Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:50
Sizem biz ýaly mör-möjek / konspirologik fantastika
SIZEM BIZ ÝALY MÖR-MÖJEK

BS Demonverse

"Düýşümde özümiň kebelekdigimi gördüm. Oýandym welin pikir etdim. Men düýşimde kebelekdigimi gören adammy ýa-da düýşinde adamdygyny gören kebelekmi? Bilemok"
Çžuan Szi

Mekan adatdakysy ýaly bugünki işini dynyp öýüne gelýärdi. Ýolda gelýärkä nähilidir bir düşnüksiz duýgy ony saklady. Ol daş-töweregine seretdi. Soňra çep gapdalyndaky dükana girdi. Ol dükanyň içini aýlanyp, alar ýaly göwnemakul zat tapmady. Mekan iki ýyl ozal ejesinden aýrylypdy. Kakasyny bolsa ol umuman görmändi. Ol Mekan dogulmanka aradan çykypdy. Mekany ejesi ulaldyp kemala getiripdi. Indi bolsa Mekan ýalňyz galypdy.
Mekan ol dükandan çykyp, gapdaldaky kompakt diskler satylýan dükana girdi. Dükandan kompýuterde oýnamak üçin bir sany oýun diskini, soň bolsa içi gysan wagty görmek üçinem bir sany kinofilm DVD diskini aldy. Mekan diskleriň pulyny töläp dükandan çykjak bolup durka dükanyň gözegçisi Mekany sakladyda "Bäş minut wagtyňyzy almaly bolýan. Meniň bilen ýörüň" diýdi. Mekan razylyk bildirdi. Soňra olar bir otaga girdiler. Ol otagyň diwarynda ullakan sirkul we iki sany çyzgyjyň ortasynda "G" harpy çekilen nyşanyň suraty bardy. Mekana ol nyşan tanyş göründi, emma ol nähili nyşandygny ýatlap bilmedi. Mekan ahyry gözegçiden näme maksat bilen bu ýere getirlendigini sorady:
— Siz meni näme maksat bilen bu ýere getirdiňiz?
— Sende bize gerekli açar bar şony maňa beriň! Siz ony dükandan ogurladyňyz.
— Jenap mende hiçhili açar ýok we men dükandan hiç zat ogurlamadym.
— Näme oýun etjek bolýaňmy meniň bilen, sende açar bar ony maňa ber?!
— Aýtdyma mende hiçhili açar ýok. Eger öýümiň açaryny soraýan bolsaň...
— Öýüň açary özüňe nesip etsin. Maňa zerur bolan açar bar sende. Maňa şol açary ber!
— Mende başga hiç-hili açar ýok jenap!
— Mekan Annaýew men senden açary bermegiňi haýyş edýärin!
— Jenap, siz meniň adymy we familýamy nirden bilýäňiz?
— Men köp zady bilýärin. Sende maňa juda zerur bolan açaryň bardygyny hem bilýärin.
Mekan torbasyndaky dükandan alan disklerine seretdi. Birinde "Key (compuuter game)" ýazgysy, beýlekisinde bolsa "Key (sci-fi movie)" ýazgysy bardy. Mekan "Onuň açar diýýäni şularmyka" diýip pikir etdi. Birdenem dükan gözegçisiniň gözleriň reňki sara öwrüldi. Derisi ýylanyň derisine öwrülende ol dilini çykardy. Soňra dili hem ýylanyň diline öwrüldi. Mekan gorkdy. Ol gapa tarap ylgady. Daşky görnüşi ýylana meňzän dükan gözegçisi "açary maňa ber" diýip gygyrýardy. Birdenem otagyň içi giňelip ugrady. Mekan näçe ylgasa hem gapa ýetip bilenokdy. Mekanyň yzyndan ýaňky dükan gözegçisi ýuwaşlyk bilen gelýärdi. Mekan gorkup kelemesini öwrüp başlady. Şol bada ol gapynyň ýanynda peýda boldy. Ol gapyny açyp daşara çykdy. Has dogrusy ol içere girdi, öz öýüniň içersine. Ol derrew gapyny ýapdy. Ol nädip öz öýünde peýda bolanyna haýran galýardy. Ol bir minut aňk-taňk bolup durdy. Soňra ýuwaşlyk bilen gapyny açyp jyklady. Seretse ne dükan gözegçisiniň otagy ne-de onuň özi bardy. Ol öz öýüniň howlysyny synlaýardy. Soňra gapyny ýapdyda uludan dem aldy. Ähli erbetlikler geçip gitdi. Aslynda ähli erbetlikler indi başlaýardy.
