Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:49
Iýun aýy

Iýun aýyň ýirgimi ikisi, tomus...
Daň saz berip, inipdirin jahana.
Ejem aýdýar: «Ýatdyň ýüzüňi sowup,
Ýogsa, ynjamagňa ýokdy bahana».

Ýürekleriň gyzgynymy ol yssy,
Ýa-da mähriň howa ýaýran çagymy?!
...Sen dünýä inýänçäň ýüregim gysdy.
Hiç mazasyn bildirmedi çagalyk.

Halys ýuwaş bolup, azar bermämsoň,
Ejem barlygymam unudýan eken.
Goşulyp, garylyp oýnabermämsoň,
Meni gorky bilen ulaldýan eken.

Unji edýän eken ene ýüregi,
Bir kem ýerim bardyr öýdüp, gyýylyp.
Aslynda, ol ýalňyşmandyr diýeýin,
Öňler aýdyp bilmesem-de uýalyp.

Şol wagtlar kemdim, eje, ýalňyzdym,
Entek taýym dogulmandy sebäbi.
...Dört gün öň bäş ýaşan kiçijek gyzdym,
Men ol güni näme bilen deňäýin?!

Kalba şatlyk geldi, gussany kowup,
Bigörk jahan görke şol gün giripdi.
...Iýun aýyň ýigrimi altysy, tomus,
Bagtym bolup, sen bu dünýä inipdiň!

Iýun aýy ikimiziň aýymyz,
Biz ol aýy iki bolup bezäris.
Ol biziň ykbaldan alan paýymyz,
Biz ol aýda dünýä indik sebäbi...

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 212 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.3/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 24
avatar
0
1 Мango • 10:22, 23.06.2023
5 ýyl 4 günläp taýyňa garaşyp ýaşapsyň-da Aýgül hanym... :-)
olam seni gözläp eglendimi-kä, biraz köpräk gözläpdir.
osoň dogum günleri birleşdirip belleýäňizmi ýa iki gezek yz-yza?
***
bizki kem ýylymyz aýry, ýöne aýymyz aýny, günlerimiziň arasynda 6 gün bar. men ilki gelip, oňa garaşypdyryn.
olam 1 ýyl garaşdyryp geldi.
şondan bärem "şol aý ikimiziň aýymyz, biz ol aýy iki bolup bezeýäs".
avatar
0
2 aygull • 10:54, 23.06.2023
Aralyga gelip, 24-ne belleýäs, Mango.))
avatar
0
3 Мango • 11:01, 23.06.2023
biz-ä aýry belläýäs.
men ýöne özümkide biraz birahat bolýan, "bellemäň" diýen bolýan.
oňa-da düşünýäler. belleýäler.
kiçi-uly sowgatjygam nebsiňe hoş gelýä... :-)
ýöne özüm halamok, doglan günleri bellemegi...
hää... ölüp ýetenimiň :-) doglan gününde elmydama ýagyş ýagýar.
ýagmasa-da çisňeýär welin, bir çyg damýar asmandan.
oňa-da öwünip monça bolýar. :-)
avatar
2
4 aygull • 11:08, 23.06.2023
Biz-ä aýry zadymyz bolmasyn-la diýip, doglan günümizem bir edäýdik, Mango.Indi bileje aňryk gidibem bilsek))
Sensiz günler gelmez ýaly çemime,
Bir bak, tapan hasabymyň jemine.
Õmrümi õmrüňe demim demiňe,
Artyk däl, deň etse ýum gõzleriňi!
avatar
0
5 Medicall • 09:12, 24.06.2023
Aýgül, doglan günüñiz bilen! Ömrüñiz uzak janyñyz sag, ojagyñyz abadan, ogul-gyzlaryñyza guwanyp uzak-uzak ömür, döwran sürüñ!
avatar
0
6 Medicall • 09:18, 24.06.2023
Aýgül, goşgyny şu güne çenli görmedigim üçin ötünç soraýaryn. Başga ýerde gezip ýördüm-de, ýerleşen otelimde wi-fi - işlemekden-a geçen, mb - dan girjek bolsañam inet pes işleýär, hiç hili girip bilmedim, şu gün-a işlän bolup dur)
avatar
0
7 Мango • 11:18, 24.06.2023
onda näme, 22-si geçdi, 26-sy hem öňde, bu gün bolsa şol aralyk diýilýän gün – 24-i.
Aýgül hanymy we ýan-ýoldaşyny birleşdirilen doglan günleri bilen gutlýaryn. haýyrly, saglykly, bereketli ömür dileýärin. iki dünýäňiz abat bolsun.
avatar
0
8 aygull • 18:28, 24.06.2023
Sag bol, Nurdan. Yatlanyňa, gutlanyňa taňryýalkasyn!
avatar
0
9 aygull • 18:40, 24.06.2023
Ämin, Mango!
avatar
0
10 Sakçy • 19:04, 24.06.2023
Üstünden iki gün geçenem bolsa (,,Hiçden giç ýagşy" diýipdirler) doglan günüňiz bilen gutlaýan, Aýgül Garaýewa! ALLA jan saglykly, uzak, haýyrly, bereketli, manyly ömür bersin! Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!
avatar
0
11 Pero • 07:45, 22.06.2024
Aýgül,doglan günüñ bilen gutlaýan. Uzak hem manyly ýaşañ! Hasabyñdakylar nesibiñden çyksyn. Çagajyklaryñ bagtyna guwanyñ. Nesip bolsa olar ulalyp,adam bolsalar sizem olaryñ abraýyna begenç gözýaşlary bilen şärik boluñ!
Döredijiligiñde hem üstünlik ýar bolsun! Ylham hiiç günüñe goýmasyn! Ölmez-ýitmez eserler diýilýänlerden ýazdyrsyn! Saglykly,bagtly uzak ömür sürüñ!
avatar
0
12 Pero • 07:59, 22.06.2024
Iýunda doglan zenanlaryň bilesigelijidigini, heý, goýaýyň! Ugurtapyjylygy, sungata, döredijilige çensiz höwesi bu zenanlaryň artykmaç taraplary bolsa, olaryň kemçilikli tarapy, pikirlerini şol durşuna, söz saýlamazdan gönümellik bilen aýdyp goýberýänligidir. Olaryň pikiriçe, ýüz görmezlik dogry netije. Iýun zenanynyň aýdýanlary öz ýerinde dogry-da bolsa, bu ajaýyp gözeller käte şeýle häsiýetleri bilen başgalaryň göwünlerine degip biljekdiklerini-de unudýarlar. Iýun zenany söýgüde-de öz ornuny başga biri bilen çalşyp bolmajakdygyny subut etmegi başarýar. Bir söz bilen aýdanyňda, iýun aýynda doglan zenan edil gyzykly kitaba meňzeş şahsyýet. Onuň bilen söýgi ýa-da dostluk gatnaşyklaryny üzmän saklap bilmek bolsa, sahypalary bir-birinden täsin ýazylan şol gyzykly kitaby eliňden düşürmezden okap ýörmek diýen ýalydyr.

Aýgül,ýüz görmeýänligiñ-ä hahyky. Seni çalarak tanasamam,şo häsiýetiñi-hä bilýän.
avatar
0
13 Mekan2 • 09:54, 22.06.2024
Aýgüliňem (dööööört günläp garaşdyran) Merdanyňam doglan günleri gutly bolsun, görjekleri gowulyk bolsun! uzak we bagtly ömür dileýän!
avatar
0
14 Hyýalbent • 10:43, 22.06.2024
Ýeri gelende aýtsam Iýun aýy meniñem aýym 19 na dogulypdyryn. Aýgül gelneje Merdan aga ikiñizem doglan günüñiz bilen gutlaýan! Uzak ýaş jan saglykda wagty hoşlukda perzentlerñiziñ bagtyna guwanyp gezmegi nesip etmegni dileýän!
avatar
0
15 Medicall • 12:53, 22.06.2024
Aýgül, 24 - ine belleýän ekeniňiňiz-a bitewilikde, bizem şoňa baraýarys-da üýşirip))

onda-da "Udum-udum, ýom-ýom" diýişiň ýaly udum (sähetlik:)) edip bu gün aýratyn gutlaýan özüňi uzak, manyly, sagdyn, ylhamly ýaşa!
avatar
0
16 Medicall • 12:57, 22.06.2024
@ Hyýalbent sizem geçip giden doglan güniňiz bilen gutlaýas,  uzak ýaşaň!
avatar
0
17 aygull • 13:25, 22.06.2024
Sag boluñ hemmàñize! Toŷuñyzda gaŷtsyn!
avatar
0
18 Seýrаn • 14:24, 22.06.2024
Aýgüli bu gün bir gutlaly onda, 24-ne çagyrylýan bolsa baraýarys, barybam täzeden gutlarys. Görjegiň gowluk, galamyň ötgür bolsun!
avatar
0
19 Мango • 14:38, 22.06.2024
dowlangünçiler.
gutlag gutlag milen welin...
sizkiňize sorag weresim gelli:
soňky gutlalymyz märi bir ýyl geçdi.
inni, şol bir ýylla sizde näme üýtgeşme wolly?
akylyňyz köfellimi, görüşiňiz ýitellimi, gazanjyňyz artdymy, size täsir etjek nämeler wolly?
avatar
0
20 aygull • 14:50, 22.06.2024
Mango, sen sorama, menem aýtmaýyn...
avatar
0
21 Мango • 14:54, 22.06.2024
20-ä.
eýýämem soradym.
aýtmaly bolup gallyňyz.
avatar
0
22 Мango • 15:07, 22.06.2024
bolýa...
ýene iki günnen 24-ne milli baýramyňyzy gutlamak bahanasy wilen (emma garyn doýurmak niýeti wilen) daňmilen ýa giç agşam gapyňyzza saýtyň 183 agzasyndan 80-si geläýse... şeýleräk bolarmyka?
derrew Merdana garap:
– sen çagyrdyňmy bulary?
– ýooooo. özüň çagyran wolaýmasaň....
– dowruňy aýt, çagyrdyňmy?
– Allajan kessin, geljeklerinnen hawarym ýok...
– .....

yzy nähili dowam ederkä?
avatar
0
23 aygull • 17:04, 22.06.2024
Hop, ýagşy, Mango, gelsinler bakaly. Yzyny şonda bilerler))
avatar
0
24 Hyýalbent • 18:14, 22.06.2024
16 a sagboluñ minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202