Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:33
Utanç

UTANÇ


Baglar öz baglygyna utandy,
Daglar öz daglygyna utandy,
Utandy asman öz asmanlygyna.
Utandy Zemin öz Zeminligine.
Munça utanç birleşdi-de bir ýere,
Adamyň syryny paş etdi dünýä.
Dünýäniň derdine aldanyp bilýän
Adam ,
Ýaşady utanman bagdan,
Ýaşady utanman dagdan.

© Gülnar Geldimyradowa
Bölümler: Goşgular | Görülen: 136 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Gülnar Geldimyradowa | Рейтинг: 4.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
1
1 Мango • 14:25, 14.05.2024
Gülnar bu utanjy sanap başlaýar welin "munça utanç birleşip" ulalyp-ulalyp äpet bolup ýeri-gögi tutup howuňy basyp barýan ýaly duýdurdy.

utanç - öz kemiň, ýetmeziň sebäpli, ýa wezipäňi ýerine ýetirmezlik sebäpli, ýa etmesiz iş edip ile aýan bolunmagy sebäpli.... döräp biler.
bu baglar, daglar, asman we zemin nämeden utanmaly boldularka?
syry paş bolan Adama bakmakdan utandylarmyka? Adamyň adamlykdan daşlaşanyna utandylarmyka? 
Adam pahyr ýaşabam ýör "bagdan utanman, dagdan utanman".

biziň masgaralygymyza bag şaýat, dag şaýat...

bu zatlary duýup utanjak boldumaý, çalaja...
sag bol Gülnar hanym.
avatar
0
2 Mekan2 • 15:54, 14.05.2024
diýýäler-ä: ogry utanmaz, üstüne gelen utanar.
adam utananok, tebigat utanýa diýýändir-dä şahyr hanym.

ýöne daglaň-daşlaň howpurgan amanatyny adam boýun alypdyram-a diýýäler.
avatar
0
3 hanturebs • 20:31, 14.05.2024
Awtor birhili "Ýaşap ýöreniňize namys ediň, dünýäniň aladasyna başagaý bolýanyňyza, hözürini görýäniňize utanyň, beýdip masgara bolup ýörendenä çaltyrak ölüp dynyň" diýen ýaly bolupdyr. ))
avatar
1
4 Medicall • 21:36, 14.05.2024
Gülnar bir zatlar-a diýip bilipdir öz-a.
Birhili iki many çykarsa boljak bolupbaty goşgy özünden: baglar, daglar, asman, zemin bary adamy görüp adam bolup ýaradylmadygyndan bagdygyndan, dagdygyndan... )utandy. Adam adamdygyndan utanmady. ( beýgelip ýaşady)

Goşgydan çykmaly netije şeýle bolmaly: adamzadyñ edenlerinden diñe adam utanmaly, emma beýleki ýaradylanlar utanmaly däl, ýöne bar zat utandy adamyñ haýasyzlygyndan, wagşylygyndan ýene adam utanmady.

Aslynda Gülnaryñ "adam padoş bolup ýaşady..." diýjek bolany düşüniklem welin,
(goşgudaky - lygyndan goşulma manyny üytgedip dur. Olar gayta adam bolup ýaradylmadygyna gynanýan daglygyna, baglygyna gynanýan ýaly duýulýar okañda.
Dogry many berer ýaly: (daglar, baglar... diyip alynsa näderdika hä?
avatar
0
5 Aýgül_Garaýewa • 23:35, 14.05.2024
Şeýdip, utanç birleşdi-de bir ýere,
Adamyň aýbyny paş etdi dünýä...

diýerdim men bolsam. Syr bolanda başga many berýär.
avatar
0
6 Aýgül_Garaýewa • 23:36, 14.05.2024
Asyl-a, men beýle çuň goşgy ýazybam bilmezdim, dogrusy. 
Munuň üçin utanýan, elbetde.
avatar
0
7 Pero • 00:23, 15.05.2024
Hawwa...hawwa,hawwa...beh,hakyt hawwaý bii...dogry...utanjymdan diýere zat tapamok men-ä,beh...
avatar
0
8 Seýrаn • 09:11, 15.05.2024
Adamdan başgalar utandy diýsegem boljak. Şu goşga ýene birki söz artyk, gep owadanlamak bolardy.
avatar
0
9 Aýgül_Garaýewa • 12:17, 15.05.2024
Adam hakyky Adam bolanda utanmak gerek däl. Gülnar jan "adam Adam derejesine ýetmese-de, utanman ýaşap ýör, geliň, utanalyň, çyn Adam boljak bolalyň" diýýämikä? Beý diýsem, dag-dag ýerinde, kak položeno, şonda-da utanyp otyr, bagam şeýle.
Düşünesim geldi. Şu gün, nesip bolsa, jaňlaşyp biljek bolaryn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202