Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:12
Ses

SES

Isleg öçdi, kelle göçdi
Göwün rahat däl, hemaýat
gözleýäň, dözýäň özüňe.
Emma düşünmez jemagat,
Süňňüň sowuk, göwnüň döwük,
Gözüňde bulut jemlenen.
Wyždan nirde, ygrar nirde?
Ony götermez çem gelen,
Çen bilen çarçuwa salyp,
Seň keşbiňi döretdiler
Ol senmi nä,
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤsenmi nä ol?
Giň dünýäňi daraltdylar.
Ýar etdiler hiç diýmejek
Sözleriňi saňa garşy.
Sen şol pursat niredediň,
Ýa-da titretdiňmi arşy?!
Garşy bu zatlara garşy
Bolduňmy ýüregni ýakan?
Adam özün düşündirer,
Söz bilen derdini döker.
Çeker ýüki ýüreginde,
Şolmy ýa ömrüň özeni?
Seni dünýäde ýaşadar,
Hemem söz öldürer seni.

© Gülnar GELDIMYRADOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 128 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Gülnar Geldimyradowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 sussupessimist • 11:01, 03.02.2024
Goşgyny saýtda goýýançam dowamam ýazylyp, adyna deňeç üýtgän eken... Täzeledim.
avatar
0
2 Mekan2 • 12:45, 03.02.2024
"şahyry" bilen bir hörpräkde ken. manysy.
avatar
0
3 Mekan2 • 12:47, 03.02.2024
@ses aga okap, özüne çekip durmaz-da hernä.
avatar
0
4 Мango • 13:46, 03.02.2024
sözüň söňuny başyna baglan bolan bolşuny hap-haladym...

Ony götermez çem gelen,
Çen bilen
çarçuwa salyp,

Giň dünýäňi daraltdylar.
Ýar etdiler
hiç diýmejek
Sözleriňi saňa garşy.

Ýa-da titretdiňmi arşy?!
Garşy
bu zatlara garşy
Bolduňmy ýüregni ýakan?

---
Seni dünýäde ýaşadar,
Hemem söz öldürer seni.

ses barada dälmi?
towukmy ýa ýumurtga ilki - diýlişi ýaly ses ilkimi söz ilki?

---
Çen bilen çarçuwa salyp,
Seň keşbiňi döretdiler
Ol senmi nä,
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤsenmi nä ol?

häp-berekella.
5 lik.
avatar
0
5 Seýrаn • 20:02, 03.02.2024
Maňa Ses aga diýýän köpelipdir. Özüme çekmedim. Goşgy erbet däl eken.
avatar
0
6 Küle • 22:40, 03.02.2024
Gülnardan köpden bäri täze goşgy okamadygymamy, güýçli täsir etdi.
avatar
0
7 Pero • 09:54, 28.02.2024
Nokat ýok goşguda.
Erbet däl.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203