23:16 Ýyldyzly asmanyň astynda / ylmy-fantastiki hekaýa | |
1-nji bölüm 21-nji oktýabr 2022-nji ýyl. Anna. Sagat 18:00. Durmuş guranlaryna bary ýogy iki aý bolan ýaş är-aýal Arslan bilen Anora agşamlyk edinip otyrdylar. Arslan aýalyna romantiki gije wada beripdi. Ikisi şo barada gürleşýärdi. Bu gije ýaş är-aýal şäherden uzak ýyldyzly asmanyň astynda meteor ýagyşyna gözegçilik etmegi meýilleşdiripdiler. Arslan söýgüli ýary bilen ýyldyzlary synlamagy gowy görýärdi. Ol entek öýlenmedik wagty Anora bilen geçiren duşuşyklaryny ýatlaýardy. Olar ilkinji duşuşygynda hem ýyldyzlary synlapdylar. Arlsan höwesjeň astronomdy we ol ýyldyzlar barada köp zat bilýärdi. Ýaş juwanlar talyplyk ýyllary tanşypdylar. O wagtlar Arslan uniwerstitetiň fizika fakultetiniň talybydy. Indi ol okuwyny gutarypdy we mekdepde fizika we astronomiýa mugallymy bolup işlemegi planlaýardy. Olar agşamlygyny edip boldular. Arslan ellerini ýuwdyda gerekli zatlary taýynlady. Anora bolsa stoluň üstündäki gap çanaklary ýygnaşdyrdy. Olar öýdäki ojuk-bujuk işlerini bolup, ulagda ýola düşdiler. Arslan ýany bilen bir teleskop we Nikon Coolpix p1000 fotokamerasyny alypdy. Ýolda olar ulagda aýdym diňleýärdiler. Anora pleýlisti işletdi. Murda & Ezhel - AYA atly aýdym faýly işe düşdi. Anora we Arslan "Dediki götür beni aya, aya..." diýip bu aýdyma hiňlendiler. Ol aýdym tamamlanandan soňra, pleýlistiň nobatdaky aýdymy Dado - Космонавты atly audifaýl işjeňleşdi. Bu aýdyma diňe Arslan hiňlendi. Sebäbi Anora ozal bu aýdymy diňläp görmändi. Arslan " Раз два три, далеко от солнца, от земли, Я кайфую, one two three, на моей ракете не кури..." diýip bu aýdyma hiňlenýärdi. Ýarym sagatlardan soň olar şäheriň daşarsyna çykdylar. Arslan awtoulagyny ozaldan astronomik wakalary synlamak üçin niýetläp goýan ýerine eltip duruzdy. Anora ulagdan düşip, ýere düşekçe ýazdy. Arslan bolsa ýanlary bilen getiren teleskopdyr fotokamerasyny düşürdi. Soňra bolsa teleskopyň detallaryny ýekeme-ýeke gurnady we teleskopy ştatiwe ornadyp mäkämledi. Ondan soňra fotokamerany hem özüniň ştatiwine berkitdi. Anora bolsa ýany bilen getiren birnäçe şemlerini ýakdy. Meteor ýagyşyna entäk irdi. Arslan bilen Anora düşekçede el tutuşyp, asmanda ýyldyzlary synlap ýatyrdylar. Asman asudady, ýyldyz synlamaga päsgel berýän bulutlar we ýagty saçýan dolan aý ýokdy. Häzir aýyň soňky fazalary dowam edýärdi, bu bolsa meteor ýagyşyny synlamaga has gowy şert döredýärdi. Aýyň dogmagyna entäk has köp wagt bardy. Sagat 22:20-ler töweregi gündogar gözýetimden Orion ýyldyzlar toplumy dogyp gelýärdi. Meteor ýagyşy şol ýyldyz toplumynda görünýärdi. Ýagny bu meteor akymy Orionidlerdi. - Anora şemleri söndür, birazdan başlanýar - diýdi Arslan. - Häzir ine - diýip Anora şemleri söndürdi. Arslan teleskopyny Orion ýyldyz toplumynyň gyzgylt äpet ýyldyzy Betelgeýze tarapa bakdyrdy. - Anora hana seret ýyldyzlar süýnip başlady. Bu juda ajaýyp. - Hawa görýärin. Meteor ýagyşy meni haýran galdyrdy. - Hanha Betelgeýze ýyldyzy, hol ýerde bolsa Orionyň kemeri üçýyldyz, ýagny asman ekwatory. Eger biz häzir ekwator çyzygynda bolsadyk biz üçýyldyzy dik depämizden synlardyk. - Hawa hawa. Hol gök ýyldyz bolsa Rigel bolmaly. - Hawa bu Rigel. - Hol aşagyrakdaky asmanyň iň ýagty ýyldyzy Ýaldyrak, ýagny Sirius. - Anora tüweleme sen ýyldyzlary tanap başlapsyň. Hol ýokarrakdaky Mars planetasy. Ol häzir Öküzçe ýyldyz toplumyndan Ekizler ýyldyz toplumyna bakan barýar - diýip, Arslan Nikon Coolpix p1000 kamerasyny Marsa bakdyrdy. - Arslan Mars planetasyny men ilkinji gezek görýärin. Maňa Ekizler ýyldyz toplumyny görkezsenene. Joram Eneşiň ýyldyzyny görmek isleýän. Arslan telefonyndan Star Walk 2 programmasyna girdi. Bu programma ýyldyzlary tapmak üçin niýetlenipdi. Arslan programmadan Ekizler ýyldyz toplumyny tapyp Anora görkezdi. Arslan, "Anora ine bu Ekizler ýyldyz toplumy. Sen muňa gowja seretde ony asmandan tapmana synanyş. Ony Orionyň depesinden gözle!" diýdi. Anora asmana seretdi we Ekizler ýyldyz toplumyny tapyp, "Hanha tapdym!" diýip buýsançly seslendi. - Hany indi meniň ýyldyzymy tapalyla, Terezini?! - Bagyşla welin häzir ony tapyp bilemzokda. - Näme üçin? - Seniň doglan güniňi özi ýakynda sowduk ahyryn. Sebäbi häzirki wagtda gün Terezi ýyldyz toplumyndan, Içýan ýyldyz toplumyna geçmegiň öňüsyrasynda. Kimdir biriniň bir ýyldyz toplumynyň astynda dogulmasy diýmek, aslynda Güniň şol ýyldyzyň çägindekä dogulmasy diýmekdir. Özem Astralogiýa, täleýnama biderek ýalan zatlar ahyryn. - Hä düşündim indi sagbol. - Orionidler meteor ýagyşyny synlamak üçin iň gowy gije bugündi. Meteor şousyny säheriň alagaraňkylygyna çenli synlarys. Soň öýe gaýdaly. Arslan we Anora bir-birleriniň ellerini tutup meteor ýagyşyny synladylar. Arslan teleskopda, Anora bolsa fotokameradan synlaýardy. Anora kamerasy bilen birnäçe surat aldy. Birnäçe sagatdan soňra gaýdar wagtlary hem bolupdy. Arslan teleskopyny söküp, ýygnady. Anora hem kamerany ştatiwden aýyryp ýygnady. Olar ulaga mündiler. Indi şähere öýlerine tarap barýardylar. Birdenem asmanda güýçli ýagtylyk peýda boldy. Arslan ulagyny saklady. Olar ulagdan düşip, asmana seretdiler. Ýaňky ýagtylyk nähilidir bir uçar jisimdi. Ol başga planetalylaryň uçýan tarelkasyna meňzeýärdi. Ol näbelli uçar jisim Arslan we Anoranyň öňlerinde ýere gondy. Uçýan jisimiň gapysy açyldy. Ondan üç sany adampisint jandar düşdi. Olaryň boýlary juda uzyndy takmynan iki metrden sähel geçýärdi reňleri ýaşylymtyl we çalymtyl birtäsin reňkdedi. Elleri we barmaklary hem uzyndy. Edil köp filmlerdäki başga planetalylara meňzeýärdiler. Ortasynda duranyň eli boşdy. Gapdaldaky ikisiniň ellerinde biziň ýaraglarymyza meňzeş ýarag bardy. - Salam hormatly ýerliler - diýdi ortadaky başga planetaly. - Salam. Siz başga planetadan gelenlermi? diýip sorady Arslan. - Hawa biz Laolabium galaktikasynyň Anwunium ýyldyz sistemasynyň Giangenium planetasyndan uçup geldik. - Bäýbä... Siz biziň dilimizde juda ajaýyp gürlediňiz. Dilimizi nädip öwrendiňiz? Bu size kyn bolmadymy? - Biz siz ýerliler barada ähli zady öwrendik. Siz ýerlilerde müňlerçe dil bar, olar şeýlebir aňsat. Gaýtam biziň Giang dilimiz juda kyn - diýip, başga planetaly nähilidir bir ýazyp bolmajak we terjime edip bolmajak sesler çykardy. Bu Giang dilidi. Dogrymy aýdaýyn men bu dile düşinemok. Oňa beýleki ýazyjy düşinäýmese. Bolýar bu zatlar hiç, wakanyň yzyny dowam edeli. - Bäh bu siziň diliňizmi? Muny ýazyp hem bolmasa gerek?! - Biziň siwilizasiýamyzda hat ýazuw ýok. Bar bolan bolsada müňlerçe ýyl ozal bardy. - Siz onda bilimleriňizi nämä ýazýaňyz? - Elbetde siziň täze tehnologiýalaryňyza meňzeş audio we wideo görnüşlerde ýazýarys. - Täsin. Siziň galaktikaňyz nähili uzaklykda? - Biziň Loalabiumymyz siziň Akmaýanyň ýoly galaktikasyndan milliardlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda. Biziň galaktikamyz şeýlebir uzakda welin, entäk siziň teleskoplaryňyzda synlanylmady we galaktikamyz siziň astronomlaryňyz tarapyndan resmi bellige alynmady. - Siziň galaktiňyz milliardlap ýagtylyk ýyly uzaklygynda bolsa, siz nähili ýol bilen uçup geldiňiz? Milliard ýyllyk uçuş sizi irizenokmy? - Biziň uçar jisimlerimiz ikinji kosmiki tizlenmä ýaňy ýakynda ýetdi. Biz entäk ýagtylyk tizligine ýetemzok. - Onda nähili ýol bilen geldiňiz? Siziň bu tizligiňiz bilen trillion ýyldada bu ýere gelip bileňizok ahyryn. - Kosmosy bilýänsiň. Ol üç sany giňişlik we bir sany wagt ölçeginden düzülen. Biziň galaktikamyz bilen siziň galaktiňyz giňişligiň başga başga künjeginde bolmagyna garamazdan olar bir wagt koordinatasynda ýerleşýär. Biz şol sebäpli bu ýere gelmekde gurçuk deşen ýerlerden peýdalandyk. - Eýnşteýn-Rosen köprüsini nazarda tutýaňyzmy? Türk dilinde muňa "solucan deliği" diýilýär. - Hawa edil özi. Ol siziň diliňizde "gurçuk deşen ýer" hem diýilýär. Bu deşikler edil gara girdaplar ýaly kosmosy bükýär we älemiň başga nokadyna eltýär. Aslynda beýle deşikler fizik taýdan kosmosda duş gelenok ýöne biz ony emeli taýdan açmagyň tehnologiýasyny, ýagny kosmosy deşmäni öwrendik. Özem edil siziň teoriýanyzdaky ýaly oňa ,,Ekzotik madda" diýip at berdik. - Gaty täsin. Siz gara girdaplaryň syryny çözüp bildiňizmi? - Ýok entäk. Biziň siwilizasiýamyzyň ösüşi köp taraplaýyn siziňkä meňzeş. Kosmosy öwrenmekde entek siziň bilimiňiz bilen biz bir derejede diýen ýaly. Ýöne köptaraplaýyn sizden öňde gelýän taraplarymyz hem bar. Gara girdaplara gelsek, bizdede siziňkä meňzeş dürli teoriýalar bar. Iň populýar teoriýa görä gara tuneller parallel älemlere eltýän köpri bolmaly. Olar parallel älemlerde ak girdap görnüşinde duş gelýär. Ýöne biziň älemimizde entek ak girdaplaryň tapylmadygyna görä bu teoriýa ýalňyş bolubam biler. Ýöne pikirimizçe parallel älemler antimadda we antimateriýadan düzülen we bu teoriýanyň dogry bolmagy hem ähtimal. Anora başga planetalylaryň we Arslanyň täsin söhbetine aňk-taňk bolup galypdy. Birnäçe wagtlap dymyp duran Anora ahyryn seslendi. - Siz özi bu ýere näme maksat bilen geldiňiz? - Bütin älem howp astynda. Biz sizden kömek soramaga geldik. - Siz onda ýalňyş ýere geldiňiz. Siz alymlarymyzyň ýa-da döwlet işgärlerimiz ýanyna baryň - diýip Anora gaharly jogap berdi. - Anora ýuwaş bol. Bulary soňuna çenli diňläli. - Olardan hiç hili peýda ýok. Alymlaryňyz bizi özleriniň labaratoriýalarynda barlag edýärler, gynaýarlar. Syýasatçylaryňyz we harbylaryňyzam bizi alymlaryňyza tabşyrýar. Biz olar bilen geçirmekçi bolan aragatnaşyklarymyzyň ählisi netijesiz tamamlandy. ABŞ-nyň Newada ştatyndaky 51-nji bölümde biziň ugradan ilçilerimiziň içlerini ýaryp barlag edýäler. Uçar jisimlerimiziň tehnologiýalaryny öwrenýärler. Hälem biziň syýasatçylarymyz gahar-gazaba münenok. Egerde ýerlileriň bu etmişleri üçin olar gahara münäýseler beýik planetar urşyň başlanmagy mümkin. Bu iki tarap üçinem zyýanly. Onsoňam kosmosymyz howp astynda. Şol sebäpden biz ýönekeý adamlaryň arasyndan iň akylly adam bilen aragatnaşyga geçmegi makul bildik. Geçiren barlaglarymyz we testlerimiz netijesinde onuň sizdigini ýüze çykardyk jenap. - Bähh. Älemde nähili howp bar beýle, bizden kömek sorar ýaly? - Biz muny bilemizok. Biz ýönekeý ilçiler. Muny diňe alymlarymyz bilýär. Olar saňa garaşýar. - Siz indi Arslany planetaňyza äkitmekçi bolýaňyzmy? - Hawa bize onuň kömegi juda zerur. - Biz size nädip ynanaly? Nirdedigiňiz anyk belli bolmadyk gelmişekler bolsaňyz?! - diýen Anoranyň juda gahary gelýärdi. - Hanym howatyrlanmaň, älemi howpdan halas edenimizden soň gaýdyp geleris. - Anora, mähribanym maňa seret! Bulara meniň kömegim gerek. Men elbetde gaýdyp gelerin. - Hormatly gelmişeker. Men Arslan bilen ikiçäk gürleşjek. Bizi biraz wagt ýalňyz goýuň! Başga planetalylar Anoranyň buýruk äheňli haýyşyndan soň olar uçar jisimine girdiler. - Arslan men saňa bir zat aýtmaly. - Anora sen maňa näme aýtmakçy? - Nädip aýtsamkam... Sen ýakynda kaka bolýaň. Arslan begenjine Anorany bagryna basdy we maňlaýyndan öpdi. - Anora meni begendirdiň! Indi maňa rugsat ber men tiz wagtdan gelerin. Anora gözlerini ýaşlandyryp "Çagamyz dogulmanka geljek bol!" diýdi. Arslan "Men elbetde gelerin" diýdi. Arslan we Anora hoşlaşdylar. Arslan başga planetalylaryň uçar jisimine mündi. Uçar jisim asmana galdy. Onuň yzyndan Anora elini galdyryp seredip galdy. Uçar jisim bir minutdan kosmos giňişligine çykdy. Arslan ilýuminatordan togalak mawy zemini synlady. Başga planetalylar özleriniň galaktikasyna eltýän köprini açdylar. 2-nji bölüm Anora Arslan bilen hoşlaşanyndan soňra awtoulagyna münüp öýüne geldi. Gelmesine geldi welin, özüne hiç ynjalyk tapanokdy. Onuň üçin durmuşdaky iň uly ajylardan biri, eliniň aýasyndaky çyzyklaryny hem özünden gowy bilýän adamsynyň ýoklugyna öwrenişmekdi. Bu ýokluga öwrenişmäge mejburdygy bolsa hasam beter ajydy. Şeýle-de biz ajynyň ajyny dogurýan dünýäsinde ýaşaýas ahyry. Ýaşamaga-da borçly… Ne ölen bilen ölünýär, ne-de giden bilen gidilýär. Anoraň elinden hiç zat gelenokdy garaşmakdan başga. Käbirleri hemme zady yzynda taşlap ölüm bilen terk edýärler kalby, Arslan bolsa, yzynda gujaklamaga zar elleri taşlap, Anoraň kalbyndan gidipdi. Ýok, ýok beýle däl. Arslan Anoraň kalbyndanam, durmuşyndanam gitmändi. Ol Anoraň dünýäsinden näbelli dünýä gidipdi. Arslan bir maşgalaň ortanjy ogly bolany üçin, Anora bilen toý edenlerinden 1 aý soňra şähere göçüp gidipdiler. Arslanyň gideninden 2 gün soňra Anoraň gaýyny Gülnäz daýza olaryň ýagdaýlaryny soramak üçin jaň etdi. Gülnäz daýza: -Anorajan Salam gyzym. Gowumy ýagdaýyňyz, otyrsyňyzmy sag-aman? Anora: -Salam Gülnäz daýza. Gowy Hudaýa şükür, otyrys. Öz ýagdaýlaryňyz oňatmy? Gülnäz daýza: -Biziňem ýagdaýymyz gowy şükür. Entek siziň mähriňize doýmankak bizden arany açyp gitdiňiz. Sizi göresim gelýär gelinim. Hany, oglum Arslanjan ýokmy ýanyňda? Ýaňy jaň etdim, almady. Telefony öçük berýär. Şol pursat Anoraň dili tutulypdy. Beýle soragyň beriljegini bilse-de, jogap bermäge taýýar däldi. Şonuň üçin ýalan sözlemäge mejbur boldy. Anora: -Arslan dosty Baýramgylyçlara gitdi. Geler olam uzak eglenmän. Gülnäz daýza: -Bolýar gyzym, janyňyz sag bolsa bolýar. Birigün hepdäň sişenbe güni aýyň 26-na ejeňem alyp size oturmaga çaýa baraly diýýäs. Öýde bolýansyňyz-a? Anorany gowy der basypdy. Titreýän sesi bilen zordan “hawa geliberiň arkaýyn” diýdi. Şeýdibem gaýyn-gelin ikisi hoşlaşdylar. Anora telefony goýanyndan soňra näme etjegini bilenokdy. Ejeleri geleninde Arslanyň ýoklugyny bilseler, nirä gidenini sorasalar näme jogap berjegi barada oýlanýardy. 15 minut pikirleneninden soňra, kellesine Arslanyň iň ýakyn kursdaş dosty Baýramgylyja jaň etmek pikiri geldi. Jaň etdi. Anora: -Salam Baýramgylyç gowumy? Baýramgylyç: -Salam Anora gowy, özüň gowumy? Anora: -Menem gowy. Baýramgylyç men saňa bir zat aýtmaly. Eger wagtyň bar bolsa öýlän bize gelip gidip bilmezmiň?! Baýramgylyç: -Elbetde gelip bilerin. Näme boldy, eýgilikmi? Arslana bir zat boldumy? Anora: -Geleňsoň bilersiň bar zady. Baýramgylyç: -Bolýar. Aňyry gitse 1 sagatdan bararyn. Anora: -Bolýar garaşýan… … 1 sagatdan gijä galman Baýramgylyç Arslanlara geldi. Anora pikire batyp otyrdy. Ikisi hal-ýagdaý soraşanyndan soňra Baýramgylyç: -Hany Arslan ýokmy, ol nirä gitdi? Anora: -Baýramgylyç men saňa Arslanyň nirä gidendigini aýtsam, belki ynanmarsyň. Emma maňa ynanmaly bolarsyň. Biz aýyň 21-ne Arslan bilen ýyldyzly asmanyň astynda meteor ýagyşyny synlamaga gidipdik. Yzymyza gelýärkäk, haýsy-da bolsa bir näbelli uçar jisimi gonup içindäkiler özleriniň Giangenium planetasyndandygyny we älemleriň howp astyndadygyny duýduryp, Arslany kömek etmegi üçin alyp gitdiler. Baýramgylyç ilkibada gulaklarynyň eşidýän zadyna ynanasy gelmedi, emma beýle zadyň bolup biljekdigi barada bilýärdi. Çünki, onuň hem ugry Fizika-Astronomiýady. Ol älemdäki planetalar hakynda habarlydy. Baýramgylyç: -Hımm düşündim Anora. Arslany yzyna haçan getirjeklerini aýtdylarmy? Anora: -Ýok aýtmadylar, 8 aýdan geler diýip umyt edýän. Baýramgylyç seniň maňa kömegiň gerek. Birigün Arslanyň ejesi we meň ejem myhmançylyga gelýärler. Bu gün jaň edende-de, Arslanyň sizdedigini aýtdym. Gelseler men olara näme jogap berjegimi bilemok, men başga planeta gitdi diýsem-de olar ynanmazlar, gaýgy ederler. Men olara näme jogap berip bilerin? Baýramgylyç ep-esli pikirleneninden soňra: -Anora diňle. Noýabryň 7-ne Rossiýa döwletiniň Новосибирск şäherinde aý tutulmasy bolýar. Ol aý tutulmasy Türkmenistandan görünenok. Şonuň üçin Arslan oňa gözegçilik etmek üçin, iş sapary bilen Rossiýa gitdi diýsek nähili bolar? Anora üçin bu jogap öz tapan jogaplaryna görä ýerlikli we mantyklydy. Anora: -Örän gowy pikir Baýramgylyç. Men biziňkilere şeýle diýip düşündirerin. Ýöne, senden bu syrymyzy hiç kime aýtmazlygyňy haýyş edýän. Baýramgylyç: -Haý nätdiňaý Anora?! Heý menem jan ýaly dostumy we onuň gelnini satyp bilerinmi. Arslan üçin janym gurban. Ol talyplyk ýyllarymyzda maňa-da az kömek etmedi. Anora sen kösenmän gorkman gezip bilermiň? Näme gerek zadyň bar bolsa, hökman maňa aýtgyn. Men elmydama kömege, goldawa taýýardyryn. Anora: -Ýok- ýok kösenemok, arkaýyn bolaý. Menem ýanyma joram Eneşi alaryn myhmanlarym gelip gideninden soňra. Senem azara goýdum, emma telefonda bu meseläni aýtmak islemedim. Geleniň üçin, maslahatyň üçin köp-köp sag bol Baýramgylyç! Baýramgylyç: -Bolýar bolýar. Hany onda men ýuwaşlyk bilen ýöräýin. Sag-aman otur Anora. Gülnäz daýzalara-da Salam aýt. Sag bol! Anora: -Bolýar. Sag bol! Ine-de garaşylan gün gelip ýetdi. Anoraň ejesi Arzy gelneje bilen Arslanyň ejesi Gülnäz daýza myhmançylyga geldiler. Gapyda ýeke garşylaýan Anorany gören gudalar, öýe girip oturanlaryndan soňra Arslany soradylar. Arzy gelneje: -Gyzym, hany ýoldaşyň ýokmy?! Anora: -Eje, Arslan ýok. Birnäçe gün öýde bolmaz ol. Has dogrusy, birnäçe wagt, belki aý hem bolup biler. Ol iş saparyna gitdi. Gülnäz daýza: -Ol nähili iş saparyna gitdi? Arslan entek mugallym bolup işe başlamady ahyryn. Täze ýyldan soň başlamalydy. Anora: -Hawa dogry aýdýaňyz. Siziňem bilşiňiz ýaly Arslan Astronomiýa ylymy bilen gyzyklanýar. Öňümizdäki aýyň 7-ne Rossiýanyň Novosibirsk şäherinde aý tutulmasy bolýar eken. Olam özi ýaly ugurdaşlary bilen şol aý tutulmany synlamaga gitdi. Arzy gelneje: -Näme ony hökman Nowyýsirke gidip synlamalymy? Anora: -Ejemjan Nowyýsirk däl, Nowosibirsk şäheri. Arzy gelneje: -Ýeri, şomyşyk-da. Siziň toý edeniňize bary ýogy 2 aý boldy ahyry jan gyzym. Ýanyňda bolsa bolmaýarmy? Anora dymdy, ol ejesiniň bu sözlerinden soňra, özüniň göwrelidigini nädip aýtjagyny alada edýärdi. Ol myhmanlara öz elleri bilen bişiren sous naharyny saçaga goýup, çaýy demlemäge gitdi. Gülnäz daýza: - Agyz, guda diýýän-ä. Bir, azyndan bir 6-7 sanjak agtyjagmyz bolsa-ha, şu wagt biziň içimiz gysmazdy gyz. “Çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar” diýýär türkmen aga. - Wah, Gunnajan näsini aýdýaň, boýdaş. - Azzyjan, näsini aýdýan bolsam, gyzyň bir agzyny ysgap gör, geler weli. Men bahana edip, o komnutlarda sümsüner ýörerin. Wah, özüm soraýjakla welin, ejesi otyrka, gelinjanymy utandyrmaýyn diýýännä. - Gun, sen birhili howlugýan bolaýma. Aýyp bor-a gyz. - Onuň aýyby bolmaz, guda. Howlugýanmy? Eýýäm tutuş 2 aý geçdi. Sen soramasaň özüm soraýaryn. - Bor gyz, ýuwaş. Özüm soraryn. Bar sen sümsün sümsünesiň gelse – yzyny burnuna salyp hüňürdedi – sümsünmekden başga zat oňaraňokdyň mundan öňem. Şu türkmençilik gursunla. Adam pahyra ine-gana ýaşama ýok. Öňler “bir zatjygyň barmy” diýip, bir ýyl-ýarym ýyldan soň soralsa, indikiler toý edeniňden 1 hepde geçdigi, göni gözjagazlaryny jüýjerdipjik durandyrlar öňüňde. Her öňýeten seň aladaňy edensirän bolup, gepdir olaň bar ukusyny pozýan. Häk, pätikler. Anora çaý getirdi. Süýjidir-kökeler bilen çaýladylar. Soňra Arzy gelneje obadaky täzelikleriň gürrüňleri dowam edýärkä, Anoraň klasdaşy Merýemiň gyzynyň bolandygyny aýtdy. Şol gürrüň agzalansoň, Gülnäz daýza Arzy gelnejä gaşyny kakyp, ýuwaşlyk bilen “sora, sora” diýýärdi. Arzy gelneje ahyry gyzyna söz atdy. - Gyzym senden näme habar bar? Barmy üýtgeşiklik? Anora Arslanyň haçan geljegini, hatda gelip-gelmejegini hem bilenokdy. Şonuň üçin garyndaşlaryny dowula salmajak bolup göwrelidigini aýtmaly däl diýen netijä geldi. - Ýok ejemjan, entek biz arkaýyn. Gülnäz daýza: - Gelnim haýdaweriň, bizem basym agtyk söýesimiz gelýär diýip, gyzyl dişini görkezip çasly güldi. Anoraň içi gan aglaýardy. Ne begenjini, ne-de gynanjyny öz mähribanlary bilen paýlaşyp bilýärdi. Ol gün saglyk bilen myhmanlaryny sowdy. Aradan 3 aý geçdi. Anora indi 3 aýdyr içindäki sönmeýän ýangyny bilen ýaşaýyşyna dowam edýärdi. Ol hernäçe batyrgaý zenan hem bolsa, aram-aram ejizleýärdi. “Arslanyň ýagdaýlary gowumyka ýa oňa başga planetalylar bir zat edäýdimikä? Ol bu wagt nirede, näme edýärkä?” soraglar içini gemirip gelýärdi. Bu 3 aýyň dowamynda Anorada gapma-garşy duýgular kän bolupdy. Şeýle-de bolsa göwreliligiň ilkinji döwründe Anorada bolşy ýaly göwreli aýallarda ýürek bulanma, gusmak we ýadawlyk köp bolýar, bu bolsa göwreli aýallaryň ters duýgulary başdan geçirmegine sebäp bolýar. Anoraň çagasy heniz 2 aý bolmanka aşakdady. Kän ýörese ýa-da basgançaklardan aşak düşdügi saýy çaga-da aşak süýşýärdi. Şonuň üçin ol çagama bir zat bolaýsa gorkusy bilen hiç hili daşaryk çykanokdy. Diňe howa almak maksady bilen balkona çykyp oturýardy. Bu ýagdaýy üçin oňa öz wrajy dýufaston tabletka, işdäsiniň artmagy we gurplanmagy üçin bolsa, glýukoza, askorbinka maslahat beripdi. Ol dermanlary sypdyrman içip başlady. Bir gije ýatyrka pomidoryň ysyny alyp oýandy. Ýogsa ol gün Anoralarda pomidor hem ýokdy. Bir gün gündiz bolsa jany şeýlebir garpyz isledi. Ne ýatyp bilýärdi, ne-de oturyp. Gidip alaýyn diýse ol wagt gitmäge-de ýaranokdy. Jorasy Eneşem ýanynda däldi. Balkona çykyp aglap başlady. Şol wagt aşakdan domlarynyň öňünden öz ýaşlarynda bir görmegeý ýigit geçip barýardy. Anoraň sesini eşdip sägindi. Anoralar 3-nji etažda ýaşaýarlardy. Oglan Anora garap: -Salam. Size näme bolýar, gowumy ýagdaýyňyz? -Salam. Bar ýoluň bilen bol han ogul, şu wagt seňki artykmaç. -Aý dogan, men size kömek etmek maksady bilen sägindim. Näme problemaňyz bar bolsa aýdyň, elimden gelen kömegi edeýin?! -Kömek edesiň gelýäni çyn bolsa, maňa garpyz getirip berjekmi? -Elbetde. Geregiňiz garpyz bolsun aýaldogan. Bir haýukdan soň oglan garpyz alyp geldi. Ol gelýänçä bolsa Anoraň garpyz islegi geçipdi. Anora sag bolsun aýdyp, garpyzyň puluny berjek bolsa oglan alman hoşlaşyp ýoluna rowana boldy. Anora oglanyň yzyndan “Bää gowy adamlaryň bary ölmändirow entek” diýip ýylgyrdy. Bir gün Anora jorasy Eneş bilen özara gürrüň edip otyrlardy. Anora: -Eneş men örän kän aglaýan, garmonlar sebäplimikä gyz. Çaga zyýany barmy, bilýäňmi?! Eneş: -Göwrelilik, sag beýnisini ulanýan zenanlary has işjeň we duýgy taýdan has çuňlaşdyrýan döwürdir. Ähli köne ýazgylary, birleşmeleri, ýatlamalary yzyna getirýän wagt çyzgysy. Enelik, aýallyk, çaga bolmak, jyns gatnaşyklary, duýgular, gorkular, geň galmak, bedeniň üýtgemegi, geljegi, pursaty, öndürijiligi, üstünligi, başarnyklylygy, kararlary, batyrlygy, ýok diýmegi başarmak, gürlemek, sorag etmek, ýan ýoldaş bolmak, yşk we söýgi, ynam we şunuň ýaly köp düşünje başdan geçirilende sorag edilýär. Bu düşünjeler göwreli zenanyň ýaşyna görä tapawutly bolsa-da, mowzuk hemişe bir ýere gelýär. "Güýçli boluň, çagaňyzyň täsirlenmegine ýol bermäň." diýýärler. A men bolsa, “Aglamak güýç, batyrlyk” diýýärin. Göz ýaşlaryňy içiňe taşlama Anora. Asyl içimizde birigen gözýaşlar bize iň kän zyýan berýänlerdir. Çaga daşardan görnüşiň ýaly däl-de, içiňdäki duýgulary duýýar. Ene bilen çaganyň arasyndaky ýakynlyk şu ýerden başlaýar. Aglasyň gelen wagty goý içiň boşaýança, sümmükleriň akýança agla-diýip ýylgyrdy. Anora bolsa çalaja ajy ýylgyryp ýüzüni ýere salyp oturdy. Eneşe jorasynyň ýagdaýy tanyşdy. Ol Anora soragly nazaryny dikip: -Anora sende gynanç, gaýgy, ýüregiň bulanmagy, pessimistlik, gahar-alada, özüňi günäkerlemek, ejizlik, umytsyzlyk, güýçsizlik, ýadawlyk, özüňe ynamsyzlyk, ýalňyzlyk, bir boşluk ýaly alamatlar görünýärmi? Anora: -Hawa görülýär. A gyz mendäki bu duýgulary nireden nädip bilýäň gyz? Eneş: -Joragül sen meň psihologdygymy unutdyň öýdýän hä?! Anora: -Wah jopbajoram men soňky wagtlar özümi unutmasam kaýyl. Mendäki bu duýgular nämäň alamaty bolýar? Eneş: -Sen şu wagt depressiýada. Anora: -Hä nirede diýýäň, ol nirede ýerleşýär, näme gyz ol? Eneş: -Depressiýa umumy we çynlakaý, ýöne bejerip boljak lukmançylyk keseli bolup, duýgymyza, pikirimize we hereketimize ýaramaz täsir edýär. Depressiýa hemişe gynanç ýagdaýyna we ýakymly ýagdaýlarda lezzet almazlyga sebäp bolýar. Göwrelilik depressiýasy enäniň we çaganyň saglygyna täsir edýän umumy psihiatrik bozulmadyr. Göwrelilik döwründe depressiýa we depressiw alamatlar 12-36% arasynda üýtgeýär. Genetiki, psihologiki, biologiki, daşky gurşaw we gormonal faktorlar göwrelilik depressiýasynyň esasy faktorlarydyr. Anora: -Ýeri bu keseliň çagama we maňa nähili täsiri bar? Eneş: -Göwrelilik döwründäki depressiýa gysgaça aýdylanda, göwreliligiň gipertenzial keselleri (preeklampsiýa-eklampsiýa), öz-özünden abort, antenatal gan akma, ýatgy arteriýasynyň garşylygy ýokarlanmagy, pes apgar bal, täze döreýän intensiw bejergini talap edýän çaga dogurmak, düwünçegiň ulalmagy, düwünçegiň ölümi, pes agramly çaga dogurmaga sebäp bolýar. Anora: -Heýwiii gysgaça şular bolsa, sen gysgaltman aýtsaň nämeler aýdardyň?! Men bu gidişde çagamy ýitirmekden gorkýan. Haýyş edýän joram maňa kömek et. Eneş: -Göwrelilik döwründe ýüze çykarylan depressiýany bejermegiň usullary psihoterapiýa, derman bejergisi we beýleki farmakologiki däl (farmakologiki däl) goşundylardyr. Ýumşak depressiýada ilkinji saýlama hökmünde psihoterapiýa we farmakologiki däl bejergiler maslahat berilse-de, orta we agyr depressiýada farmakologiki bejergileri (antidepressantlar) ulanmak möhümdir. Häzirki wagtda göwrelilik depressiýasynda iň köp ulanylýan derman serişdeleri saýlama serotoniniň gaýtadan kabul ediş ingibitorlary (SSRI), serotonin we norepinefrin gaýtadan kabul ediş ingibitorlary (SNRI) we trisiklik antidepressantlardyr… Eneş jorasyna depressiýa we onuň bejeriş usullary barada aýdyp gowy düşündirdi. Şeýlelik bilen Anora ýagdaýyna görä jorasynyň maslahaty we ýardamy bilen psihoterapiýa başlady. Käbir ajylaryň käbir sözlemlere sygmaýşy ýaly, iň gowy zatlaryň hem hiç sözlem bilen taryp etmek mümkin däl. Anora indi şeýle bir çäresizdi welin, “Arslan kim bilen nirede ýaşaýandygy möhüm däl, kalbymda ýaşasa bolýar” diýýärdi. Çäresizdi… Ýok, aslynda ýüreginde çagajygynyň söýgüsini saklaýan hiç kim çäresiz däldir. Bir tarapdan bolsa, oňa göwresindäki çagajyk umyt bolup, onda üýtgeşik güýç döredýärdi. Şeýle hem göwreli aýal näçe sagdyn, fiziki we psihiki taýdan güýçli boldugyça, şonça-da onuň sagdyn çaga dünýa indirmek töwekgelçiligi ýokarlanýar. Bir gije ýagyş ýagýardy. Penjirä güýçli damýan damjalar, göýä Anoranyň janyna damýan ýalydy… 3-nji bölüm Başga planetalylaryň uçar jisimi gurçuk deşen ýerden geçdi. Gurçuk deşen ýer olary Akmaýanyň ýoly galaktikasyndan Loalabium galaktikasyna geçirdi. - Hormatly başga planetalylar, siziň bilen tanyş bolmadyk. Atlaryňyzy bilsem bolarmy? - Meniň adym Isigçawu, bu ikisi bolsa Isibisu bilen Isingwe. - Sizlere haýran galaýmaly. Sizden başga aňly siwilizasiýalar barmy kosmosda? - Elbetde, biziň Anwunium sistemamyzyň özünde biziň bilen üç aňly siwilizasiýa (planeta), birem ýaşaýyş bolsa-da aňly jandarlary bolmadyk planeta bar. Loalabium galaktikamyzda bolsa müňlerçe aňly medeniýetler bar. Biz umumylykda "Loalaba" siwilizasiýasyny emele getirýäris. Biziň planetamyz Giangenium Loalabiumyň paýtagt planetasy hasaplanylýar. Sebäbi, planetamyz Loalabiumyň aňly siwilizasiýalarnyň içinde iň uly planeta. Ol siziň Ýupiteriňizden sähel uly. - Men henizem haýranlar içinde. Siziň planetaňyz Ýupiterdenem uly bolsa, men onyň dartyş güýjine nädip çydaryn? - Siziň şeýle sorag berjegiňizi bilýärdim. Biz şol sebäpli planetamyzyň Giango 1 hemrasyna gonarys. Ol ýeriň dartyş güýji Ýeriňkiden sähelçe pesräk. -Beýle bolsa gaty gowy. Aýtsaňyzlaň, bizde ýagny Akmaýanyň ýolunda hem aňly siwilizasiýalar barmyka? - Akmaýanyň ýolundan siziň planetaňyzdan başga aňly siwilizasiýa tapmadyk biz. Ýöne ewolusiýanyň aňly jandarlary ýüze çykarmaga taýýar duran ýüzlerçe planetany tapdyk. Ondan daşary siziň Ýupiter planetaňyzyň Ýewropa hemrasynda hem ýaşaýyş bar. Ol ýerde ýaşaýyş, Ýupiteriň dartyş güýjiniň we Ýewropanyň buzasty suwlarynyň düýbindäki wulkanlaryň kömegi bilen emele gelen. - Marsda ýaşaýyş ýokmy? - Mars planetasyny hem doly öwrendik. Ol