14:49 Anna Karenina | |
«Meniň näme üçin gelýänimmi? — diýip, Wronskiý onuň gös-göni gözlerine seredip gaýtalady. — Men siz nirede bolsaňyz, şol ýerde bolmak üçin gelýärin. Men başgaça bolup bilmeýärin...» Lew Tolstoý «Anna Karenina». Ana, saňa gerek bolsa! Sorap nätjekdiň diýsene?! Erke zabt eden sözlere erediň, diýseň-diýmeseň. Ol sözleri her kim, her çag Eşidip baranok, Anna! Bolup gelşiňe çydaman, Gygyrdy parawoz, Anna... Ah, ol sözleriň howruna, Doňak gyşam eräp barýar... Bar zat gulaga öwrülip, Saňa tarap ýöräp barýar. Syrly salgym deý aňymdan Pasyrdap gelşiň, neneňsi! Öz-özüňe öz ýanyňdan Pyşyrdap gülşüň, ne geňsi?! Otly, menzil, ýolagçylar Seň üçin ýok ýaly, Anna! Tolgunýaryn... Beýle söýgiň niçik bor ykbaly, Anna?!.. ...Tolstoý bilen seň eliňde Galan zatlar romandaky. Aýt, men kimden öýkelärin, Çykmasa meň tamamdaky?! Aýgül BAÝADOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |