Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:42
Kirpiniň partadaş tutunyşy

BIRINJI GÜN: Kirpijik
Towşan bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Towşanjyk tarsa turdy:

Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

IKINJI GÜN: Kirpijik
Torsuk bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni
Torsuk hem tarsa turdy:

Başga parta geçjek men!
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

ÜÇÜNJI GÜN: Kirpijik
Tilki bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Tilki hem tarsa turdy:

Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

DÖRDÜNJI GÜN: Kirpijik
Tawus bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Tawus hem tarsa turdy:

Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

BÄŞINJI GÜN: Kirpijik
Şagal bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Şagal hem tarsa turdy:

Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

ALTYNJY GÜN: Kirpijik
Pyşdyl bilen oturdy.
Pyşdyl başgalar ýaly
Ne "Wäk!" diýdi,
Ne turdy.

Tikenleri kirpiniň
Kär etmedi pyşdyla.
Begendiler hemmeler:
Partadaşlar duşdy-la!!!

© Hemra ŞIROW
Bölümler: Çagalar edebiyaty | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Lacrymosa • 21:21, 11.01.2024
Şuloň oňatjo suwrotlorom ma wölün, nämüçünnür açywerenýok. men-ä şoňodo gynanyp ýön
avatar
0
2 Мango • 01:10, 12.01.2024
çagalara okap berämäge gowja zat.
"...oturdy / Tutaga-da böwrüni / ...tarsa turdy" - diýip gaýtalanýanja ýerem çagalar bilen gaýtalapjyk okamaga gowwoljak. böwenjikdäki sanawaç ýaly gowja прием.
avatar
-2
3 Мango • 01:12, 12.01.2024
osoňam ÝEDINJI GÜN nämeler wolup geşdikä?
şolam gyzykly, bilippolsa...
avatar
-1
4 Lacrymosa • 09:23, 12.01.2024
Her Ýedinji gün bolşy ýaly, şo Ýedinji günem ýowar bolupdyr, Mango daýy. Bu surat hem pyşdyl bilen kirpijigiň şol ýowarda düşen suratlary. ,,Halys tokaý bolup gitdi" dp Tokaýy arassalapdyrlar
avatar
0
5 Мango • 10:01, 12.01.2024
""Halys tokaý bolup gitdi" dp Tokaýy arassalapdyrlar".
tokaýy nämeden arassalapdyrlar agaçlardanmy ýa haýwanlardan.
ýöne entegem ýapraklaň reňki ýaşyl, ýogsam...
avatar
0
6 Lacrymosa • 10:23, 12.01.2024
tokaýy nämeden arassalapdyrlar agaçlardanmy ýa haýwanlardan. Ony Ýowarçylardan soraň. Hakykat-a ony adamlardan arassalaýandyrlar. piknik edýän kişi bolup taşlap gaýdan plasmassa gaplaryndan, polietilen paketlerinden, umuman adam musorlaryndan arassalaýandyrlar, görgülijikler.

Tokaýa-da arassalyk, timar gerek, ýogsa olam ýabanylaşyp, jeňňel bolup gider. Jeňňelde bolsa betnyşan haýwanlar bolýar, ýekegapan diýen ýaly kirli hapysa.
Ýekegapan bolsa çagajyklara çilim çekmäni öwredýä

ine, şoň üçin ýowar bolýa. çilimden arassalaýalar tokaýy...
düşdüňmi, miwe!
avatar
0
7 Mekan2 • 10:31, 12.01.2024
pyşdylyň kirpi dilemmasy bolmaýan bolmaly da.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202