ýerde millionlarça ýyl ozal ýaşaýyş bolan. Ol planeta zyýanly kosmik şöhleler netijesinde magnit meýdany zaýalanan we ýaşaýyş üçin ýaramaz ýere öwrülen. Ýöne ol ýerde ýene ýaşaýyşy gaýta dikeltmäge köp şertler bar. - Siz bizden öňde ekeniňizä, hany kosmos öwreniş taýdan siz bilen deň derejede diýipdiňiz?! - Dogry biz köp taraplaýyn sizden ösen emma, kosmosyň syrlaryny siz ýaly doly bilemzok. Başga planetalylaryň kosmiki gämisi Giangenium planetasynyň Giango 1 hemrasynyň kosmodromyna gondy. Olar kosmiki gämiden düşdiler. Arslan heniz ertirlik edinmändi. Başga planetalylar Arslanyň gaýdan wagtyna görä wagty meýilleşdirip, planeta hemrasynyň güniň çykan nokadyna gondurypdylar. Olary Loalabium galaktikasynyň dürli planetalaryndan gelen ýüzlerçe alymlar garşy aldy. Arslan gündogar tarapa, asmana seretdi. Asmanda Giangeniumyň güneşi Anwunium nur saçyp durdy. Ol edil biziň Günimiz ýaly ululykda görünýärdi. Aslynda Anwunium ýyldyzy Günimizden biçak uludy. Soň Arslan günbatara seretdi. Günbatar asmanda bolsa äpet Giangenium planetasy we ýene iki sany hemra görünýärdi. Hemralar biziň Aýymyzdan sähelçe uly görünýän bolsa, Giangenium planetasy Aýymyzdan on esse uly görünýärdi. Giango 1 hemrasynyň howasynda Kislorod, Azot, Ozon gazlary bardy we ol Arslanyň saglygyna erbet täsirini ýetirenokdy. Şeýle hem bu ýeriň özüne maýyl ediji, kaşaň beýik binalary bardy. Olaryň binägärçilik we şäher infrastrukturasy tebigat bilen utgaşyp gidendi. Howada dürli reňkdäki owadan we täsin guşlar uçuşyp, jürkildeşýärdi. Giango 1 hemra şäherinde uzyn boýly, miweli we saýaly agaçlar köpdi. Ol ýeriň ilatynyň biziň pişikdir itlerimize meňzeş kibandalary we pakulary bardy. Gianglar kibandalarydyr pakulary bilen seýil etmegi halaýardylar. Howanyň temperaturasy 25-30 selsiý aralygyndady. Giango 1 hemrasy öz okunyň daşyndan takmynan 25 sagatda bir gezek, Giangeniumyň daşyndan bolsa 34 günde (Ýer planetasynyň hasabynda) bir gezek aýlanýardy. Giangenium planetasy bolsa öz üç hemrasy bilen birlikde Anwunium güneşiniň töwereginde Ýer hasaby bilen 3 ýylda bir aýlanýardy. Ol öz okunyň daşyndan bolsa 48 sagatda bir gezek aýlanýardy we bu hereketler Arslanyň bu uky režimine o diýen päsgel berenokdy. Başga planetalylar Arslany myhmanhana getirdiler. Giang aşpezleri Arslan üçin ýörite Ýer planetasynda ýetişdirlen önümlerden taýýarlanan naharlary bişiripdiler. Arslan ertirligini edinip, olardan sorady: - Hany, indi esasy meselä geçemzokmy? - Jenap Akmaýanyň ýolundan gelen, sizi birazdan myhmanhanamyzyň ýörite size niýetlenilen otagyna elterler. Ol ýerde iň güýçli alymymyz bilen söhbetdeş bolarsyňyz. Ol size bar zady düşindirer. - Bolýar. Bu gaty gowy. Men pursatdan peýdalanyp Loalabo halkyna mähirli myhmansöýerligi üçin köp sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem planetadaşlarymyň size garşy eden ýalňyş hereketleri üçin sizden ötünç soraýaryn. Soňra başga planetalylar Arslany öz otagyna getirdiler. Birnäçe minutdan onuň bilen söhbetdeş boljak başga planetaly hem geldi. Ol daşky görnüşine görä giangeniumly däldi. Megerem ol Loalabiumyň başga bir planetalarnyň birinden gelen bolsa gerek. - Salam jenap Arslan. Galaktikamyza hoş geldiňiz! Men şu galaktikanyň Solonsium ýyldyz sistemasyndaky Kuazium planetasyndan geldim. Loalabium ýolbaşçylary seniň bilen söhbetdeş bolmak üçin meni bellediler. Meniň adym Isizinzulu. - Tanyşanyma örän şat jenap Isizinzulu. - Garaz özüňem ilçilerimizden eşidensiň, kosmosda bir howp bar. Bu howp köp alymlarymyzyň we şol sanda meniňem pikirime görä aňly ýagdaýda bolup geçýär. Ýagny kosmosyň haýsydyr bir künjegindäki aňly jandarlar tarapyndan bolup geçýär. Beýleki çaklama görä bolsa ol ýönekeý bir anomal fiziki hadysa. Biz bu fenomen howpa "Ngaçingoza" diýip at berdik. Bu kuazius dilinde "nämälim howp" diýen manyny berýär. Indi bolsa saňa Ngaçingozany doly tanatsam, ony biz altmyş ýyl mundan ozal anykladyk. Ol howp, ýolunda uçran galaktikalary, umuman ähli asman jisimlerini parçalap, külüni kosmosa sowrup gelýär. Biziň hasap-hesiplerimize görä Ngaçingoza biziň galaktikamyza ýene iki ýyldan gelip ýetýär. Siziň alymlaryňyz bolsa Ngaçingoza bilen takmynan on ýyldan soň tanyş bolar we ol alymlaryňyz üçin täze bir global meselä öwrüler. Ngaçingoza takmynan ýüz ýyldan soň Akmaýanyň ýoluny ýok etse, müňlerçe ýyldan soň tutuş kosmos ýok bolup gider. Arslan Isizinzulunyň gürrüňinden soň çuňňur oýa batdy. Arslan: - Asmanda Ngaçingozany synlap bilerinmi? Isizinzulu: - Elbetde! Gije Anwunium güneşi batandan soňra synlap bileris. Ngaçingoza gülgüne reňkde örän owadan we örän gorkunç görünýär. Isizinzulu Arslanyň eline ýönekeý smartfon ululygynda bir tablo berdi. Tabloda Ngaçingozanyň Loabaliuma näçe wagtdan ýetip geljegi görkezilendi. Tabloda "Galan wagt: 2 ýyl : 1 aý : 2 gün : 0 sagat : 32 minut : 41 sekunt" ýazgysy bardy. Bu türkmen dilinde ýörite Arslan üçin taýýarlanypdy. Tablodaky wagt azalýardy. Arslan hamala şonça wagtdan partlajak bolýan bombany elläp duran ýalydy. Ol gaty gorkdy. Bedeni gowy derledi. Elleri sandyrady. Arslan ahyry özüni dürsedi, "Entäk wagtymyz köp" diýip oýlady we tablony stoluň üstünde goýdu-da uludan dem aldy. Arslan: - Siz Ngaçingozany aňly jandarlar tarapyndan döredilen bolmagy mümkin, diýdiňiz. Siz Ngaçingoza tarapa signal ugradyp görmediňizmi? Isizunzulu: - Ýok, ugratmadyk. Ýöne muny bizem oýladyk. Emma ony signalymyz bilen öjükdirip, howpy barha tizlendireris diýip, signal göýbermekden saklandyk. Arslan: - Bolýar. Meni giç