Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:14
Gülnar Geldimyradowadan

AKTÝOR

Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar.
Kerlik höküm sürýär.
Eşidenok hiç kim.
Ol saz ýüregiňi howsala salýar,
Eden hataň üçin ahmyra giç deý.
Görýänleriň düýş deý, säher oýansaň,
Ýada salyp bilmejek deý hamala
Hemem tala daňylypdyr tamaňam.
Kim saňa düşünsin?
Ýylgyranyňa
ýürekden gülýänsiň öýdýär özgeler.
Ynanasyň gelmän görýänleriňe,
Gözleriň ömürlik ýumasyň geler.
Emma başarmarsyň sen bir sähne deý.
Diňe öz roluňy oýnanyňdan soň
Çykýaň sahnadan.

07.09.2021ý.

* * *

SAZANDA

(Okuw jaýymyzy tämizleýji Gülälek gelnejä)

Men suratkeş bolsam, ilkinji bilen
Çekerdim seniň keşbiňi.
Sübse bilen saz çalyşyň çekerdim,
Tozanlaryň seň güýjüňe çydaman
Asman sary el bulaýşyn çekerdim.
Bagyndan ýekirlen ýapraklaryň hem
Üýtgeşik tans oýnaýşyna haýran men.
Emma olar seň guralyň güýjünden
Sypyp, hiç bir ýana aýrylyp bilmez.
Biz welin, gözli kör — görmedik bolýas.
Asyl tämizligiň nusgasy bolup
Ýaşap ýörsüň sen!

11.09.2021ý.

© Gülnar GELDIMYRADOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 143 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Gülnar Geldimyradowa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 10:43, 10.08.2023
iki goşguda-da sazly ýerlerini haladym...

Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar.
Kerlik höküm sürýär.
Eşidenok hiç kim...

***
...Sübse bilen saz çalyşyň çekerdim...

üstünlikler!
avatar
1
2 Medicall • 18:57, 10.08.2023
Gülnar gowy ýazýar, ýetireniñize sagboluñ!
avatar
0
3 Seýrаn • 09:55, 11.08.2023
Aktýorçylyk entek şygyrýetiň sahnasyndan düşjek däl öýdýän. Tropiki miwe lakamly agza sazly ýerini oňat tutupdyr.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203