Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:40
Güýz agşamy
GÜÝZ AGŞAMY



Güýz agşamy
Birden sen düşdiň ýada,
Ýapraklaň dökülşi saňa meňzedi.
Hakydamda klassika öwürülen,
Janym men ýene-de "Seni" diňledim...

Ýalňyz gijelemde gujakla meni,
Bu ruhumda tupan turuz ýene-de.
Goý, bar zady hazan ursyn,
Sen welin
meň bilen gal hiç ýerlere gitme-de!

Bir ýerlerden birden geläýjek ýaly,
Nirde sen, men saňa garaşyp ýörün?!
(Ýa özüm — alňasap agtaryp ýörkäm,
Deňiňden biperwaý etdimmi öwrüm?)

Ýürek ot-ýalyndy, sönügsäp barýar,
Wagt akar suw deýin akyp dur kalpdan.
Söýgiň gussasynda ýaşap öterin,
Çykmarsyň ýatdan!

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 276 | Mowzugy paýlaşan: bayramgylychsapargylyjov | Teg: Baýramgylyç Sapargylyjow | Рейтинг: 4.1/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 09:40, 07.06.2024
Sesleriň sazlaşygy, ritmi, garaz, ýaňlanyşy gowy eken welin, poeziýany poeziýa edýän aksessuarlar ýetenok.
Owadan klişeler gaty kän - ýalňyz gije, ruhy tupan, ot-ýalyn ýürek, wagtyň suwa deňelmegi, söýgi gussasy....
avatar
0
2 Ak-sary • 11:11, 07.06.2024
Wagtyñ suw ýaly akmasy,lenç!
avatar
0
3 Ak-sary • 11:23, 07.06.2024
Goşgy başlanynda onuñ birden ýadyna düşendigindi aýdýar.birden ýadyña düşendigini aýtmagam eýýäm onuñ ýatdan az salym bolsa-da çykandygyny mälim etmek.goşgynyñ soñundada cykmarsyñ yatdan diyyar...ylalaşamok ))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203