Mekan torbasyndan diskleri çykardy. Olaryň ikisinde hem açaryň suraty bardy. Biri "Açar" atly kinofilm diski, beýlekisi hem "Açar" atly oýun diskidi.
Mekan sowadyjyda duran nahary gyzdyryp, garnyny doýuransoň "Açar" atly kinofilm diskini DVD pleýere salyp, DVD pleýeri we telewizory işletdi. DVD pleýer diski okamady, telewizorda "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Mekan DVD pleýeriň pultyndaky "RESTART" düwmesine basdy. DVD pleýeri diski sarady sarady ýöne ýene okap bilmedi. Telewizorda ýene "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Soňra diski DVD pleýerden çykaryp, DVD pleýeri we telewizory öçürdi. Kompýuteriniň ýanyna gelip ony işletdi. Kompýuterine "Açar" atly oýun diskini saldy. Kompýuter monitorynyň ekrany garaldyda "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Mekan klawiaturadaky "RESTART" düwmesini basdy. Biraz salymdan ýene şol "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Mekan oýun diskini DVD pleýere salyp görmegi pikir etdi. Şeýlede etdi. Telewizorda "Hakykatyň açary" ýazgysy peýda boldy. Soň ol ýazgy ýitip, "Mekan, senden we umuman ynsanlykdan gizlenýän hakykatlary öwrenmäge taýyn bol! Sebäbi bu hakykatlary bilmek seni şok eder". Soňra telewizor ekranynda giň meýdanda hatara duran ýumurtgalar göründi. Ekranda ýene ýazgylar peýda boldy. "Matrisa filmini gören bolsaň bu aýtjaklaryma düşinersiň. Bu ýerde milliardlap ýumurtga bar we bu hakyky dünýä. Seniň ýaşap ýören dünýäň bolsa hakyky däl. Bu matrisa. Bu ýumurtgalaryň içinde tutuş adamzadyň hakyky özleri ukyda ýatyr. Olar düýş görýär. Şol sanda su ýumurtgalaryň birinde senem düýş görüp ýatyrsyň. Bu ýumurtgalaryň ählisi "Lowhul Mahfuz" atly ýeketäk ullakan ylahy kompýutere birikdirilen. Aslynda siziň görýän zatlaryňyzyň ählisi ýalan. Size hakyky dünýäniň merkezinden ýagny şol Lowhul Mahfuzdan radiotolkunlar arkaly düýş görkezilýär. Sen her gije ukyda görýän düýşler bolsa Lawhul Mahfuzdan gelýän parallel tolkunlar. Ýagny parallel älemler. Sen aslynda huş diýip bilýän durmuşyň iň güýçli tolkun. Seni bir antenna hökmünde kabul etsek, sen ony ýokary takyklykda kabul edýärsiň. Huş tolkunynyndan başga tolkunlary bolsa uka giden wagtyň kabul edýäň. Şol sebäpli düýşler dury däl, bulanyk görülýär. Käbir adamyň gulagyna her dürli sesler eşidilip, gözüne galýusinasiýalar görünýär. Bu hem parallel tolkunlar. Bu Matrisa aslynda Matrisa kinofilmindäki ýaly erbet ýer däl. Matrisa kinofilmi şeýtanyň aldaw hilesi esasynda döresilendir. Alla bu matrisany size synag hökmünde ýaratdy. Gürrüňi parallel tolkunlar barada dowam etsek. Parallel tolkunlaryň bir bölegi Allaňky, ol Lawhul Mahfuzdan gelýär. Beýleki bir bölegi şeýtanyňky. Ol şeýtanyň kompýuterinden gelýär. Mysal üçin adamlar köp zady öňünden düýşlerinde görýär. Bu tolkunlary Alla duýduryş hökmünde ugradýar. Käbir düýşlerde bolsa adam öz nebis arzuwlaryny we ham hyýallaryny görýär. Bu bolsa şeýtanyň ugradan tolkunlary. Käbir adamlaryň gulagyna eşidilýän sesler bolsa jyn şeýtanlaryň pyşyrdysy. Bu tolkunlary adam beýnisine şeýtan ugradýar. Seni bu hakykatlardan habardar etmekden maksat, ýakynda Mäti bilen Isa alaýhyssalam gaýdyp geler. Sen bolsa olara goşulyp Dejjalyň goşunyny ýeňmäge kömek etmelisiň. Dünýäde birnäçe gizlin güýçler (ilýuminatlar we masonlar) Dejjalyň çykaryna garaşýar. Seniň öýüňe ertir Aly atly ýigit geler. Onuň bilen birlikde sen Dejjalyň goşunyna garşy göreşersiň.
Adamar bütin ömür "biz dogulmankak nirededik we ölenimizden soň nirä gideris?" diýen soraga jogap gözleýär. Adam dogulmanka onuň ruhundan soralýar: "Adam bolmak isleýäňmi ýa perişde?" adam bolmak isleýändigni aýdan ruha synag dünýäsinden geçmelidigi barada habar berilýar we ol synag dünýäsine baranda bu ýerde bolanlary unutjakdygy ýatladylýar hem-de synagdan dogry geçip bilse ebedi jennete alynjakdygy aýdylýar. Adam ölensoň ol hakyky dünýä barýar we ol ýerde sorag-jogap edilip jennete ýa-da jähenneme göýberilýär. Sen bu wideony görýän bolsaň synagdan geçdiň. Alla seni disk dükanynda şeýtanyň tolkuny bilen synady, egerde sen dükan gözegçisine diskleri bereniňde ýa-da ondan gaçýarkaň kelemeýi şahadatyňy aýtmadyk bolaňda, seen şeýtanyň tolkunyndan çykybilmezdiň, ol seni azdyrardy..."
Mekan Matrisa filminem görüpdi, din ugrundan hem düşünjesi bardy. Şol sebäpli ol bu habara derrew düşindi. Soňra Mekan "Açar" atly kinofilm diskini kompýutere saldy. Ekranda asmany bezeýän ýyldyzlaryň kartasy ýer aldy. On iki sany zodiak ýyldyz toplumlarnyň kartasy ýekeme ýeke görkezildi. Soňra Kowus (Keman) ýyldyzlar toplumy görkezildi. Soň ekranda diňe Kowus A* (Sagittarius A*) ýyldyzy göründi. Ekrandaky görnüş zoom boldy, ýagny ulaldyldy. Kowus A* (Sagittarius A*) aslynda ýyldyz dälde gara girdapdygy äşgär boldy. Mekan astronomiýa ylmynyň täzeliklerinden habarly bolansoň munyň şeýle boljagyny, ýagny gara girdapdygny bilipdi. Kowus A* Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň merkezindäki ägirt uly gara girdapdygyny astronomlar subut edipdi. Soňra ekranda ýazgylar peýda bolup ugrady. "Muny galaktikamyzyň merkezi diýdiler. Aslynda bolsa bize şifr hödürlediler. Gün her ýyl 21-nji dekabrda şol nokatda ýer alýar. 2012-nji ýylyň 21-nji dekabrynda hem ýalan kyýamat habary hem bir şifrdi. Anyk haýsy ýyldadygny anyk bilmesekde 21-nji dekabrda gizlin güýçler özlerniň planlaryna başlarlar. Mawy yşyk (Bluebeam) atly planlaryna görä 21-nji dekabr güni asmandan galp Isa alaýhyssalamy düşirmek isleýärler. Olaryň Isa diýdikleri aslynda Dejjaldyr. Dejjal özüni hristianlara Iusus Hristos, musulmanlara Isa alaýhyssalam, hinduslara Kalki, otparazlara Saoşýant, ýewreýlere Moşiah we buddistlere Buddanyň gaýtadan dünýä gelen reinkirnasyýasydygyny habar berer. Soňra ol ähli dinleriň aslynda birdigni, özüniňem hakyky Hudaýdygny aýdar, dürli gudratlar görkezer, ol pitne gurnar we adamlary dogry ýoldan azdyrar..."
Mekan bu habarda Dejjalyň pitnesi barada giňişleýin maglumata eýe boldy.
Aradan köp wagt geçdi. Dejjal bireýýam geldi. Ol halklary özüniň Hudaýdygna ynandyrýardy. Oňa ynanmadyklar Mekge we Medine şäherlerine gaçyp gelipdiler. Olar onuň bir gözüniň kördüginden we maňlaýyndaky "käfir" sözünden ugur alyp, onuň Hudaý dälde Dejjaldygna göz ýetiripdiler. Mekan bolsa täze dosty Aly bilen Dejjalyň goşunyna garşy urşa çykypdy. Mekan söweşde ýesir düşdi.
Mekan jennet ýaly gözel ýerde gözüni açdy. Ol ýer mör-möjeklerden doludy. Mekan bu ýeriň jennet dãldigni bildi. Sebãbi Mekan tagtda oturan ýeke gözli Dejjaly gördi.
Dejjal oňa: "Jennetime hoş geldiň, Mekan" diýdi. Mekan bolsa: "Bu ýer jennet däl" diýdi.
Dejjal:
— Dogry. Bu ýer jennet dãl. Jennet we jãhennem sizi kontrola salmagym üçin oýlap tapan närselerim. Men hakyky Hudaý men ãhli dinleri, mukaddes kitaplary men döretdim, men ýazdym. Zews men, Indra men, Ahura Mazda men, Göktaňry men, Ýahwe men hat-da Alla hem men. Awesta, Bhagawad Gita, Töwrat, Zebur, Injil we Gurhanam men ýazdym.
Mekan:
— Men saňa ynanamok.
— Ynan maňa, maňa ynan men saňa ählisini subut edip görkezerin. Siz adamzat şu mör möjeklerden hiç hili tapawudyňyz ýok. Biologik tarapdan siz süýdemdiriji bolsaňyz hem sosial tarapdan mör möjeksiňiz. Mundan millionlarça ýyl ozal sizi Sirius ýyldyzynyň bir planetasynda öz ellerim bilen ýasadym. Şol wagt siz aseksual (jynssyz) jandardyňyz, sizde aň düşünje ýokdy. Soňra Biz halkymyz bilen altyn gözlegine çykdyk. Gün sistemasynda siziň Ýer atly planetaňyzy tapdyk. Men halkymdan bu blanetanyň Hudaýy bolmagy haýyş etdim, olar razy boldy. Bu planetadaky maýmynpisint jandarlaryň genine siziň genden we mör möjekleriň geninden goşup sizi kämil jandar etdim. Bu ewolýusiýaňyzdy. Sizde aň we düşünje kemala gelip ugrady sizi kontrola salmak üçin men dinleri döretdim. Siz tutuş ömrüňiz dowamynda mör möjekler kimin ýaşaýarsyňyz. Doglanyňyzda ejelerňiz sizi gundaglaýar, şonda siz mör möjekleriň doly kemala gelmedik liçinkalaryna meňzeýäňiz. Başga süýdemdirijiler şu hereketi edýämi? Olaryň çagalary derrewjik kemala gelýär. Siz mör möjekler kimin gat-gat bolup ýaşaýarsyňyz, termitler ýaly belent jaýlar gurýaňyz. Söweşeniňizde hem mör möjekler ýaly söweşýäňiz. Gadymda urşujy esgerleriňiz tomzaklary ýatladýardy. Siz kyrkaýaga meňzeş poýezdlerde hereketlenýäňiz. Dikuçarlarňyz bolsa teneçirlerle meňzeýär. Siziň sosial toplumyňyz garynjalaryň we arylaryňka meňzeş synplara bölünen. Men Kuran diýen kitabymda olaryň atlary getirilen "Neml" we "Nahl" sürelerini getirdim. Haj süresiniň 73-nji aýatynda men şeýle diýdim: "Eý, ynsanlar! Bir mysal getirildi, indi şony diňläň! Siziň Alladan gaýry çagyrýanlaryňyzyň hemmesi bir ýere jemlenseler hem, hiç haçan bir siňegi-de ýaradyp bilmezler. Eger siňek olardan bir zady goparyp alaýsa, şony hem yzyna alyp bilmezler. (Çünki) isleýän hem ejizdir, islenilýän hem ejizdir." Meniň näme sebäpden siňegi mysal getirenimi gowy düşün! Perişdeler iki we dört ganatly görnişdedigi barada habarlar beripdim. Mör möjekler hem. Mekan seni ynandyrmak üçin isleseň seni öldürip we gaýta direldip görkezeýin.
Dejjal Mekanyň ýüregine gylyç sokdy. Mekan nähilidir bir ýumurtganyň içinden çykdy. Mekan häzir adam däl-de kebelekdi. Şol wagty onuň ýanyna ullakan bir siňek uçup geldi.
— Mekan men seni şu ýere ugradan hakyky Hudaý. Ynha bu ýer bolsa hakyky dünýä. Sen ýalan dünýäde gurçuk kimin ýaşadyň. Bu görýäniň ýumurtga däl bu pile. Sen indi pileden çykyp kebelege öwrüldiň. Görşüň ýaly sizem biz ýaly mör möjek. Indi sen maňa iman ederiň ýaly seni ýene ýalan dünýä ugratjak, ýagny seni direltjek.
Mekan gözüni açdy indi ol ýene adamdy. Özüni Hudaý diýýän Dejjal oňa bir gylyç berdi.
— Mekan ynha şu gylyjy al. Sen maňa iman getirde, maňa garşy çykanlary şu gylyç bilen öldür!
Mekan gylyjy alyp oňa siňe seretdi. Mekan: "Sen hiç hili hakyky hudaýam däl, sen Dejjalam hat-da şeýtanam däl. Men seniň kimdigiňi indi tanadym. Sen Beýelzebub" diýdi-de gylyç bilen ony öldürdi. Çyndanam ol Dejjal däl eken. Eger ol Dejjal bolanda ölmezdi. Sebäbi Dejjaly Isa alaýhyssalam öldürmelidi...
Mekan şeýtanyň we Beýelzebubyň ugradan güýçli tolkunyndan çykmagy başardy. Soňra Mekan Medine şäherine geldi. Ol ýerde Mekan Isa alaýhyssalam we Mäti bilen duşuşdy.

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: bayramgylychsapargylyjov | Teg: Baýramgylyç Sapargylyjow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Mergenowna • 12:19, 16.04.2023
Bi hekaýany gowy gördüm kommentirlap berenler bolsa gowy boljak-da, beterem gowy düşünerdimda
avatar
0
2 bayramgylychsapargylyjov • 16:48, 16.04.2023
Esasy nämä düşünmediňiz? Düşümdirmäge synanşaýyn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202