düşýänçä ýalňyz goýuň! Eger-de giç düşmänkä bir täzelik bolsa habar ediň! Arslan Anwunium güneşi batýança otagynda ýalňyz galdy. Otagda Arslana güýmener ýaly dürli zatlar we iýip-içer ýaly dürli önümler bardy. Anwunium güneşi batypdy. Giango 1 hemrasynyň ýyldyzly asmanyny synlamak üçin Arslan bilen Isizinzulu daşara, gözegçilik meýdanyna çykdylar. Asman juda arassady. Hemranyň ýyldyzly asman gümmezi ýerdäkiden düýpli tapawut edýärdi. Millionlarça ulululy kiçili ýyldyzlar hemranyň asmanyny bezäp durdy. Gündogar tarapda bolsa äpet Giangenium planetasy görünýärdi. Asmanda hat-da iki sany galaktikany hem saýgaryp bolýardy. Ýer planetamyzdan bolsa teleskoplarsyz galaktikalary saýgaryp bolanokdy. Ondan başgada nebulalar we kwazarlar hem asmanda görünýärdi. Asmanda uzalyp giden gülgüne reňkde bir zolak bardy. Bu şol owadan we gorkuly Ngaçingozady. Arslan, "Bu ýerde Anora bolan bolsa, menden beter haýran galyp, aňk-taňk bolup galardy" diýip oýlady. Ertesi güni Arslan bilen Isizunzulu ertirlik edinip otyrdylar. Arslan: - Mende bir pikir bar. Isizinzulu: - Nähli pikir? Arslan: - Siz şeýlebir simulýasion wirtual wakalyk oýlap tapmaly welin, ol wakalykda wagt örän çalt geçmeli. Meselem, real wakalykda bir gün geçse, wirtuallykda ýüz ýa-da müň ýyl geçmeli. Dogry, bu meselämize çözüw däl, ýöne, bu biraz wagtdan utmagymyza peýda berer - diýip, elindäki galan wagty görkezýän tablo seretdi. Isizinzulu: - Bu gaty gowy pikir. Men muny Loalabiumyň ýolbaşçylaryna ýetireýin. Olar nähili netijä gelerkä? Aradan iki gün geçenden soň Loalabiumyň ýolbaşçylary Arslanyň pikirini goldandyklaryny mälim etdiler. Loalabium galaktikasynyň ähli programmistleri wirtual wakalygy döretmäge girişdiler. Üç aý soňra wirtual wakalyk hem döredildi. Ol Loalabiumyň ilatsyz planetalarnyň birinde äpet superkomýuterde ýerleşdirildi. Wirtual wakalykdaky ýüz ýyl, real wakalykdaky bir güne deňdi. Indi Loalabiumyň saýlanan iň güýçli müň sany alymy wirtual wakalykdan howpa garşy çözüw gözleýärdiler. Arslan bolsa wirtual wakalyga girmek islemedi, onda başgarak bir pikir bardy. Ýöne bu pikiri entäk aýtmakdan saklanýardy. Arslana bu hemrada ähli şertler we mümkinçilikler döredilendi. Ol bireýýäm bu ýere uýgunlaşypdy. Ertesi güni Loalabium Ngaçingozany öwreniş barlag merkezinden hoşhabar gelip gowuşdy. Habara görä Ngaçingozanyň tizligi biraz peselipdir. Indi Arslana berlen tablodaky wagt hem üýtgedildi. Tablodaky galan wagt dogry üç ýyly görkezýärdi. Arslan ýat ýerde maşgalasyny unudanokdy. Ol ene-atasyny, doganlaryny, aýaly Anorany we dost ýarlaryny küýseýärdi... 4-nji bölüm 2023-nji ýyl. Maý aýy. Anoranyň çagasyny dogurmaly wagty golaýlapdy. Jorasy Eneş ony depressiýadan halas bolmagyna kömek edipdi. Arslanyň dosty Baýramgylyç bolsa Arslan babatda kömegi degipdi. Ol Arslanyň ene-atasyna Arslan bilen ikisiniň iş sapary bilen uzak möhletletleýin daşary ýurda gidendiklerini bahana edipdi. Anora indi Arslan babatynda bahana etmek hökman däldi. Anora düýş gördi. Düýşinde Arslanyň bütin Älemi halas edip dolanjakdygny görüpdi. Ol gören düýşüniň iki günden amala aşjakdygyna ynanýardy we bu çyndanam şeýle bolaýmalydy. *** 2022-nji ýyl. Dekabr aýlary. Loalabium galaktikasy. Arslan henizem Giango 1 hemrasynda Ngaçingozany öwrenýärdi. Ngaçingoza howpy ýagtylyk tizligine ýakyn tizlikde hereket edýärdi. Ol ýene üç ýyldan Loalabiuma ýetip gelmeli. Ony loalabiumly alymlar nädip hasaplap bildiler? Mundan takmynan altmyş ýyl töweregi ozal Loalabiumdan bir million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Limatus galaktikasy gözden gaýyp boldy. Soň çalt-çaltdan başgada birnäçe galaktikalar ýok bolup ugrady. Loalabiumlylar galaktikalaryň aralygyny we ýok bolmasynyň wagt aralygyny hasaplap, Ngaçingozanyň tizligini anyklamagy başarypdylar. Arslanyň Ngaçingoza barada bir çaklamasy bardy. Oňa görä ol çyndanam aňly jandarlaryň işidi. Eger-de ol anomal fiziki hadysa bolanda bu wagta onuň syry teorik taýdan bolsa hem hökman çözüläýmelidi. Arslanyň pikiriçe ol çak edilişi ýaly uly tizlikde däldi. Ngaçingoza nähilidir bir aňly jandarlaryň galaktikalardaky ýyldyzlaryň energiýasyny sorup, ýagtylygyň tizligine golaýlan bolmaly we olaram loalabiumlylar ýaly ekzotik maddanyň kömeggi bilen gurçuk deşen ýerlerden peýdalanýan bolup bilerdiler. Sebäbi Arslanyň we umuman birnäçe fizikleriň pikiriçe ýagtylygyň tizligi älemdäki iň ýokary tizlikdir. Ony aşmak mümkin däl. Bu çaklama hakykatdanda dogrydy. Takmynan birnäçe million ýyl ozal Limatus galaktikasyndaky aňly jandarlar ýyldyz energiýasyny sormany öwrendiler. Indi olar çäksiz energiýa arkaly öňünden çykan galaktikalaryň ýyldyzlarynyň energiýalarny sülük ýaly sorup gelýärdiler. Olar ýyldyz energiýasyny sormak üçin, ýyldyzyň daşyndan äpet sferik panel gurýardylar. Biziň alymlarymyz bu sferalaryyň bardygyny teoriki taýdan agzapdylar we olara Daýson sferalary (Dyson spheres) diýip at beripdiler. Indi özüňiz göz öňüne getiriň, ýyldyz energiýasyny sormany öwrenen siwilizasiýa garşy loalabiumlylar nähili garşylyk görkezip bilerdiler? Elbetde hiç hili. Entäk biziň loalabiumlylar ýyldyz energiýasy ol ýerde dursun, öz planetalarynyň resurslaryndan hem doly peýdalanyp bilenokdylar. Hat-da biz ýerliler hem öz Günümiziň energiýasyndan doly peýdalanamyzok, ýagny biz öz Günümizi gurşap alan Daýson sferasyny guryp bilemizok. 