12:55 Gulmyrat | |
Çagalykdan kitap bilen bagry badaşan, kitap gujaklap, kitap ýassanyp ulalan Gulmyradyň bir aýby arzuwçyllygydy. Ony hossarlarynyň igenip, lellimlikde, emelsizlikde aýyplamalarynyň bar sebäbem, şol arzuwçyllygy. Ýöne häzir beý diýseň, kim ynanar?! «Arzuwçyllygynyň ýaltalygyna näme dahyly barmyş?» diýerler, «Arzuw edibersin, kim oňa «arzuw etme» diýýämiş. Arzuwynam etsin, işinem» diýerler. Ah, ýöne onuň arzuwlary iş edip ýörkäň edip bolýan arzuwlar däl-dä. Ol arzuwlary gaty sazlap, ýörite pursatlary peýläp, wakalarynam ýerbe-ýer ýerleşdirip etmeli. «Başly-barat, hallyň-sallyň arzuwlary edip, soňam ondan hasyla garaşmak, her zadyny islän wagtyň gazana atyp, soňam göwnejaý bişen palawa garaşan ýaly bolmazmy. Ýo-ok, öz arzuwlaryňa hormatyň bolmasa, olar dagy hem hasyl bolmaz». Bularyň hemmesi kitaphon Gulmyradyň arzuw baradaky özboluşly pelsepesi. Ine-de, Gulmyrady gözläp, gygyrýan enesiniň sesi eşdildi. Enesi görgüli indi üç ýyl bäri gözüne garasuw inip, ýörejek ýolunam ibaly saýgaranok. Emma ol şonda-da Gulmyradyň saman kepbedäki bedeleriň iň üstünde agzyna çöp gysdyryp ýatanyny bilýär. Gulmyrat bärde işden gaçyp ýatandyr öýdýär pahyrjyk. Wah, Gulmyrat işden gaçanog-a, ol bärik arzuw edäýmege rahat ýer diýip gelýär. Başga ýerde goh-galmagal kän, ünsüň bölünýär. Häzirem Gulmyrat saman kepbeden çykyp, enesiniň ýumşunyň ugruna çyksa-da, öz arzuwlarynyňam arasyny bölmejek bolar. Beýle etmek aňsadam däl, kelläň-ä başga ýerde, özüňem işlän bolup ýörmeli. Şol bolşuna Gulmyrat sürüden gelen sygryny daňaram, oňa suwam görkezer, ýöne taýyn duran tirti sygryň nowasyna guýup goýmagy welin unudar. Bu-da, nesip edenden, enesine oglana gygyrmaga nobatdaky bahana bolar. Tirti nowa Gumyradyň ejesem guýup bilerdi, ýöne olam aňyrdan ellerine ellik zat geýişdirip, ýüz-gözüni ak mata bilen saraşdyryp, uly tutum bolup geler. Sygra seretmek, sygyr sagmak onuň üçin edil operasiýa ýaly-da. Gulmyradyň ejesi paýtagtdan durmuşa çykyp gelen, özem lukman. Onuň paýtagtly gyz halyna nädip, bu çolaja oba durmuşa çykanyna haýran galýan oba aýallaryna ol «iz za lýubwi» diýip bir agyz jogap berýär. Ol aýallaram oňa gözügidijilik bilen seredýäler. Ejesine «iz za lýubwi» diýmäge bialaç mejbur eden Gulmyradyň kakasy hem gowy adam. Gulmyrat kakasyny gowy görýär. Onuň arzuwlarynda-da kakasynyň öz aýratyn ýeri bar. Gulmyrada öz arzuwlaryna beýle eserdeň bolmaga esas ýogam däl. Sebäp, onuň şeýle yhlas bilen eden arzuwlaryndan hasyl bolanlary kän. Meselem, heniz çagarakka, entek arzuw etmäge-de öwrenjeräk wagtlary onuň iki arzuwy bada-bat hasyl boldy. Bir-ä, entek bir-iki ýyldanam bolsa bolýa-la diýip, gaharjaň gyz doganynyň durmuşa çykmagy hakyndaky eden arzuwy. Beýlekisem, öýlerinde ullakan telewizoryň bolmagy. Birinji arzuwy-ha hasam köptaraply amala aşdy. Gaharjaň gyz dogany indi olardan uzakda ýaşaýan mähirli aýal dogana öwrüldi. Üstesine, Gulmyradyň arzuwynyň üsti bilen ekiz oglan ýegenjiklem boldy. Gyz doganam bütinleý özgerdi. Ol indi atasy öýlerine käwagt gelýär, özem ekizlerinden ýaňa Gulmyrada elem degenok. Ikinji arzuwynyň hasyl bolşy hasam täsin. Edarasynda beriljek sowgatlaryň arasyndan kakasyna ilki gaz plita ýazypdyrlar. Olam «aýalym begener» diýip begenipdir. Soňam nämüçindir, oňa telewizor gowşurypdyrlar, özem ulusyny. Kakasy aňk-taňk bolupmyş. Ol öýe gelip gürrüň berende, Gulmyradam haýran galdy. Arzuwy hakda aýtjagam boldy, dili diýen etmedi. Soň-soňlaram kakasy telewizorly wakany ýatlasa, sebäpkäriň özüdigiden ýaňa ýüzüni aşak salyp, bar güýji bilen ýylgyrmajak bolup oturdy. Ýöne indi Gulmyrat, ol, kellä gelen zady arzuw edip ýören çaga Gulmyrat däl. Gulmyrat indi sazlap-sazlap, soňuny gaty seljerip arzuw edýär. Şu çaka çenli eden arzuwlarynyň hasylyny derňäbem, ol bir pelsepe döretdi. Onuň pelesepesi gaty bir ýöntemem däl. Ol diýýär: «Duşmanyňa arzuw etseňem, hökman gowy zatlary arzuw etmeli. Sebäbi onuň awtory hökmünde senem boş galmarsyň. Ülüşli bolanyňa görä-de, gowy zatdan bolsaň gowy-da». *** Bilmedik, hyýaly dünýäde köp düşläninden boldumy ýa-da arassa arzuwlarynyň täsiri, Gulmyrat birgeňsi ýigit bolup ýetişdi. Aňrujy syzyp bilýän adam, Gulmyradyň öz pikirleridir arzuwlary ýaly dup-dury gözlerine siňe seretse, kalbyna nähilidir bir giňlik, kanagat aralaşýandygyny duýýardy. Gulmyrat gürlese-hä, bar onsoň, kökerilmän galjak az-azdyr. Özem, Gulmyradyň ýüreginde maşgalasyna, obadaşlaryna bolan söýgi, mähir şeýle bir gaýnap-joşýardy welin, hut hoşuňa geläýsin! Ol arassa ýürejiginden syzdyryp, päk arzuwlary besleýe-besleýe, gör, näçe adamlaryň bagtly bolşuny synlady. Özüniň şol bagta şärikdigini bilmegem onuň üçin bagtdy. Goý, beýlekiler bilmeseler, bilmesinler. Bilenlerinde-de ynajaklarmy, ynanmajaklarmy?! Esasy zat, onuň şeýledigini Gulmyrat bilýär. Ah, Gulmyrat, Gulmyrat! Ol şeýle inçe zatlary duýmagy başarsa-da, özi hakda pikirem etmedi...Enesiniň gözleriniň gaýtadan operasiýa edilip, olaryň ýene öňküsi ýaly gowy görmeklerini arzuw etdi. Hasyl! Ejesiniň özüni şäherli saýyp, sada oba aýallaryndan çekilip ýörmezligini isledi. Olam kabul. Ejesi oba aýallaryna goşulyp-garylyp gitdi. Gyz doganynyň bal ýaly süýji durmuşy bar. Kakasy ussat mugallym derejesine eýe bolup, indi etrapda, welaýatda sylagly adam. Goňşularyň ulagsyzy ulag edindi, jaýsyzy jaý. Bagty açylman oturanlar, ellerinden çekilen ýaly bolup galkynyp, gözli-başly bolup gitdiler. Onuň okan mekdebem abatlanyp, gül ýaly mekdebe öwrüldi. Ýitirenler ýitigini tapdylar. Hemmesem, oglanyň onki süňňünden syzdyrypjyk beslän arzuwlaryna jan girizip bilmeginden. Arman, ol hiç haçanam özi üçin arzuw etmedi. Özi üçin belli bir kär edinmegi, mynasyp ýar edinmegi arzuw etjegem bolmady. Ol şeýtmegi ýa hususy duýgulara gandallanmak saýdy ýa-da haýsydyr özüniň edişi ýaly, kimdir biri özi üçin arzuw edäýendir öýtdi. Wah, beýle etmäge, hany ondaky ýaly uly hem arassa ýürek?! Gulmyradyň iň bolmanda, gadryny bilselerem boljakdy. Hemme adam onuň ýaly däl-ä. Arman, olar onuň durky-düýrmegi bilen arzuwçyllyga berlip, töwerege bagt paýlap ýörenini bikärlik saýdylar. Şol «bikärligi» zerarly-da, Gulmyrat üçin guda giden hossarlary, gör, näçe gapydan kowuldy. Ahyry maňlaýyndan çykanam-a... *** Gulmyradyň nähili adamdygyňy şol gyz tanaýanda-da boljakdy. Şeýden bolsa, ol onuň göwnüne ganat dakardy-da, maşgalanyň geljegi hakda bitginli arzuwlary ýüwürtmäge iteklärdi. A ol bolsa, gele-gelmäne Gulmyradyň giň dünýäsini daraltdy goýaýdy. Bir gün Gulmyrat gelnine ýürejigini dökdi. Joşup-joşup, özüniň eden arzuwlary, olaryň hasyl bolşy hakynda aýdyp berdi. Gelni Aýjahanyň jakgyldap çykan gülki sesi welin, onuň ýüregini dyrnaçaklap gitdi. Gyýýw, öz aýdýan zadyňa özüň bir ynanýaňmy sen? Gulmyradyň gökde ganat ýaýyp ýören göwün guşy başy aýlanan ýaly pyrlanyp gaýtdy-da, onuň hut öz gapdaljygyna gondy. Bir agyz söze sülleren ýigdiň boýny buruldy. −Howwa, ynanýan. Ynanmasam aýtmazdym-a. Bir saňa aýdýan şuny. −Maňa-da aýtma, jan dogan. Bilenem özüň bol, bilmedigem. Bolduň meň başyma, arzuwy hasyl bolýan. Beýle güýçli bolýan bolsaň, belli bir işiňem başyny tutmaly ekeniň-dä. Nädip eklejek meni, şular ýaly erteki aýdypmy?! Goý, goý! Ýigdiň ýüzüne şarpyk çalynsa-da şeýle bolmazdy. Onuň gelniniň ýüzüne seredesi gemedi. Başyny alyp, bir ýerlere gidiberesi geldi. Ah, ol öz okan kitaplarynyň içine siňip bilsedi. Emma, olam bojak zat däl. Haýp, ak ýüreginiň arzuwlary bilen nijeme adamlary halas eden Gulmyradyň halasgäri ýok eken! Ol bu dünýäde ýalňyz ekeni... Gulmyradyň ot ýaly gyzgyn ýüregi sowuklady. Sowuk uran ýürek bilenem arzuw edip boljakmy, arzuw edeňde olara jan girjekmi, jansyz arzuwam hasyl bojakmy?! Özüniň nähili üýtgeşik adamdygyna akly çatmasa-da, Gulmyrat ol ýagdaýa welin gowy düşünýärdi. Şonuň üçin, ol gaýdyp arzuw etjegem bolmady. Özi, öz arzuwlary hakyndaky eden öňki pikirlerine-de şübheli garady. Hakyt, günä etdi! Ýogsa, olar ýaly päk hem çyn hakykaty, meger başga ýerden tapybam bolmazdy. Gitdigiçe, her bir zadyň täsinligini inkär edip, olary ne artyk, ne kem − duýşy ýaly däl-de, görşi ýaly kabul edip başlan Gulmyrat, ýuwaş-ýuwaş öňki adaty Gulmyrada öwrüldi. Gözleriniň nury, täsin ukybynyň kütelip gidişi ýaly küteldi, sözleriniň tagamy, arzuwlarynyň süýjüliginiň ýitişi deý ýitdi. Asyl-a, ol soň kän gürlemedem, gürleşmedem. Elmydama diýen ýaly, içini hümletdi ýördi. Edil iki jahan owarrasy-da! Duýgulary horlanyp, göwresi semrän Gulmyrat özüni tutuşlygyna hysyrdyly zähmete bagyşlady. Ekin ekdi, suw tutdy, orak ordy. Mümkin boldugyndan ýadap, özüni zordan öýe atdy. Öňki Gulmyratdan başga bir Gulmyrady ýasansoňam köşeşmedik aýalynyň iňňirdilerine hüwdülenibem uka gitdi. Tas her gije düýşünde-de samankepbede çöp çeýnäp, arzuw edip ýatan Gulmyrat bilen duşuşdy. Oňa gözi gitdi, öz häzirki durmuşyndan gürrüň berip, zeýir-zeýir zeýrendi. Ol Gulmyrat bolsa, oňa hijem ýüz bermedi. Ol her sapar onuň samankepbä girenini görenden aňyrsyna öwrülýärdi-de, haçan-da agy gatyşykly zeýrenjini goýansoň, bir agyz şeýle diýýärdi:«Başgalar owarram, ýöne sen näme üçin maňa şübhelendiň?! Men entekler kän iş etjekdim ahyry...» | |
|
Ähli teswirler: 18 | |
| |