Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:36
Talybyň ýandepderçesinden

TALYBYŇ ÝANDEPDERÇESINDEN

Umyt. Ol her pursat Güneşe meňzär. Ýolumyzy ýagtyldar.
Äden her ädimiňde yzyňa öwrülip seretseňem, ýagtylygy görersiň,
ýylgyrarsyň. Emma onuň Günden ýekeje tapawudy bar, ol hem ýaşmaýar.

Şeýle bir adamlar bar. Olar göwnüňe ganat dakmagam başarýarlar.

Käte öň hiç gabatlaşmadyk, hatda tanamaýan adamlarym bilen
gürleşip göresim gelýär. Maňa näme gürrüň bererkäler?

Teatr. Konsert. Atageldi Garýagdyýew.
Gözlerini berk ýumup, duýgularyna berlip
oturan gyzjagaz.

Belki, biziň köpimizi ýylgyryş mähriban
görkezýändir?!

Adamyň bedeninden öňürti ruhy güýçli
bolmaly.

Basan ädimlerimiziň netijesinde nokat goýjak eserimiz ýazylýar.

Ýüregiň göterip bilmedik ýüklerinem kagyz göterýär.

Ýanyp durkaň, ýazyp sowap bolýar diňe.

Dertleriň dermany hiç bir zada aşa üns bermezlikmikä?

Ýagtylyga ýöremek bilen ýaşaýşy tapyp bolýar.

Pikirler dürli, emma olaryň syrlysy hem bar.

Göwnümize degenler söýýänlerimizden has köp ýer alýan ýaly kalbymyzda.
Bu, dogrudanam, şeýlemikä?

Adam unudanlaryny diňe ýalňyz galanynda ýatlaýarmyka?

Içimizdäki kiçijek: «Suratlandyr» diýselerem, suratlandyryp bilmejek
umytlarymyz, gör, bizi nirelere alyp gidýär.

Öňümdäki kagyzlar bir seredemde ak, bir seretsem, çyzym-çyzym,
birde bolsa gysymyň şatysyna çydamy ýetmän togalanyp ýatyr.

Hakydamyz käte ýatlasymyz gelmeýän zatlarymyzy ýadymyza salmaga şeýle bir ukyply.

Gözümi ýumýan, niredigini özümem bilmeýän ýerime syýahat edýärin.

Gije kime ýagtylyk, kime bolsa garaňkylyk getirer.

Aglasy gelýän bulutlaryň göwnüne degseň, aglap içini boşatsalar.

Ýürek ýüzugra edilen bellikler bilenem boşap bilýär.

Görgüliniň görgi baryny görmegine diňe beýlekilerden tapawutly
pikirlenip bilýänligi sebäp boldy.

Çaga bolsaň, sähel zada yrsarap aglasaň. Näziňi çekseler...

Çagalygyma dolanmak isleýärin. Geliň goşulsaňyz!

© Gül­nar GEL­DI­MY­RA­DO­WA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­listika fakultetiniñ talyby

"Nesil" 11.02.2023ý
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 91 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gülnar Geldimyradowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203