Hudaýyňyz oňa gulluk ediň. Ol näme buýursa hökmany suratda edilmelidir. Eger-de siz onuň aýdanlaryny ýerne ýetirmekden boýun towlasaňyz, menden gowluga garaşmaň..." Ol muny okap bolansoň, halk egilip oňa tagzym etdi. Ýokardaky emrleri oklan hem öz işini bitirensoň, aşak düşmek isledi. Onuň tagaşyksyz hereketi sebäpli ol dagdan aşak gaçdy we ol şol bada hem jan berdi. Halk muny görip şübhelenmäge başlady. On biriň has dogrusy indi onuň başlygy onuň ölümine gynandy emma ol bu pursaty hem şowly bildi. - Bu adamy tanaýaňyzmy? Bu, men size gören düýşümi gürrüň beremde maňa ynanman ilkinji şerap içip siziňem günä etmegiňize ýol açan günäkär bolýar. Ýylan hudaýy muny şeýdip jezalady. Halk pahyr muňa güp ynandy. Indi ol özüne hudaý diýdirýärdi. Ol arkaýyn şerap içip bilýärdi, arkaýyn halky jezalap bilýärdi. Ol maksadyna ýetipdi. Ol gapdalyndaky dokuzsynada köp mümkinçilikler beripdi. Siz olaryň kimiň neslidigini bilýäňizmi? Olar Adam Atanyň ogly Kabylyň neslidi. Kabyl Abyly öldürip, onuň jesedini arkasynda üç gün göterip gezdi. Ol ahyryn çydaman töweregine tebigata seretdi. Ol iki sany garganyň urşup, biriniň beýlekisini öldürendigni gördi. Soň ol garga çüňki bilen ýer gazyp, öldüren gargasyny gömdi. Kabyl hem ony görüp, Abylyň jesedini gömdi. Alla Kabyla hiç hili jogap bermedi. Alla ondan ýüz öwürdi. Kabyl indi tebigatdan medet isledi. Ol ot ýakyp oda çokundy, suw içip suwa çokundy. Ol tebigat güýçlerine ybadat etdi. Kabyl ilkinji panteistdi¹... __________ 1 Panteizm - Tutuş älemiň we tebigatyň Hudaýdygny aýdýan filosofiki garaýyş. Soňy © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |