Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:35
Habar

HABAR...

Eje, men bir dünýä düşdüm,
Dünýä diýseň, dünýä eken!
Munda müşkler ilki kükäp,
Gunçalar soň düwýän eken.

Eje, men bir kümä düşdüm,
Sähel ýele yranaýýar.
Şony gören günüm weli,
«Ol — köşk» diýsem, ynanaý-da!

Eje, men bir guýa düşdüm,
Suw guýýaryn gözlerimden...
«Çyk» diýme, çuň ol, eje jan,
Meniň ýaly döz gelerden.

Eje, men bir ýola düşdüm,
Adam ýok, ikijigimiz...
Biri-hä öz gyzyň, eje.
Birem — ogly ejesiniň.

Eje, men bir joşa düşdüm,
Begenjimden aglap, ýöne.
Eje, men bir oda düşdüm,
Ýanýan...
Tenim abat ýöne!

© Aýgül BAÝADOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Aygul | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
2
1 Saryýew • 22:36, 23.04.2023
Eje, men bir oda düşdüm,
Ýanýan...
Tenim abat ýöne!

Goşgy okyjynyň kalbyny hem ýakyp barýan ýaly. Özem ol ot - suw bilen söndürip bolmaýan, höre-köşe edip bolmaýan ot...
avatar
1
2 Мango • 07:18, 24.04.2023
Eje, men bir ýola düşdüm,
Adam ýok, ikijigimiz...
Biri-hä öz gyzyň, eje.
Birem — ogly ejesiniň.

Ejesiniň gyzynyň we ejesiniň oglunyň ýoly ak bolsun.
Gowja kaýyllyk goşgusy.
Ýeke guýuly ýere düşünmejek boldum: “Eje, men bir guýa düşdüm, Suw guýýaryn gözlerimden...”.
Berekella Aýgül hanym.
avatar
0
3 Bagabat • 09:57, 24.04.2023
.
avatar
0
4 Aygul • 14:30, 24.04.2023
Arzuwyňyzam hasyl bolsa...
avatar
1
5 Pero • 16:54, 24.04.2023
Like+like+like=LOVE
Her gezek okamda,tikenejik emele gelýä:)
Bagt şeýle zat-da. Emma mydama saklap bolanok-myhman ol. Aram-aram görünip gidýä. Belki diñe durnuksyz duýguly şahslarda şeýle bolýandyr. Kä wagt-a bir kebelejigem bagt,käte-de bütin barlyk hiç zat.
avatar
1
6 Saryýew • 19:27, 24.04.2023
Bagabat agamyzyň gül çemenleri köpräk ýalymy?! Ýa göwnümemikä?!))
avatar
0
7 lirika • 15:48, 25.04.2023
,,Ol-kösk" diýsem, ynanaý-da -birhili öz käbäñ aýdan her bir sözleriñe ynanmaýan ýaly duýulýarmy?!

Ikijigimiz-ejesiniñ rifmalasmaýan ýaly...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202