1 sm galyňlykdaky Daýson sferasyny gurmak üçin Gün sistemasynyň ähli materiallaryny ulananymyzda hem gurup bilmezdik, sebäbi ol güni doly gaplap bilmezdi, sebäbi Gün diýseň äpet. Haýran galaýmaly ýeri limatuslylaryň Daýson sferalaryny gurmak üçin gerekli materiallaryny nireden tapýandyklarydy. Olar gerekli materiallary gözläp tapanokdylar, olar materialy köpeltýärdiler. Hawa hawa köpeltýärdiler, olarda molekulýar köpeldiji enjam bardy. Ol enjam islendik bir jisimiň molekulýar düzümini öwrenip we ony köpeldip täze nusga taýýarlap bilýärdi. Olar diňebir materiallary köpeltmän, meýilnamalaryny çalt tamamlamak üçin işçileri we gerekli resurslary hem köpeltýärdiler. Köpeldilen işçileriň we materiallaryň kömeginde meýilnama gysga möhletde tamamlanýardy. Häzirki wagtda älemimizde ösüş piramidasynyň çür depesinde duran ýeketäk siwilizasiýa şulardy. Arslan öz çaklamasyny Loalabiumyň ýolbaşçylaryna gürrüň berip, Ngaçingozany döreden siwilizasiýa bilen hökmany suratda kontakta çykmalydyklarny nygtady. Loalabium ýolbaşçylary muňa razy boldy we amala aşyryljak kontaktda ähli jogapkärçili Arslanyň boýnuna ýüklediler. Arslan bu çäräniň howpsuz geçmesi üçin jogapkärçiligi öz boýnuna aldy. Ol Isizunzulu bilen bilelikde kiçiräk ýaşaýyş emele gelmedik planetalary bolan jansyz bir galaktika tapyp limatuslylar bilen kontakta şol ýerden çykmagy meýilleşdirdiler. Sebäbi Loalabiumdan kontakty amala aşyrmak juda howpludy. Bu öz ölümiňi özüň diläp almak bilen barabardy. Isizunzulunyň şägirtleri limatuslylar bilen kontakta çykar ýaly amatly galaktikany tapdylar. Arslan, Isizunzulu we ýüzlerçe lingwist we mehanik alymlar şol galaktika gurçuk deşen ýeriň kömeginde geldiler. Lingwistler limatus bilen kontakta çykmakda uniwersal dil oýlap tapmalydylar. Olar limatuslylara ilkinji signalyny ugratdylar. Signalyň habarynda Loalabium siwilizasiýasynyň ösüş depginini we olaryň parahatsöýjülikli gatnaşyga taýýardyklary aýdylandy. Signalda ilki bilen Pifagoryň teoremasyndan başlap, E=mc2 çenli ähli ylmy açyşlary bilýändikleri agzalypdy. Bu Loalabiumlylaryň aňly ösen siwilizasiýadygny bildirmek üçin ähmiýetlidi. Signal limatuslylaryň Ngaçingoza howpuna tarap gönükdirildi. Signal wideo we audio hem-de grafiki formatda dürli çastotalarda ugradyldy. Aradan bir aý geçenden soň limatuslylaryň jogap signaly ýetip gelipdi. Signalyň habaryny gysgaça şeýle düşindirip bilerin (Bellik: Signal edil aşakdaky görnüşde däl. Bu diňe düşündiriş hökmünde): "Hormatly Loalabium siwilizasiýasy. Siziň bize ýollan audio, wideo we grafiki signallaryňyzyň ählisini aldyk we oňa diýseň begendik. Sebäbi biz heniz özümiz ýaly aňly siwilizasiýa entek duş gelmedik. Biz Äleme hiç hili howp salamyzok, biziň ýok eden galaktikalarymyzda hiç hili aňly we aňsyz jandarlar ýokdy. Barlaryny hem biz howpsuz ýere ewakuasiýa etdik. Biz galaktikalardaky ýyldyzlaryň energiýasyny sorup ondan peýdalanmagy öwrendik. Biz howpsuz ýere geçiren jandarlarymyzy hem şol energiýadan özleriniň peýdalanmagyna goýup berdik. Olar heniz kosmiki derejä çykmadyk, çala ösen medeniýetdi. Olar üçburçluk teoremasyny (Pifagor teoremasy göz öňünde tutulýar) ýakynda bilen ekenler. Biz olara öz açyşlarymyzy öwretdik. Bizde hem hiç hili ýowuz niýet ýok. Biz hem parahatçylykly gatnaşyklara hemişe taýýar" Signal alnyp, habar lingwistleriň kömegi bile düşinilensoň Arslan Isizunzula bakyp: - Men bu habara näme üçindir biraz şübhelenýän - diýdi. Isizunzulu: - Menem... - Sebäbi şeýle ösen, öňlerinden çykan ýyldyzlaryň energiýasyny sorup ýören we iň esasysy biziň ugradan signalymyza düşünip, jogap habaryny ýollap bilen siwilizasiýanyň parahatsöýüjilikli gatnaşyga taýýardygyna ynanyp bilemok. Hat-da bizde hem Ýewropalylar Amerikany açanda ýerli ilat bilen gatnaşyk agyr geçipdi ýa-da bolmasa siz hem biziň siwilizasiýamyzyň ýokarky wekilleri bilen henizem düzüwli kontakt gurup bilmediňiz. Ýeri indi bular bilen parahatçylykly aragatnaşyk gurup bolarmyka? - Iň uly töwekgelçilik bu hiç hili töwekgelçilik etmezlikdir. Biz töwekgelçilik edip şu ýere çenli geldik. Indi biz galaktiki söweşiň öňüni almak üçin elimizden geljek we gelmejek ähli zada taýyn bolmaly. Biz muny elbetde başararys! - Hawa. Indi biz olar ýüzbe ýüz aragatnaşyga çykmaly. Birnäçe wagtlap dowam eden ikitaraplaýyn söhbetdeşligiň netijesinde Loalabium bilen Limatus dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ylalaşdylar. Ýakyn wagtda olar biziň Ýer planetamyz bilen hem gatnaşygy ýola goýmagy meýilleşdirýärler. *** Arslan Giango 1 hemrasyndaky soňky gününi geçirýärdi. Loalabium ýolbaşçylary ony "Galaktikanyň gahrymany" diýip yglan edipdiler. Arslan myhamnahada Isizunzulu bilen günortanlyk edinýärdi. Arslanyň öňünde türkmen palawy bardy. Giangeniumly aşpezler muny ýörite Arslan üçin taýýarlapdylar. Arslan günortanlykdan soň aşpezlere türkmen palawy üçin köp sag bolsun aýtdy. Soňra ol Giangeniumyň we Loalabiumyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýdyp olar bilen hoşlaşdy. Arslany bu ýere getiren ilçiler indi ony yzyna alyp gitdi. *** Aradan dört ýyl geçdi. Arslan bilen Anoranyň gyzy bolupdy. Olar gyzlaryna Ýyldyz diýip at goýdular. Loalabiumlylar we limatuslylar Ýer planetamyz bilen parahatsöýüjilikli aragatnaşyga çykypdylar. Häzirki wagtda Arslan bilen Anora Giangenium planetasynyň Giango 1 hemrasynda ýyldyzly asmany synlaýardylar... Soňy. Hekaýany ýazmakda elinden gelen ähli kömegi edendigi üçin @Nirvana köp sag bolsun aýdýaryn! © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. & @Nirvana. 2022 ý. Çeşme: http://kitapcy.ru/news/yyldyzly_asmanyn_astynda_1_hekaya/2022-08-22-22375 | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |