15:33 Menem satsam boljak eken | |
MENEM SATSAM BOLJAK EKEN Bu nä beýle täsin düýş-kä, Köçäň ugry doly adam, Birisi akyl satyp ýör, Ýene biri bulgar-badam. Alyjydan satyjy köp, Eden söwdaň nagt ýaly, Sorag etdim söwdagärden, Agam satlyk bagt barmy. Ýylgyrdy ol, maňa garap, Her dürli bar haýsy gerek?, Ynsaplysy, wepalysy, Beýlekisi batyr ýürek. Baha näçe, oňşuklymy, Onsaň näden ynsaplysy?, Açygy bar ýapygy bar, Maňa geregi gaplysy. Gözden gaýyp boldy birden, Düýşe erk edip bolýamy, Gyzyklydy maňa ýene, Bärde nämeleň bolýany. Köçäň ugry doly adam, Bazar göçüp gelen ýaly, Alňasaýar satyjylar, Käşgä gaçyp gelen ýaly. Men-menligi satýar biri, Satylyp dur adamkärlik, Alyjy az iki ýeke, Satyjylar edýär känlik. Geň däl eken utanmasaň, Gorkaklyk satyp dur şir-em Menem satsam boljak eken, Artyk umytlarmyň birin... Çeşmesi: https://dostluk.ru/mowzuk.php?id=12224. 30.03.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |